Türkmenabatly kosmonawt dünýä rekordyny täzeledi

7 Iýun 2024
362

Türkmenabat şäherinde dünýä inip, şu şäherde önüp-ösen we orta bilim alan kosmonawt, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Oleg Kononenko orbital uçuşlarda geçiren umumy wagty boýunça kosmonawtlaryň taryhynda täze rekord goýdy: ol kosmosda 1000 gün boldy.

Oleg Kononenko häzirki wagtda Halkara kosmos bekedinde bolup, bäşinji uçuşyny amala aşyrýar. Bu uçuş 2024-nji ýylyň 23-nji sentýabryna çenli dowam etdiriler. Şol wagta çenli onuň açyk älemde bolan döwri 1110 gije-gündize deň bolar.

Beýleki habarlar