"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Äpet jandarlar

Läheň akulasy

Guşlar dünýäsinden

Dünýä boýunça iň ýokary beýiklikde uçýan guş afrika dazzarkelidir. Bu guşuň uçuşynyň aňrybaş derejesi 12150 metr beýiklikde hasaba alyndy. * * *

Janly tebigatyň täsin dünýäsine syýahat

Gojaman Köpetdagyň tebigatynyň geň-enaýy ýerleri sanardan kän. Asyrlaryň baky şaýady bolan belent dagy etekläp oturan, sergin howaly Janly tebigatyň milli muzeýiniň özboluşlylygy-da çagalaryň gyzyklanmalar dünýäsine täzelikleri eçilse, ulularyň wagtyny hoş geçirip, gözellikden lezzet almaklaryna mümkinçilik berýär. Biz bu göwün açýan täsin künjege gezelenç edip, Ýer togalagynyň haýwanat dünýäsine çalymdaş mesgen bilen okyjylary-da tanyşdyrmagy makul bildik.

Guşlar sähraň bezegi

Ümmülmez Garagum sährasy ösümlik, haýwanat dünýäsine baý bolşy ýaly, guşlar dünýäsine hem örän baý. Şol guşlaryň arasynda ýyrtyjy guşlar has tapawutlanýarlar. Bu guşlar ösümliklere zyýan beriji, gemriji ownuk jandarlar bilen iýmitlenýärler. Şol bir wagtyň özünde olar tebigatyň arassalaýjylary hem hasaplanylýar. Şeýle guşlaryň biri hem ylmy dilde «buteo rufinus» diýlip atlandyrylýan depe syçançy guşudyr. Depe syçançy reňki hem-de göwresiniň ululygy boýunça adaty syçançydan tapawutlanýar. Bu guşlar diňe açyk we garamtyl reňkleri boýunça gabat gelýär. Açyk reňkli guşlaryň reňki açyk goňur, guýrugynyň üsti çypar we guýrugy açyk-çypar reňkli. Guşlaryň garamtyl boýaglary goýy-goňur reňkli, ganatlary we guýrugy kese zolakly bolup, olar ýygy-ýygydan gaýyp, aýlanyp, kän ýokary galman uçýarlar, sütünlere, tümmeklere gonmagy halaýarlar. Bu guşuň uzynlygy 50 – 60 santimetre, agramy 1 – 1,5 kilograma ýetýär.

Täsin deňiz jandary

Narwal – täsin deňiz jandary hasaplanyp, oňa başgaça ýeke şahly deňiz jandary hem diýilýär. Bu jandar süýdemdirijiler maşgalasynyň narwal atly ýeke-täk urugynyň wekilidir. Onuň ady islandiýa dilinden gelip çykyp, «nar» – «kül reňk», «wal» – «kit» diýmegi aňladýar. Bedeniniň uzynlygy 3,8 – 4,5 metr, täze doglan narwal çagasynyň uzynlygy 1 – 1,5 metr, erkekleri 2 – 3 tonna, urkaçylary 900 kilogram töweregi bolýar. Kellesi togalak, ýöne maňlaýy öňe çykyp durýar. Olaryň iki sany depe dişi bolýar. Erkek narwalyň çepe towlanan spiral şekilli gyýak dişleriniň agramy 10 kilogram, uzynlygy 2 – 3 metre deň bolýar. Urkaçylarynda bular ýaly dişler örän seýrek bolýar.

Iň gymmatly pişik

Adamzat asyrlaryň dowamynda tebigatdan yzygiderli peýdalanyp, onuň önümlerini öz islegine görä üýtgedip gelipdir. Seçgiçilik ylmynyň ösmegi netijesinde janly bedenleriň iň gowy görnüşlerini we tohumlaryny döretmegi başarypdyr. Sawanna pişiginiň döredilmegi seçgiçilikde hünärmenler tarapyndan gazanylan oňyn netijeleriň biri hasaplanylýar. Sawanna pişigi owadan we mylaýym häsiýetli öý pişigini almak maksady bilen ýabany afrikan serwal pişiginiň we öý pişiginiň (bengal pişigi) özara çaknyşdyrylmagy netijesinde döredilýär. Bu pişigiň süýnmek bedeni iri bolup, onuň boýy 60 santimetre, agramy 15 kilograma çenli ýetýär. Penjeleri uzyn, boýny uzalan görnüşlidir. Bedeniniň garamtyl tegmilli, goňur we altynsow reňkli tüý örtügi gür ýerleşendir. Pişikleriň beýleki tohumlaryna garanda, sawanna pişiginiň aňlaýyş ukyby has ösendir. Berk bedeni owadan bolup, alajagaplaňy ýada salýar. Sawanna pişiginiň aýaklary uzyn, gözleri iri we tegelekdir.

Her jandarda bir ukyp bar

Teneçiriň alty aýagy bar, emma ýöräp bilmeýär. Ol iň çalt uçýan mör-möjek hasaplanýar. Teneçir çar tarapyna: öňe, yza, saga, çepe uçup bilýär. Onuň tizligi sagatda 57 kilometre ýetýär.

Gunduzlar

Gunduzlar kert kenarly we dykyz suwotuly haýal akýan howdanlarda we köllerde ýaşaýan süýdemdiriji haýwanlardyr. Gunduzlaryň dünýäde 8 görnüşi bolup, Türkmenistanda şolardan diňe bir görnüşi — Merkezi Aziýa gunduzy gabat gelýär. Ýurdumyzyň käbir ýerinde bu jandara «segaby» hem diýilýär. Olaryň göwresi orta ululykda bolup, bedeni ýasydan süýnmek, kellesi ýasy, gulaklary tegelegräk we gysga bolýar. Guýrugynyň düýbi ýognas we ujuna tarap inçelip gidýär. Erkek gunduzyň agramy 9,5 kilogram töweregi bolup, bedeniniň uzynlygy 55 — 81 santimetre barabardyr. Urkaçysynyň agramy 6,5 kilogram töweregi bolup, bedeniniň uzynlygy 55 — 68 santimetre çenlidir. Penjelerindäki ýüzüş perdesiniň kömegi bilen kürekläp, suwuň aşagynda çalt hereket edip, ownuk balyklary tutup bilýärler.

Janly tebigatyň gözelligi

Towuk şekillileriň içinde iň çalt ylgaýany sülgündir. Ol diňe bir açyk meýdanda däl, eýsem, gür otlukda, tokaýlyklarda-da gowy ylgaýar. Sülgün gijesine ýerde, jeňňelligiň ortasynda ýa-da belent agaçlaryň şahalarynda ýatýar. Tomsuň yssy günlerini olar, köplenç, suwly ýaplaryň boýunda biten jeňňellikleriň, gamyşlyklaryň kölegesinde geçirýärler we gün öýleden agandan soň iýmitlenmäge çykýarlar. Sülgün örän köpelgiçdir. Ol her gezekde 7—18, köplenç, 8—14 ýumurtgany basyp çykarýar. Aprel-maý aýlarynda köpelýär. 21—23 gün diýende, ýumurtgadan jüýjeler çykýarlar. Jüýjeler perleri biraz gurandan soň, özbaşdak hereket edip we iýmitlenip başlaýarlar. Eýýäm 50 günden soň olar uçmaga ukyply bolýarlar. Ekinlere zyýan beriji mör-möjekleri ýok etmekde sülgünleriň peýdasy uludyr.

Tebigatyň täsin guşlary

Ýurdumyzyň günbatar künjegi öz tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar, bir tarapy belent daglar, beýleki tarapy Hazar deňzi we çöllükler bilen gurşalyp, owadan gözellige eýedir. Günbatar Türkmenistanda haýwanlaryň, guşlaryň ençeme görnüşi duş gelýär. Baýguş şekilliler otrýadyna degişli guşlar dünýäniň köp ýerlerine ýaýrandyrlar. Olaryň köpüsi oturymly ýaşaýarlar. Bu guşlar towşanlar, kirpiler, ördekler, syçan şekilli gemrijiler, maýda serçe şekilli guşlar bilen iýmitlenýärler. Dünýäde olaryň 133 görnüşi, Türkmenistanda bolsa 9 görnüşi duşýar. Olar sykylykçy hüwüjik, melemtil sary hüwüjik, ak hüwi, baýguş, otagaly hüwi, batga hüwüsi we beýlekilerdir.

Guşlar — tebigatyň bezegi

Garlawaç Halk arasynda tanalýan guşlaryň biri-de serçeşekilliler toparyna degişli garlawaçdyr. Mart-aprel aýlarynda, ýagny baglara jan girip ýapraklanda garlawaçlar biziň ýurdumyza höwürtgelemäge uçup gelýärler. Adatça, garlawaç geçen ýyldaky guran höwürtgesine gelýär we ony täzeden dikeldýär. Eger höwürtge ýykylan bolsa, onda täzesini gurýar. Höwürtge gurmaly ýerini birnäçe gün öňünden öwrenýär. Höwürtge gurmak üçin saýlanýan ýeriň esasy şertiniň biri — garlawajyň girip-çykmagy üçin girelgäniň gije-gündiz açyk bolmagydyr. Garlawaç höwürtge gurmak üçin toýun toprakdan palçyk, owunjak gury ot-çöpleri ulanýar. Içine ownuk ýumşak ot, ýelek we ýüň düşeýär. Höwürtgä, adatça, 4 — 6 ýumurtga goýýar. Ýumurtgany 13 — 15 gün basýar, jüýjesini iýmitlendirmegi 19 — 22 gün höwürtgede we 1-1,5 hepde höwürtgeden uçandan soň dowam edýär.

Haýwanlaryň durmuşyndan

Amur gaplaňy — pişikler maşgalasynyň demirgazyk wekilidir. Ol Russiýanyň günorta-gündogarynda gabat gelýär. Bu gaplaňyň 5 santimetr galyňlykdaky ýagly hem-de gür tüýli derisi ony aýazly howada örän oňat goraýar. Onuň bedeniniň uzynlygy guýrugy bilen bile alnanda 3,8 metre ýetýär. Amur gaplaňy jynsyna görä 160 — 280 kilograma çenli agramlykda bolýar. Ol halkara Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň biridir. * * *

Sähra pyşdyly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň owadan, gözel, baý tebigatyny ylmy esasda öwrenmäge we goramaga giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň 80% meýdanyny tutýan Garagum sähramyzyň ösümlikdir haýwanat dünýäsiniň täsinligi her bir göreni haýrana goýýar. Sähra pyşdyly — pyşdyllar toparynyň, guryýer pyşdyllary maşgalasynyň wekilidir. Sähra pyşdylynyň tegelenen gorag çanagynyň üstki bölegi karapaks, aşaky bölegi bolsa plastron diýlip atlandyrylýar. Karapaksyň sarymtyl-çalymtyl reňki bolup, sazlaşyp siňip giden owadan, keşde şekilli gara tegmilleri bolýar.

Çürçüri – Garagumuň oturymly guşy

Ata-babalarymyz birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşap gelipdirler.Ýylyň dowamynda yzly-yzyna tirkeşip gelýän, pasyllaryň her bir aýynyň günlerinde, ongünlüklerinde bolup geçýän tebigat hadysalaryny synçylyk bilen durmuş eleginden geçirip, jikme-jik öwrenip, baý milli edim-gylymlary döredipdirler. Her bir maşgala ojagynda ösüp gelýän ýaş nesilleri zähmetsöýüjilik, tebigatsöýüjilik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge aýratyn ähmiýet beripdirler. Hemişe öz çagalaryna, agtyklaryna, çowluklaryna tebigatyň janly-jansyz ajaýyp gözelliklerini rejeli peýdalanmaga, olary gorap saklamaga hem-de onuň baýlaşmagyna ýardam etmegi ündäpdirler. Şeýle hem gaýtalanmajak türkmen tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň görnüşlerini ýaşaýan ýerine mahsus aýratynlygy bilen owadan atlandyrypdyrlar. Ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baý bolan Garagum sährasynda ýaýran guşlar hem özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýarlar. Guşlar dünýäsiniň gargalar maşgalasyna degişli bolan çürçüri Garagum sährasynyň oturymly guşudyr. Türkmen halkymyz, aýratyn hem gum obalarynyň ýaşaýjylary bu çöl guşuny çürçüri diýip, mynasyp atlandyrypdyrlar. Bu at bolsa guşuň «çür-çür» edýän sesinden ugur alnyp goýlan atdyr.

Türk­me­niň uçar ga­na­ty

Türk­men hal­ky şöh­rat­ly ta­ry­hy­myz­da mil­li gym­mat­lyk­la­ry dö­re­dip­dir, te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly ýa­şap, aja­ýyp be­dew­le­ri se­ýis­läp­dir. Us­sat se­ýis­ler be­dew at­la­ryň gö­zel, ýyn­dam, yn­san gy­lyk­ly bol­ma­gy üçin ideg edip­dir­ler. Şeý­le hem be­dew­le­ri dür­li gör­nüş­li be­zeg şaý­la­ry, at es­bap­la­ry bi­len be­zäp­dir­ler. Hut şeý­le be­zeg şaý­la­ry­nyň özi hem be­dew at­la­ra bo­lan buý­san­jyň aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Ök­de zer­gär­le­riň elin­den çy­kan, al­tyn ça­ýy­lan at es­bap­la­ry be­dew­le­riň gö­zel­li­gi bi­len saz­la­şyp, aja­ýyp öwüş­gin ber­ýär. Be­zeg şaý­la­ry ýa­sa­lan­da, köp­lenç al­tyn-kü­müş­den peý­da­la­ny­lyp­dyr we onuň dur­nuk­ly­ly­gy­na aý­ra­tyn üns ber­lip­dir. Şaý-sep­ler bi­len be­ze­len be­dew­le­ri­miz has owa­dan, sy­rat­ly gö­rün­ýär. Ba­şy uýan­ly, boý­ny ala­ga­ýyş­ly, kük­re­gi­ne gö­wüs­bent da­ky­lan at­dan gö­zü­ňi­zi aý­ryp bil­mer­si­ňiz. Gö­zel­li­gi, ýyn­dam­ly­gy gö­re­ni haý­ran gal­dyr­ýan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň hem­me­si­niň di­ýen ýa­ly bo­ýun­la­ry­nyň öl­çe­gi­niň deň­räk bo­lan­dy­gy se­bäp­li, bir ata ni­ýet­le­nen ala­ga­ýyş beý­le­ki at­la­ra-da bo­lup­dyr. Ala­ga­ýyş ýü­zi na­gyş­la­nan ga­ýyş es­bap bo­lup, atyň boý­nu­na dak­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir.

«Elguşumy awa salsam...»

Halkymyzyň gadymy däpleri, ýörelgeleri esasynda elguşlar ýetişdirilip gelinýär. Elguşly aw awlamak gadymy ýörelgeleriň biridir. Gahryman Arkadagymyz: «El guşlary bilen aw etmek aýratyn meşhurlyga eýe bolupdyr. Olary eldekileşdirmek we aw öwretmek uly ussatlygy talap edipdir. Başarjaň awçylar ýabany guşy tutanlaryndan soň, olary 10-15 günüň içinde aw etmäge taýýarlamagy başarypdyrlar» diýip nygtaýar. Türkmeniň elguşly aw awlamak usuly umumadamzadyň aw däpleriniň kämil görnüşleriniň biridir. BMG-niň geçiren barlaglarynyň maglumatlary boýunça Türkmenistan awuň şu görnüşiniň gadymdan bäri hereket edýän dünýäniň dört sany merkeziniň biridir.

Tebigatyň täsin jandary

Daň ýaňy tilkiguýruk boluberende, biz Owadandepeden aşyp, Garaguma aralaşdyk. Ulagymyzyň ýiti çyrasy baharyň bulutly gijesiniň tümüni parran dilip barýardy. Çyranyň ýagtysyna tilkidir şagallar, käte keýikler göze kaklyşyp, ýanyp duran otjagaz ýaly ýyldyraşyp görünýärdi. Ulagymyzyň radiosyndan bolsa: «Gökde güneş gülüp bakdy, iller diýdi: — bahar geldi,//Bagda bilbil nagma kakdy, diller diýdi: — bahar geldi» diýen äheňde, ýakymly saza goşulyp, bir gyzjagazyň şirin owazy ýaňlanýardy. Şo barmana, ulagymyzyň çyrasynyň şöhlesine ýoluň gatnawly böleginde bir gara tokgaja jandaryň ýola çykyp, käte gyra sowulýandygy gözümize kaklyşdy. Onuň müçesi kiçiräk-de bolsa, özi dyp-dykyzjady. Sürüjimiz derhal ulagyň tizligini peseldip, oňa golaý gelip saklandy. Görüp otursak, bir ene kirpi howsala düşüp, çagalaryny ýoldan çete çykarmagyň aladasyna ulaşan eken. Çyranyň şöhlesine gözi gamaşan çaga kirpijikler ýygrylyp ýatan ýerlerinden gozganarly däldi. Enesi görgüli bolsa aljyraňňy halda, olaryň daşynda hozanaga dönüpdi. Bu ahwala haýpy gelen sürüjimiz: «Ýok, bu janawarlary beýdip iki oduň arasynda taşlamak naýynsaplyk bolar» diýip, ulagdan düşdi-de, başyndaky tahýasyny çykaryp, ilki ene kirpini, soňra-da çagalaryny onuň içine saldy. Dessine-de olary usullyk bilen göterip, maýsalap oturan ýaşyl otlaryň arasyna goýberdi. Bu jandar hakynda bir zatlar ýazaýmak ozalam hakydamda ýok däl

Täsin guş

Ýedi-sekiz ýyl mundan öň ýaşyl öwüsýän, gyzyl çüňkli, halkaly totuguşlaryň iki sanysy daşary ýurtdan getirilip, paýtagtymyzdaky seýilgähe goýberilipdi. Häzirki wagtda olar köpelip, glediçiýa diýen agaçlaryň köweklerinde ýaşaýarlar. Ilkinji gezek geçen ýylda nar agajyna gonanda bu guşy surata düşüripdim. Ýaňy-ýakynda gazetiň fotohabarçysy hökmünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkeziljek oýnuň suratlaryny almaga barýarkam rus şahyry A.S.Puşkiniň heýkeliniň golaýynda tebigatymyza gözellik goşýan bu guşuň sesini eşitdim. Men çalasynlyk bilen ony surata aldym.

Ýarganatlar

Ýarganatlaryň 1 müňe golaý görnüşi bar. Bu jandarlaryň hemmesi howada uçmaga ýöriteleşendir. Olar Ýer togalagynda Arktikadan we Antraktidadan başga ähli ýerde giňden ýaýrandyr. Ýarganatlar gijelerine aw awlaýarlar. Olar uçan wagty tomzaklary, kebelekleri, siňekleri, çybynlary, çirkeýleri awlaýarlar. Ýarganatlaryň görüş ukyby oňat ösmedik. Emma olar tüm garaňkylykda hem oňat ugur tapýarlar. Bu haýwanlar uçýan wagty özünden ýokary ýygylygy bolan özboluşly sesi yzygiderli çykarýarlar. Şol ses päsgelçilikler tarapyndan yzyna gaýtarylýar we ýarganatlar uly gulaklarynyň kömegi bilen sesiň tolkunlaryny tutýarlar. Yzyna serpikdirilen ses tolkunlarynyň alamaty boýunça ýarganatlar islendik zada çenli aralygy kesgitläp bilýärler. Hut şu sebäpli-de ýarganatlar islendik päsgelçilikden sowlup bilýärler. Türkmenistanyň çäginde ýarganatlaryň 21 görnüşi duş gelýär. Olar ýurdumyzyň daglarynda, çöllerinde we medeni ýerlerinde ýaýrandyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna ýurdumyzyň çägine ýaýran ýarganatlaryň 8 görnüşiniň atlary ýazyldy. Şol görnüşlere kiçi nalburun, blaziusyň nalburny, günorta nalburny, Şaubiniň gijeçisi, üçreňkli gijeçi, çypar agşamçysy, adaty uzynganatly ýarganat, ýassygulakly ýygyrtdodak degişlidir. Olardan welaýatymyzyň çäginde duş gelýänleri şu aşakdaky görnüşlerdir. Üçreňkli gijeçi

Jandarlar dünýäsiniň täsinlikleri

Krokodiller dilini çykaryp bilmeýärler. * * *