Beýik başlangyçlar dünýäni özgerder
Her gezek dünýäniň ünsüni özüne çekýän möhüm duşuşyklar hakda söz açylanda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda beýan eden «Dünýäniň merkezi» hakyndaky ýazgylary dessine ýadyma düşýär: «Gadymy Ink imperiýasynda, Talmud kitabynda we başga-da köp sanly gadymy eserlerde «Ýer togalagynyň merkezi» hakdaky düşünjelere orun berilýär. Şol ýerlere arşy-agladan ýagtylykdyr nuruň ýa-da dünýäni ýagtyltjak pikirdir taglymatlaryň inýändigi, şol ýerde bolup geçýän wakalaryň dünýäniň ykbalyna täsir edýändigi hakynda aýdylýar. ...Sebäbi Türkmenistana arşy-agladan nuruň ýagandygyna, dünýäni ýagtyltjak pikirdir taglymatlaryň bolsa beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň dilinden inderilendigine, ýurdumyzda bolup geçýän wakalaryň bolsa dünýäniň ykbaly bilen dahyllydygyna, oňa diňe oňyn tarapdan täsir edýändigine tüýs ýürekden ynanýaryn». Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur many-mazmunly bu sözleri ýaňy-ýakynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda hem has äşgär duýuldy. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygy, Merkezi Aziýa — Ýaponiýa dialogynyň işewürlik maslahaty, şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn geçirilen duşuşyklar Türkmenistanyň dünýäniň üns merkezindedigini ýene bir gezek subut etdi. Hemişelik Bit