"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Saýgak

Dünýäniň dürli ýerlerinde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda gabat gelýän saýgak tebigatyň ýyndam jandarlarynyň biridir. Ol sagatda segsen kilometr tizlikde ylgap bilýär. Şonda saýgak 10 kilometr aralygy ýadamazdan geçmegi başarýar. Bu haýwanyň agramy otuz kilograma çenli bolup, erkegi biraz ulurakdyr. Ol pasyllara görä öz tüýüni, reňkini özgerdýär. Ýagny saýgagyň tomsuna sarymtyl-mele, inçe, gyşyna sarymtyl ak, ýogyn tüýleri bolýar. Onuň düýäniňkä çalymdaş uly gözleri, ujy tegelenip duran gulaklary bar. Saýgagyň diňe erkeginde şah bolup, ol mum reňklidir we tegelek, ýogyn halkalardan düzülendir.

Haýwanlar hem aýdym aýdýarlarmyka?

Siz tebigatda diňe bir guşlaryň aýdym aýdyp, nagma kakman, eýsem, beýleki suw jandarlarynyň hem aýdym aýdyp bilýändigini bilýärmisiňiz? Şeýle jandarlara kitler degişlidir. Kitleriň sesleri adamlaryň aýdym aýdyşlaryna meňzemän hem duranok. Tebigatda dişli we dişsiz kitler bar. Dişsiz kitler köpeliş döwründe üýtgeşik, aýdyma meňzeş sesleri çykarýarlar. Dişli kitleriň we delfinleriň sesleri dişsiz kitlere garanda, pes ýygylykdadyr.

Edermenligiň ajaýyp nusgasy

Türkmen alabaýynyň batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk ýaly häsiýet-sypatlaryny öz duýgulary, hereketleri arkaly, özüni alyp barşy bilen örän anyk, dürs aňladýandygyny bu gün bütin dünýä bilýär. Milletiň öz bolşuny milli gymmatlyklaryna şeýle dürs geçirip bilşi bolsa, çuňňur oýlanyp otursaň, hakykatdan hem, dünýäni aňk ediji, juda haýran galdyryjy ahwalatdyr. Şeýle ahwalaty biz milli gymmatlyklarymyzyň ählisinde — bedewimizde, halymyzda, kilimimizde, saryja goýnumyzda, dutarymyzdan, gyjagymyzdan syzylyp çykýan mukamlarymyzda hem görýäris, duýýarys. Dünýä alymlary alabaýlaryň iň gowy tohumynyň hut Türkmenistandadygyny ykrar edýärler. Bu milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Milli Liderimiziň bitiren hyzmatlarynyň ähmiýeti bütin geljegimize uzap gidýär. Bu türkmen alabaýy babatynda hem şeýledir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby ata-babalarymyzyň ýaşaýşynda özboluşly orny eýelän alabaý itlerine degişli bilimleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Bu kitapda Gündogaryň beýik danasy Jelaletdin Rumynyň pars dilinde ýazylan «Mesnewi» diwanynda: «Baraýsaň sen tötänden gapysyndan türkmeniň, işiginde itiniň ýatanyny görersiň» diýen setirler getirilýär. Gahryman Arkadagymyz alabaýyň aňrysynyň juda gadymdan gelýändigini dürli maglumatlaryň üsti bilen beýan edýär. Köne Nusaý ýadygärliginden 1949-njy ýylda ýüze çykarylan şabadalaryň erňegine çekilen tä

Annageldiniň şir penjeli itleri

Annageldi ýaşlykdan alabaý itlerine höwrükdi. Onuňam özüne ýetesi sebäbi bardy. Kakasy Rozy aga Garagum çölünde dowar bakýardy. Ol ogluny okuwdan boş wagtlary çöle ýanyna gezelenje alyp giderdi. Tebigatyň gözelligi, çöl haýwanlarynyň üýtgeşikligi Annageldini haýran galdyrýardy. Aýratyn-da alabaý itleri ünsüni özüne çekýärdi. Çopanyň alabaý itleriniň özlerini alyp baryşlary, hereketleri, gylyk-häsiýetleri, sürini del haýwanlardan goraýşy Annageldi üçin täsinlikdi, üýtgeşikdi. Bir günem kakasy oňa:

Öýüň goragçysy, halkyň guwanjy

Türkmen itleriniň ukyp-başarnyklary müňýyllyklaryň dowamynda has kämilleşipdir. Geçmişde alabaýlaryň eýelerine wepaly bolup, her hili howp-hatarlardan gorandygy, jeňlere gatnaşyp görkezen batyrlyklary barada gyzykly maglumatlar juda köp duş gelýär. Alabaý itleriniň örän gadymy döwürlerden bäri dürli maksatlar üçin ösdürilip ýetişdirilendigini, olaryň has gadymdan ynsanyň aýrylmaz ýoldaşy bolup gelýändigini ýurdumyzyň çägindäki arheologiýa ýadygärliklerinde duş gelýän tapyndylar hem subut edýär. Gadymy Jeýtun obasyndan biziň eýýamymyzdan öňki I müňýyllyga degişli itiň ystyhany ýüze çykarylýar. Onuň ägirt uly kellesi türkmenleriň ata-babalarynyň şol döwürde äpet itlere eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Gadymy ýadygärliklerde itleriň heýkeljikleri hem köp tapylýar. Olarda itleriň gulak-guýruklarynyň gysgaldylandygy mesaňa görünýär. Bu däp biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Hun türkmenleri gözi açylmadyk güjükleri eneleriniň emdirmeginden aýryp, olary öz elleri bilen iýmitlendiripdirler. Ulalan it özüniň ekleýjisini ýatda saklap, oňa wepaly hyzmat edipdir. Harby maksatlar üçin taýýarlanylýan itleri hem şeýle usullarda terbiýeläpdirler.

Soňky sütün

Çopanlar alabaýyň bir garna bolan güjüklerden diňe olaryň nesilbaşylaryna meňzeşlerini hem-de enesiniň bir ýerden başga ýere geçirende ilki göterenini saýlap alýarlar. Şeýle-de biraz ulalansoň, olary güýç synagyna salyp görýärler. Eger-de, saýlap almakçy bolýan alabaýy garşydaşynyň guýrugyna ýa-da aýaklaryna agyz ursa, ony gorkak, kellesine, bokurdagyna ýapyşsa, batyrgaý häsiýetli görüp, şony-da çopan goşunda galdyrýarlar. * * *

Çar-çar eder çarlaklar

Owadan hem şowhunly guşlaryň biride çarlaklardyr. Olaryň dünýäde 46 görnüşi bolup, şolaryň 9-sy ýurdumyzda duş gelýär. Biziň goraghanamyzyň çäklerindäki adalarda mesgen tutan çarlaklaryň çüňki ala çarlaklaryňkydan birneme kiçiräk, ýöne oňa derek olaryň reňki agrak, özlerem has gaharjaň bolup, adalara ýyrtyjy guş aralaşdygy hökman şonuň üstüne gazaply hüjüm edýärler. Olar topar bolup ýaşaýarlar. Toparlaýyn ýaşaýşynda rahatlyk ýok, ylaýtada ýumurtgalardan jüýje çykýan wagtlary. Çarlaklar höwürtgäni çägeli burunlarda, adalarda, dag gaýalarynda, seýrek ýagdaýlarda agaçlarda gurýarlar. Guşlaryň horazlary hem mäkiýanlary kürk bolup oturýarlar. Jüýjeleri ýumurtgadan sütük ýelekli çykýarlar, olar endamy gurandan soň, howp abananda ylgap gaçýarlar. Çarlaklar jüýjelerini bilelikde iýmitlendirýärler. Gezekligezegine jüýjelerine owunjak balyklary getirip berýärler. Olar, esasan, mörmöjekler, balyklar, maýda süýrenijiler we gemrijiler bilen iýmitlenýärler.    

«Dury gözli durnalar»

Türkmenleriň arasynda guşlar bilen baglanyşykly ýaýran ruhy we durmuş ýörelgeleri her birimiz üçin gyzykly bolsa gerek. Guşlara yzygiderli gözegçiligiň netijesinde halk paýhasynyň goýry gönezliginde olar barada giň düşünjeler jemlenipdir. Olaryň ýaşaýyş şertleri, köpelişi, häsiýetleri barada ençeme gyzykly rowaýatlar, ertekiler, tymsallar, nakyllar, atalar sözleri döräpdir. Halk döredijiligi eserleriniň ähli görnüşlerinde guşlary goramak, olara ýardam etmek meselesi örboýuna galýar. Türkmenleriň guşlar babatynda gyzykly däplerinde, ynançlarynda durnalar aýratyn orun eýeleýär. Türkmen halk döredijiliginiň eserlerinde durnalar adalatlylygyň, hoşgylawlylygyň alamaty hökmünde suratlandyrylýar. Durnalar Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan guş däldir. Olar ötegçi, wagtlaýyn ýaşaýan, düşläp geçýän guşlara degişlidir. Howa sowap ugranda, durnalar gyşlamak üçin günorta tarap geçýärler. Il arasynda: «Gaz geçse, gapyňy aç, durna geçse, duluňy ýap» diýen nakyl howanyň ýagdaýyny duýdurýan aýtgy bolup, giňden ýaýrapdyr. Türkmen awçylary durnanyň etinde ownuk süňkleriň köpdügi sebäpli ony awlamandyrlar. Il içinde durnanyň etini iýmek hem oňlanmandyr.

Kindiwanja kebelekler

Ýer ýüzünde kebelekleriň münlerçe görnüşi bellidir. Olaryň bedenleriniň ululygy hem dürli-dürlüdir. Biziň ýurdumyzda hem kebelekleriň ýüzlerçe görnüşi duş gelýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşirine kebelekleriň 11 görnüşi girizilendir. Olaryň ençeme görnüşine Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda duş gelmek bolýar. Ýurdumyzda duş gelýän kindiwanja kebelekleriň biri-de perwanadyr. Onuň ululygy, takmynan, siňek ýalydyr. Ençeme şahyrlaryň eserlerinde bu kebelejigiň ady söýgi bilen tutulýar. Onuň ýaşaýyş ekologiýasyna köp adamlar beletdirler. Gijelerine ot ýakyp, çaý gaýnadýan ýa-da nahar bişirýän adamlar oňa köp duş gelýärler. Perwana ýakylýan oduň ýagtysyna gelip, onuň daşyndan aýlanyp başlaýar. ªeýlelikde, ol oduň daşyndan aýlanyp ýörşüne, oňa has ýakynlaşýar hem-de oduň ýalnyna ýanyp köýýär. Adamlaryň käbirleriniň bu jandarlara rehimi gelip, olary elleri bilen otdan daşrak kowjak bolýarlar. Emma şonda-da olar oduň ýalnyna özlerini urýarlar.

Alajabars

Haýwanat dünýäsiniň özboluşly wekilleriniň biri hem alajabarsdyr. Ol pişikler maşgalasyna degişlidir. Ýurdumyzda alajabarsy awlamak gadagandyr. Ol Türkmenistanyň Bathyz, Köpetdag we Sünt-Hasardag döwlet goraghanalarynda goralýar. Sumbar we Çendir derýalarynyň boýlarynda, dag gerişlerinde we depelerinde, ýokarky belentliklerde alajabarsa duş gelmek bolýar. Olar gaýalaryň, depeleriň arasyndaky pesliklerde ýaşaýarlar. Alajabars ýaşaýan ýerini aňsat üýtgetmeýär, diňe ýaş barslar ulalansoň, ýaşamak üçin täze ýerleriň gözlegine çykýarlar. Alajabarsyň bedeniniň uzynlygy 130-180 santimetre, agramy 32-60 kilograma çenlidir. Erkekleri has iridir, tüýleri gysga hem dykyzdyr. Ene alajabars  nesil öndürmek üçin kert gaýalary, barmasy kyn bolan dereleri, gowaklary, toýnaklylaryň köp ýerini saýlaýar. Şol ýerde süreniň bardygy duýulmaýar, onuň ýanynda iýmit galyndylary bolmaýar. Çagalary ulalyşansoň, ene alajabars öz penalanýan ýerini yzygiderli çalşyp durýar.

Atýalman

Haýwanat dünýäsinde süýdemdiriji jandarlaryň gemrijiler topary özlerinde 44 görnüşi jemleýär. Bobrinskiniň atýalmany hem urugda ýeke-täk görnüşdir. Garagum çölüniň endemigi bolan bu jandarlara ýurdumyzda üç ýerde: demirgazyk-günbatarda gadymy Uzboýuň aňyrsynda — Türkmenbaşy etrabynyň Gökdere obasyndan günortada Uzboýuň aşaky akymyna çenli aralykda, Amyderýanyň Sarygamşa akan gadymky ugrunda, Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň şorluk hem takyrlyk ýerlerinde gabat gelmek bolýar. Bäş barmakly atýalmanlar maşgalasyna degişli bu gemriji jandarlar ýurdumyzdan gaýry Özbegistanyň çöllüklerinde hem ýaşaýarlar. Bedeniniň uzynlygy 11 santimetrden 13 santimetre çenli bolan atýalmanlar toýunsow, ownuk daşly toýunsow takyrlyklarda, bölekleýin syrap gelen çägeli we selçeň şoraly düzlüklerde ýaşaýarlar. Olaryň yzky aýaklarynyň uzynlygy 6 santimetre çenli, arkasy goňurrak, sarymtyl-gülgün öwüşginli açyk sary, bokurdagy, döşi we garny ak reňkli bolýar. Bu jandarlar hereket edip, gysga aralyga bökenlerinde, yzky aýaklaryny hemişe deň goýýarlar. Olaryň bedeninden 1,5 essä golaý uzyn guýrugynyň ujundaky küle reňkli gotazjyk çala bildirýär.

Durnam, toýnuk...

Durnalar näme üçin toýnuk gurap uçýarka?! Bu barada her hili pikirdir çaklamalar bar. Şolaryň içinde serkerde durna howanyň päsgelçiligini aýryp, beýleki yzdaky durnalara uçmaga ýeňillik döredýär diýlen çaklama-da bar. Durnalaryň toýnuk gurap uçmagy, megerem, Watan bilen bagly bolsa gerek. Haçan-da, howa maýlanda, durnalar ýurdumyza gelip başlaýarlar. Şu ýerde gaty täsin bir ýagdaýy aýdyp geçeliň.

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Türkmen tebigaty özüniň özboluşly gözelligi, ajaýyp haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýar. Halkymyzda asyrlarboýy ene topraga, tebigata söýgi bilen çemeleşilip, ony goramak ýörelgeleri nesillerden nesillere geçirilip gelnipdir. Tebigata bolan söýgi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň, medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Daşky gurşawy goramak, tebigatdan we onuň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, biodürlüligi gorap saklamak, şeýle-de onuň görnüşlerini köpeltmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda her ýyl ýaz we güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag ekmek dabarasynda dürli agaçlar ekilýär. Ata-babalarymyzdan gelýän bu asylly ýörelge netijesinde ýurdumyz bagy-bossanlyga beslenip, mähriban Diýarymyzyň çägindäki tokaý zolaklary artýar. Bu bolsa haýwanat we ösümlik dünýäsiniň has-da baýamagyna getirýär. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duş gelýän we ýitip barýan görnüşler hem bardyr.

Köpetdagyň etegindäki täsin künjek

Aşgabat şäherindäki Janly tebigatyň milli muzeýine baranyňda, haýwanat dünýäsi bilen ýakyndan tanşyp, olar barada täsirli maglumatlary öwrenip, özboluşly dünýä düşýärsiň. Şonuň üçin hem, bu künjege yzygider gezelenç etmäge gelýänleriň sany juda köp. Bu täsin muzeý 2010-njy ýylda gojaman Köpetdagyň täsin künjeginde açylyp ulanylmaga berildi. Muzeýiň gündogar böleginde Afrika sawannasy hem-de ýyrtyjylar, onuň günbatar böleginde toýnaklylar we guşlar bar. Mesgeni Gündogar Afrika bolan haýwanlaryň birnäçe görnüşini hem bu ýerde haýran galyjylyk bilen synlamak bolýar. Güneşli Diýarymyzyň daglarynda, sähralarynda, suwlarynda we tokaýlarynda mesgen tutan janly-jandarlaryň birnäçe görnüşleri bu ýere aýratyn görk goşýar.

Suw suguny

Tebigatyň täsin jandarlarynyň biri-de suw suguny bolup, onuň esasy aýratynlygy şahynyň ýoklugydyr. Onuň suwuň köp ýerlerinde ýaşamagy şeýle atlandyrylmagyna sebäp bolupdyr. Bu sugunyň bedeniniň uzynlygy 1 metre çenli, beýikligi 45 — 55 santimetr, agramy 10 — 15 kilogram töweregi bolýar. Onuň erkeginiň ýokarky gyýak dişleri agzyndan daşary çykyp durýar. Reňki, köplenç, gyzylymtyl-goňrumtyldyr. Tomus aýlarynda bedeniniň tüýi gysga, gyş döwründe has ösgün bolýar.

Biler bolsaňyz...

Takgaz, bekre balyklary

Ýurdumyzyň derýalarynda, howdanlarynda we köllerinde balyklaryň 126-a golaý görnüşi ýaşaýar. Ihtiologlaryň maglumatlaryna görä, Hazaryň türkmen böleginde balyklaryň 61 görnüşi duş gelýär. Olaryň aglabasy bekreleriň, kefallaryň, azatmahylaryň, karplaryň, takgazlaryň we beýleki gymmat bahaly balyklaryň maşgalasyna degişlidir. Wolga takgazy gymmatly senagat görnüşi bolup, Hazar deňziniň hemme ýerinde duşýar we türkmen suwlarynda göçýän wagty gabat gelýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen bu balyk gyşyna deňizde 12-25 metr çuňlukda gezip iýmitlenýär, ýazyna işbil taşlamazdan öňürti toplum--toplum bolup üýşýär. Ýaşaýyş dowamlylygy 6-7 ýyldyr. Derýalarda köpelip, işbillerini  bölekleýin, üç gezek taşlaýar. Liçinkalary az wagtlap derýada ýaşaýar, 4-6 santimetre ýetenlerinden soň deňze geçýär. Wolga takgazy leňňeçşekilliler, mör-möjekleriň liçinkalary we owunjak balyklar bilen iýmitlenýär.

Seýrek duşýan täsin guş

Tebigatyň janly gözellikleriniň biri bolan soltantowuklar ir döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Durnaşekilliler toparynyň suw towuklary maşgalasyna degişli bolan bu guşlar sakarbarakdan biraz ulurak bolup, olaryň öý towuklaryna çalym edýän görnüşi hem bar. Aýaklary uzyn, barmaklarynyň arasy ýüzgüç perdesiz bolsa-da, soltantowuk suwda ýüzmegi, çümmegi hem başarýar. Howp abananda çalt uçsa-da, uzaga gidip bilmeýär. Ýerden göterilip, onlarça metr uçanyndan soň gonup ýene-de bukulýar. Soltantowuklar köplenç oturymly, kämahal oturymly-göçýän guş hasap edilýär. Olar hemişe bukuda ýaşaýarlar. Şonuň üçinem olara tebigatda sataşmak aňsat däl. Ýurdumyzda bu guşlara Hazar deňziniň hem-de Garagum çölüniň pesliklerindäki zeý we syzyndy suwdan emele gelen kölleriň kenarýakalaryndaky gamyşlyklarda duş gelmek mümkindir. Şeýle hem Tejen, Murgap, Amyderýa jülgelerine aralaşýarlar hem-de şol ýerlerdäki suw aýtymlarynyň kenarlaryndaky gamyş jeňňelliklerinde ýaşaýarlar. Jübüt bolup, jeňňelliklerdäki gamyş, ýeken üýşmeklerinde höwürtgeleýärler. Höwürtge gurmaga, ýumurtga basmaga horazy hem-de mäkiýany — ikisi-de işjeň gatnaşýar. Olaryň köpeliş döwri aprelden iýun aýyna çenli dowam edýär. Höwürtgelerinde 3-6, käte 9 sany goňur menekli, çyparrak ýumurtgalary goýýarlar. 22-25 günden soň ýumurtgadan çykan jüýjelerini gezekli-gezegine iýmitlendirýärler. Olar, esasan, suw ösümlikleriniň

Garagurt hem hinçi möýler barada

Dünýäde möýleriň 27 müňden gowrak görnüşi mälimdir. Möýleriň iýmit siňdiriş synalary suwuk iýmiti özleşdirmeklige ukyplydyr. Tutan awynyň bedenine goýberýän zäheri olara iýmit siňdirmäge ýardam edýär. Şol zäheriň kömegi bilen erän jandary möýe diňe ýuwudaýmak galýar. Möýler sowuk howa şertli ýerlerde hem ýaşamaga ukyplydyrlar. Möýleriň içinde iň howplusy garagurtdur. Ol çöllüklerde we ýarym çöllüklerde ýaşaýar. Garagurduň has howplusy urkaçysydyr. Onuň zäheriniň güýji iň güýçli zäherli diýip hasap edilýän ýylandan hem 15 esse ýokarydyr. Ol gara reňkli bolup, diňe arka tarapynda 1-2 sany gyzyl- -mämişi ýa-da sarymtyl çyzyklar ýerleşýär. Erkegi ak tegmiller bilen örtülendir we olaryň merkezinde açyk gyzyl tegmiljikler bardyr. Olar, esasan, ýowşanly çöllüklerde, ýaplaryň we derýalaryň kenarýakalarynda köpelýärler. Ösümlikleriň arasynda kerepden ýasalan höwürtgeleri, gemriji haýwanlaryň hinlerini, çygly ýerleri köpelmek üçin peýdalanýarlar.

Gözelligiň goragynda

Ýurdumyzda ýitip ýok bolmak howpy abanýan haýwanlary goramak, olaryň sanyny köpeltmek boýunça uly tagallalar edilýär. Döwlete dahylly edara-guramalar bilen birlikde halkara guramalaryň wekilleri hem bu möhüm işe işjeň gatnaşýarlar. Bu babatda Merkezi Aziýa ekologik baglanyşyklylyk başlangyjy (CEECI) guramasy bilen bilelikdäki hyzmatdaşlyk hem oňyn netijelerini berýär. Geçirilen işleriň netijesinde ýurdumyzda örän seýrek duşýan haýwanlaryň käbir görnüşleriniň sanynyň artýandygy bellige alyndy. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň günbatar sebitlerinde alajabarslaryň dokuzysynyň, şol sanda, ene alajabarsyň we onuň ýaş çagalarynyň ikisiniň alnan suratlary şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda örän seýrek duşýan köwügiň ― dag pişiginiň hem suraty alyndy. Uly Balkanyň günortasynda we Günbatar Köpetdagda bolsa gulanlaryň az sanly toparlarynyň peýda bolandygy bellige alyndy. Suratgapanlar arkaly alnan suratlar tebigaty goraýjylara ýitip ýok bolup barýan haýwanlaryň, ösümlikleriň görnüşleriniň anyk ýagdaýyna baha bermäge, olary gorap saklamagyň meýilnamalaryny işläp düzmäge mümkinçilik berýär. Maksatnamalaýyn işleriň göwnejaý alnyp barylmagy netijesinde türkmen tebigaty barha baýlaşýar. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz türkmen tebigatynyň hak howandarlarydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we Daşky gurşawy goramak ministr