Suw suguny

2 Awgust 2023
1888

Tebigatyň täsin jandarlarynyň biri-de suw suguny bolup, onuň esasy aýratynlygy şahynyň ýoklugydyr. Onuň suwuň köp ýerlerinde ýaşamagy şeýle atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr.

Bu sugunyň bedeniniň uzynlygy 1 metre çenli, beýikligi 45 — 55 santimetr, agramy 10 — 15 kilogram töweregi bolýar. Onuň erkeginiň ýokarky gyýak dişleri agzyndan daşary çykyp durýar. Reňki, köplenç, gyzylymtyl-goňrumtyldyr. Tomus aýlarynda bedeniniň tüýi gysga, gyş döwründe has ösgün bolýar.

Beýleki habarlar