Tehnikalar ýaz ekişine taýýar edildi

24 Ýanwar 2021
1196

Şu günler Köneürgenç etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň agzybir işçi hünärmenleri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem belent maksatlary nazarlap, iş depginlerini barha batlandyrýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde ýaz ekişinde ulanyljak tehnikalar, olaryň tirkeg gurallaryny abatlamak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň dürli kysymly tehnikalarynyň sürümde 63-siniň, ekişde 38-siniň, bejergide 45-siniň güýjünden peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bu tehnikalaryň ählisi degişli hünärmenleriň gözegçiliginden geçirilip, zerur bolan tehniki hyzmatlar görkezilip, möwsüme taýýar edildi. Şeýle hem Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda daýhan birleşiklere degişli bolan tirkeg gurallary abatlanyp, olara kebşirleýji, ýonujy, abatlaýjy ussalar tarapyndan zerur bolan bejergi işleri talabalaýyk geçirildi. Şonuň netijesinde boronalaryň 752, malalaryň 101, ekijileriň 57-si, dökün berijileriň 27-si, dökün pürküjileriň 36-sy, hatarara bejerijileriň 159-sy doly abatlanyldy. Gurallary abatlamakda Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tejribeli ussalaryndan Myrat Saparbaýew, Sapargeldi Togalakow, Gafur Abdullaýew, Abat Jumatow dagyny görkezmek bolar. Öz işine ezber bu ussalaryň her biri özlerine berkidilen işleri ýokary hil derejesinde berjaý etdiler. Munuň özi öňde duran iň jogapkärli möwsüm bolan ýaz ekişini gysga wagtda geçirmäge özüniň oňyn täsirini ýetirer.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar