Ýaşlaryň bagtyýarlygy Watanymyzyň buýsanjydyr
Il saglygy bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek baş ugurlaryň hataryndadyr. Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn uly üns berýär. Bu babatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan hem nusga alarlyk işler alnyp barylýar. Bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, lukmançylygyň häzirkizaman gazananlary esasynda bejergi işleriniň geçirilmegi ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, ösüp gelýän ýaş nesliň milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenilmegine gönükdirilen taýsyz tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr. Biz edara-kärhanalarda bolanymyzda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş hünärmenleriň hak-hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň üpjün edilişi barada wagyz-ündew çärelerini guramak bilen birlikde ýaş nesil üçin amatly durmuş, ýaşaýyş, zähmet we dynç alyş şertlerini döretmek, maşgala abadançylygyny goramak hakyndaky düzgünleri düşündirýäris. Halkymyzyň saglygy, çagalaryň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň berkararlygy barada