"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Soýanyň ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy

Geçen hepdäniň şenbe güni uniwersitetimizde soýa ösümligini ýurdumyzyň şertlerinde ösdürip ýetişdirmek barada alymlaryň, uniwersitetiň tejribeli mugallymlarynyň hem-de oba hojalyk ugrundan işleýän telekeçi önüm öndürijileriň gatnaşmagynda giňişleýin maslahat geçirildi. Maslahatyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, daşary ýurt önümleriniň ýerini tutýan önümleriň sanyny we görnüşini artdyrmagyň hasabyna ykdysady ösüşi gazanmakdan, oba hojalygy bilen telekeçiligi has-da utgaşdyrmakdan, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdan ybarat bolup durýar. Soýa ykdysady taýdan peýdaly ekin bolup, biziň gurak howa şertlerimizde onuň her gektaryndan ortaça 3,5 – 4,0 tonna däne öndürip bolýar. Soýanyň aralyk ekin hökmünde ekilip, tejribe geçirilmegi netijesinde topragyň gurplulyk derejesini ýokarlandyrýan iýmit maddalary bilen baýlaşmagyna oňyn täsir edýändigi hem-de onuň yzyna ekilen bugdaýyň her gektaryndan ortaça 2 – 3 sentner bugdaý hasylyny artyk alyp bolýandygy anyklanyldy.

Tehnikalar ýaz ekişine taýýar edildi

Şu günler Köneürgenç etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň agzybir işçi hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem belent maksatlary nazarlap, iş depginlerini barha batlandyrýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalar, olaryň tirkeg gurallaryny abatlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň dürli kysymly tehnikalarynyň sürümde 63-siniň, ekişde 38-siniň, bejergide 45-siniň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bu tehnikalaryň ählisi degişli hünärmenleriň gözegçiliginden geçirilip, zerur bolan tehniki hyzmatlar görkezilip, möwsüme taýýar edildi. Şeýle hem Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda daýhan birleşiklere degişli bolan tirkeg gurallary abatlanyp, olara kebşirleýji, ýonujy, abatlaýjy ussalar tarapyndan zerur bolan bejergi işleri talabalaýyk geçirildi. Şonuň netijesinde boronalaryň 752, malalaryň 101, ekijileriň 57-si, dökün berijileriň 27-si, dökün pürküjileriň 36-sy, hatarara bejerijileriň 159-sy doly abatlanyldy. Gurallary abatlamakda Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tejribeli ussalaryndan Myrat Saparbaýew, Sapargeldi Togalakow, Gafur Abdullaýew, Abat Jumatow dagyny görkezmek bolar. Öz işine ezber bu ussalaryň her biri özlerine berkidilen işleri ýokary hil derejesinde berjaý etdiler. Munuň özi öňde duran iň jogapkärli möwsüm bolan ýaz ekişini gysga wagtda geçirmäge özüniň oňyn täsirini ý

Ösümlikleri goramakda halky usullar

Häzirki döwürde ekerançylyga zyýan berýän köpsanly zyýankeşlere garşy, esasan, himiki şeýle hem biologiki serişdeler ulanylýar. Halkymyzyň daýhançylyk tejribesine üns berseň, baglara, bakja ekinlerine düşýän şirejä, alma, ýorunja gurçugyna, üzümiň poslama, bugdaýyň aklama kesellerine garşy dürli tebigy serişdelerden peýdalanylandygyny görmek bolýar. Halk tejribesinde zyýankeşlere garşy ulanylan usullaryň hem uly ähmiýeti bar. Gowaça çöpüniň, sazagyň külüniň suwa gaýnadylan aşgary — esasan, şirejä, erik kişdesine düşýän gurçuga garşy ulanylýar. Ony alma gurçugyna garşy ulanmak hem haýyrly.

Miwe galyndysy – teletin torba

Teletin torbalaryň ösümliklerden öndürilip başlanandygy barada eşidipmidiňiz? Bu torbalar ysy we durky boýunça haýwan derisinden ýasalan «kowumdaşlaryna» juda meňzeş. Bir aýratynlygy hem olaryň miwelerden we gök önümlerden ýasalanlygydyr. Bu açyş Niderland Patyşalygyndaky bezegçi-dizaýnerlere degişlidir. Täze torba «Rotterdam Fruitlizer» diýlip atlandyrylýar. Adyndan belli bolşy ýaly, dizaýnerler torbanyň bu görnüşini Rotterdam şäherindäki bazarlardan ýygnalan miwe galyndylaryndan taýýarladylar.

Gülem ösýär, güldanam

Indi ekin ekmek üçin ýeri ekstensiw ulanmagyň zerurlygy ýok. Oýlanyp tapylan täsin güldanlar ösümlik bilen bile «ösýär». Londondaky «Aýaskan» studiýasy tarapyndan döredilen güldanlaryň esasy aýratynlygy olaryň ösümlik bilen deň ösüp, ulalyp bilýänligidir. Güldanyň ösüşini onuň ýüzündäki nagyşdan bilip bolýar. Has takygy, yzygiderli ösüş netijesinde ösümlik görnüşini üýtgedýär. Onuň görnüşiniň üýtgeýşine görä, güldandaky nagyşlar hem özgerýär. Organiki we organiki däl gurluşlary birleşdirýän innowasiýa arkaly ösýän güldana isleg barha artýar. Güldanda ösümligiň köküniň hem endigan ösmegi üçin ähli şertler bar.

Iň gadymy gül tapyldy

Amerikan alymy Dewid Dilçeriň pikirine görä, Ispaniýanyň kölleriniň düýbünde ösýän gül dünýäniň iň gadymy güli bolup biler diýlip hasaplanylýar. Beýle diýmäge «Monteschia Vidalii» diýlip atlandyrylýan gülüň müňden gowrak görnüşinde geçirilen barlaglar mümkinçilik berýär. Ösümlik, aslynda, suwotuna meňzeýär, ýöne ol ýeke tohumly miwe-de berýär. Üstesine-de gülleýär.

Öýde «ýaşyl» sütün

Montreal şäheriniň ýaşaýjysy Bris Negelsiň ilkibaşdaky maksady öýüň bir böleginde miwedir gök önüm ýetişdirmekdi. Şu maksat bilen öýüň içinde giden bir gözellik emele geldi. Şeýlelikde, ol öýünde «Iýmit sütünini» döretdi. Şäherdäki ýaşaýyş ekerançylyk baradaky hyýallary çäklendirýär. Öýde ekin ýetişdirmek üçin azda-kände mümkinçilik bar hem bolsa, ondaky howa we tebigy şertler ösümligiň ýetişmegi üçin oňaýly mümkinçiligi çäklendirýär.

«Gawun kimin gollasyn...»

(Oçerk) Bu, ýaş çatynjalaryň durmuş toýunda aýdylýan arzuwlaryň içinden iň ýakymlysymyka diýýärin. Ýaşlaryň durmuşynyň gollary biri-biriniň içinden geçip, eriş-argaç bolup ýatan gawun biýarasyna meňzedilmegi, nesil daragtynyň şaha ýaýmagyndan, dowamat-dowamdan nyşan dälmidir, eýsem?! Arly ýyllap zähmet çekip, maňlaý deri bilen ösdürip ýetişdiren gawunlarynyň içinden iň ullakanyny saýlap alyp, elinde saklap duran zenany görenimde, ynha, şu oýlara berildim. Şirin-şeker gawunlar baradaky gürrüň meniň talyp ýyllarymy-da ýatlatdy.

Oba hojalygy

Bagy baryň bagty bar Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda bagçylygy ösdürmäge uly üns berilýär. Edilýän aladalaryň, döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, bagçylyk bilen meşgullanýanlaryň sany barha köpelýär. Etrabymyzda tejribeli bagban adamlaryň hatarynda «Azatlyk» daýhan birleşiginiň ýaşaýjysy Saparbaý Seýtimmetowyň adyny hormat bilen agzaýarlar. Bu bagban özüniň 1 gektar kärende ýerinde alma, armyt, garaly, erik, beýi ýaly miweli baglary ösdürip, ýetişdirip, olardan her ýyl bol hasyl alýar. Mundan başga-da bagban öz bagyndan ýerlikli peýdalanmagy hem başarýar. Ol bu ýerde kelem, badamjan, ýeralma, käşir we pomidor ýaly gök ekinleri-de ekýär. Saparbaý aga ýaş nahallary ýetişdirmek bilen hem meşgullanýar. Häzirki wagtda baglaryň töwereklerini arassalamak, olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek çäreleri ýerine ýetirilýär.

Bugdaýym bol — çöregim bol

Ýurdumyzda her ýyl bugdaýyň bol hasyly ýygnalýar. Azyklyk bugdaýyň bolçulygyny döretmekde, bu önümiň daşary ýurtlara hem eksport edilmegini gazanmakda Amyderýa jülgesiniň edermen gallaçylary-da ýylyň-ýylyna gowy netijeleri gazanýarlar. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda hem welaýat boýunça 310 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnaldy. Däneli ekinleriň iň esasy görnüşi bugdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda alymlarymyz bugdaýyň ýokary hasyl berýän görnüşlerini önümçilige girizmek boýunça netijeli işleri alyp barýarlar. Bugdaý esasy azyk önümlerini berýän ekinleriň hataryna girýär. Onuň azyk gymmatlylygy düzüminde ýaşaýyş üçin esasy orny tutýan örän möhüm beloklary, şeýle-de suwda eremeýän sozulgyç, çişme häsiýetli özlülik belogyny — kleýkowinany saklaýanlygy bilen uly ähmiýete eýedir. Umumy belogyň saklanylyşy bugdaý dänesinde 16—24 göterime çenli ýetýär. Özlülik belogy hamyryň çişmegi, içiniň öýjük-öýjükli bolmagy üçin ähmiýetlidir. Şeýle-de ol çöregiň tagamyny, ýokumlylygyny artdyrýar.

Üstünlige beslenýän zähmet

Bahry-Hazar bilen Jeýhunyň aralygynda, ummasyz giňişlige ýaýylyp ýatan Garagum çöli edermen maldarlarymyzyň ikinji öýi. Olaryň ýaşaýşy, durmuşy çöl meýdany, howasy, ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Çöl durmuşy, maldarçylyk kesp--käri, çarwadarçylyk däp- -düzgünleri adam saýlaýar, onda-da merdi-merdanalary aýyl-saýyl edýär. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýleni. Kyrk çilläniň başynda ýagan gar özüniň aýazly howasy bilen geldi. Galyň düşen gar meýdany ak dona büräp, esli wagt eremän ýatdy. Öz bereket-bolçulygy bilen ýagan ýagyn welaýatymyzyň edermen, merdana, zähmetsöýer maldarlaryny has-da tijenip işlemäge, gyş aladalarynyň artmagyna getirdi. «Malym — janym» diýip işleýän maldarlarymyz gyşyň gamyny ýaz iýensoňlar dowarlary dok we ýyly gyşlatmak işlerinde bökdençlik döremedi.

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

Şu günler ýerleri sürmek, tekizlemek, ýapdyr-salmalary arassalamak işleri giň gerimde alnyp barylýar. Bol hasyl almak üçin her bir işiň wagtynda ýerine ýetirilmegi gerek. Muňa oňat düşünýän kärendeçi daýhanlar wagtyň her bir minudyny işe sarp edýärler. Işine ökde, ezber kärendeçileriň biri hem Türkmengala etrabynyň «Ruhnama» daýhan birleşiginden Patma Ballyýewadyr. Onuň bir gektar kärende ýeri bolup, bol hasyl almagy başarýar. Ol şu günki herekediň ertirki bereketdigine örän oňat düşünýär. Patma Ballyýewa şu günler gelni Gymmat bilen kärende ýerinde gowaça ekişine taýýarlyk işlerini alyp barýar.

Eşretli ýaşaýşyň özeni

Agzybirlik, jebislik, bitewülik ýörelgesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Ähli üstünliklerimiziň hem rowaçlyklarymyzyň gözbaşynda duran bu mukaddes ýol-ýörelgäniň has-da pajarlaýandygynyň şaýady bolmak örän ýakymlydyr. Şonuň netijesinde döwlet durmuşynyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler, eýelenýän sepgitler Watanymyzyň kuwwatyny artdyryp, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen obasenagat toplumyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin kuwwatly binýady döretmäge mümkinçilik berýär. Şunda ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyna uly orun berilýär.

Galkynýan pudak

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny dünýä ylmynyň gazananlaryna daýanyp ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň artdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň öňe süren agrar syýasatynyň düýp özeni bolmak bilen, ol milli ykdysadyýeti köpugurly ösdürmäge gönükdirilendir. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen bu şygarynyň gözbaşynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döredijilikli we netijeli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döretmek ugrundaky aladalary durandyr. Muňa oňat düşünýän Gökdepe etrabynyň bagtyýar ilaty we zähmetkeşleri Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrundaky tagallalaryna goşandyny goşýarlar. Oba zähmetkeşleri ähli ugurlarda ajaýyp zähmet üstünligine eýe bolýarlar. Olar galla, «ak altyn» taýýarlamakda, gök-bakja ekinlerini ýetişdirmekde zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler, ýüpekçilikdir maldarçylykda hem uly görkezijilere eýe bolýarlar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda oba hojalygynyň ylmy esasynda ösdürilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!

Müňe ýetdi — ýüňi ýetdi

Jöwzaly tomsuň ortaky aýynda ene süýdüni emmek ýaş mallara ýokumsyz, hälimi-şindi emdirmek bolsa ene goýun üçin ýakymsyz. Guzy otugýar, ene goýun daýanýar. Biriň iki boldy. Öňüňdäki goýun sürüsi iki esse artdy. Düýnki guzular bu gün tokly çykýar. Ýaş tokly sürüsi döreýär. Iş kynçylyklaryny süýji aladalar bilen ýülmemeli, tutanýerlilik gerek. Ýaz şemaly ýaly ýakymly aladalaryň çözgüdine çörňeşen ataly-ogluň bu gezekki maslahaty maňyzlydy. — Tokly sürüsine işine ezber çopan, ýumşa ýüwrük, tabşyryga tabyn, buýruga çulum çoluk tapmaly. Ondan ötri bir teklibim bar. Ýoda ýekäniňki, ýol köpüňki. Eždatlarymyzda çopan bolan birlän-ikilän bar. Özüm ýodany ýola öwürdim. Köplük bolup goýun bakdyk. Gerşini Hydyr sypalan janawarlaryň yzyna düşüp, döwlet tapdyk, şägirt ýetişdirdim. Senem şolaryň biri. Ýerden garyş boýy galalyň bäri ýanymda. Çarwaçylygy bilýäň. Çopançylygyň ody bilen girdiň, küli bilen çykdyň.

Daýhan hojalygynyň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän uly mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, ýer böleklerini uzakmöhletleýin kärendesine alýan daýhan hojalyklarynyň Köneürgenç etrabynda hem ençemesi bar. Şolaryň hatarynda «Akderýa» daýhan birleşiginiň çäginde hereket edýän 30 gektar meýdany öz içine alýan «Hormatly gallaçy» daýhan hojalygyny görkezmek bolar. Daýhan hojalygyna Guwanç Meredow ýolbaşçylyk edip, berkidilen ýeriň 15 gektaryny özleşdirip, alty ýyldan bäri guşgursak ak bugdaýy ösdürip ýetişdirýär. Geçen ýyl hojalyk şonça gektar ýerden 38 tonna 920 kilogram ýokary hilli azyklyk bugdaýy Watan harmanyna tabşyryp, ýyllyk meýilnamasyny 143 göterim ýerine ýetirdi. Munuň özi ýaş daýhanyň çeken asylly zähmetiniň kemsiz ýerine düşendiginden habar berýär.

Ýylyň şygaryndan ruhlanyp

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir ýylymyz ýatdan çykmajak wakalara, taryhy pursatlara beslenýär. Geçen, 2020-nji ýylda hem täze taryhy döwrümiziň şöhratly sahypalaryna girjek şatlykly pursatlaryň ençemesine şaýat bolduk. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň dag tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde «Bagabat» şypahanasynyň, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi hem ýatdan çykmajak taryhy wakalardyr. Galyberse-de, şanly ýylda welaýatymyzyň çäginde dürli maksatly başga-da ençeme desgalaryň açylyş dabaralaryna gözli şaýat bolduk.

Ene toprak — altyn zerim

Ata-babalarymyz öz nesillerine toprak, ene ýer barada ençeme paýhasly sözleri miras galdyrypdyrlar. Olar umman ýaly giň we çuň manysy bilen seniň göz öňüňde bütin dünýäni janlandyrýar. Şondan bolsa gerek, obada doglup kemala gelen her bir adamyň özüni bilip, ilkinji sygynýan gudraty ene ýer bolup durýar. Ol sahy topragyň idegini kemsiz ýetirip, oňa uly umyt bilen tohum taşlaýar. Şeýdip, ýerden göwün diýen hasylyny alýar. Göräýmäge köp hysyrdyny talap edýän bu pişe hem-ä gyzykly, hem-de peýdaly. Halal zähmet bolsa, daýhana arassa girdeji getirýär, onuň eli uzadan ýerine ýetip, baýap başlaýar. Bu günki gün daýhanyň törüni çuwal-çuwal mäşdir noýba, bugdaý, akja tüwi, käşir, kelem bezeýär. Onuň saçagynda bolsa adyn tutan zadyň bar. Iň guwandyrýan ýeri, şol önümleriň ählisi türkmeniň sahy topragynda daýhan zähmeti bilen ýetişdirilen önümler.

Göktereň

Biziň bu mukaddes topragymyzda yhlas etseň, bitmeýän ekin ýok. Göktereňi (halk arasynda terkädi ýa-da kaboçok hem diýilýär) göwnejaý taýýarlanan, dersi, suwy ýetirilen toprakda ekip, ýokary hasyl alyp bolýar. Göktereň gaty gabyklylar görnüşine degişli bolup, onuň gowy bişenleri mal iými üçin we tohumçylykda ulanylýar. Boýy ýeten ýaşajyklary bagryň işjeňligini sazlaýar. Tohumyndaky 50 göterime çenli bolan ýag we santonin maddasy adam içegesindäki gurçuklary we onuň tohumlaryny ýok edýär.

Üzüm iýseň...

Irki zamanlarda üzüm hoşasynyň şekili bol hasylyň nyşany hasaplanypdyr. Muňa biz 1948-nji ýylda belli arheolog Masson tarapyndan Parfiýa döwletiniň paýtagty Nusaýda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan keramiki diwarlyklaryň böleklerinde çekilen üzüm hoşalarynyň şekilleri hem-de üzümçilik barada daşa ýazylan salgyt resminamalary arkaly hem göz ýetirip bilýäris. Gadymy döwürde keramika ýazylan we biziň şu günlerimize gelip ýeten taryhy tapyndynyň böleklerinde Gyýagamyş atly bir ýigide patyşa baky ýaşaýşyň dermanyny tapyp getirmegi buýurýar. Gyýagamyş dünýäniň köp bölegini aýlanýar. Bir gün çöl içinde suwsuz tapdan düşýär we özünden gidýär. Şonda bir kepderi gelip, çüňkünde suw daşap, ýigidi aýak üstüne galdyrýar. Soň guş Gyýagamyşa çüňkünde saklap ýören bir dänäni berýär hem-de adam dilinde gürläp: