Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzdaky Sport ulag merkezine bardy

12 Awgust 2024
109

12-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy.

Gahryman Arkadagymyz säher bilen irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Hormatly Arkadagymyz bu ýerde ýaş türgenler üçin döredilen şertler, merkeziň ygtyýarynda bar bolan sport ulaglarynyň görnüşleri we olaryň tehniki aýratynlyklary bilen gyzyklandy.

«Watan».
Beýleki habarlar