Türkmenbaşy etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi bilen bilelikde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünleri barada wagyz-ündew çäresini geçirdik. Onuň dowamynda çagalara interaktiw enjam arkaly ýol hereketiniň düzgünleri barada wideoşekiller görkezildi. Şeýle-de ýol belgileriniň we ýolyşyklaryň hereketiň sazlaşygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti barada sorag-jogap alşyldy. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygy, bu babatda ýol hereketine gatnaşýanlaryň her biriniň şahsy jogapkärçiligini duýmalydygy nygtaldy.
Wagyz-ündew çäresinde ýurdumyzyň abadan, asuda bolmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, çagalaryň bagtyýar ösüp-ulalmaklary hakda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.