"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Geljege uzaýan hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiziň köpşahaly we möhüm ähmiýetli howpsuz halkara ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän taslamalar milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Geçen ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. 2016-njy ýylda hut şol senede Aşgabatda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirilipdi. Döwletimiziň başlangyjy boýunça 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilendigini bellemek möhümdir. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hormatly Prezidentimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Geçen ýylyň 3-4-nji maýynda 40-dan gowrak döwletden wekilleriň gatnaşmaklarynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly halkara maslahatyň, şeýle-de geçen aýyň 15-19-y aralygynda bolsa Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza döwletleriniň demirýol ulaglary edaralarynyň ýo

Sanly hyzmatlar portalynyň giň mümkinçilikleri

Ýurdumyzda innowasion ösüş babatda uly üstünlikler gazanylýar. Şunda maglumat-aragatnaşyk ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylyp, sanly hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artdyrylýar. Sanly tehnologiýalar hyzmatlaryň hiliniň barha ýokarlanmagyna we ulanyjylaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Takmynan, 30 ýyl çemesi mundan öň maglumatlary öwrenmek üçin kitapdyr gazet-žurnallary satyn almak zerurlygy bardy. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimizi döwrebap şertlerde ösdürmegiň wajyp ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Indi sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady işiň esasy bolup durýar. Tehnologik taýdan ösen ýurtlaryň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýete geçmek ýurduň öňe ilerlemeginde, öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşulmagynda möhüm ädim bolup durýar. Maglumat hökmünde belläp geçsek, häzirki wagtda ýurdumyzda internet ulanyjylaryň sany 3 million 205 müň 250-den geçdi. Şeýlelikde, ykjam telefonlarda, kompýuterlerde, umuman, internete baglanyşygy bolan enjamlarda maglumatlary göz açyp-ýumasy salymda ýükläp, olar bilen tanşyp bolýar.

“TürkmenÄlem52.0E” – 9 ýyl Älem giňişliginde

“TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemramyzyň älem giňişligine çykarylanyna hem-de “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilenine 9 ýyl doldy. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, “TurkmenAlem52.0E”, “Thales Alenia Space” kompaniýasy tarapyndan öndürülen we “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan älem giňişligine çykarylan ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasydyr. 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ-nyň Kanaweral burnyndaky kosmodromdan uçuryldy. Hemra geostasionar orbitada ýerleşýär we signaly bilen Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň köp bölegini öz içine alýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýol-ýörelgesinden ugur alyp, 9 ýyl bäri “TürkmenÄlem52.0E” aragatnaşyk hemrasy arkaly, “Türkmen Hemrasy” ÝGPJ-i ýokary hilli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek işlerini üstünlikli amala aşyrýar.

“Google” umumy bahasy 2 trillion dollardan geçen ABŞ-nyň dördünji kompaniýasy boldy

“Google” kompaniýasynyň esasy firmalaryndan “Alphabet” ýakynda garaşylýandan has köp girdeji gazanandygyny habar berdi. Bu habardan soň kompaniýa 2 trillion bazar bahasyna ýetdi. “Alphabet” kompaniýasy 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde garaşylýandan has ýokary netijeler gazandy. Çap edilen maglumatlarda kompaniýanyň umumy girdejisiniň 80,54 milliard dollara ýetendigi mälim edildi.

Emeli hemra tehnologiýa kompaniýalary “Türkmenaragatnaşygyň” maýa goýum taslamalaryna Parižde ýokary baha berdiler

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew maglumat merkezini döretmek, ikinji milli emeli hemrany işe girizmek, optiki süýüm kabelini we serwer enjamlaryny öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary gurmak babatdaky taslamalar bilen tanyşdyryp, daşary ýurtly maýadarlary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bu geljegi uly ugurlaryna garamaga çagyrdy. Parižde TEIF 2024 halkara maýa goýum forumynda “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýolbaşçysy öz çykyşynda IT-hyzmatlary we “akylly” şäherleri dolandyrmak ulgamlaryny ösdürmek, öýjükli aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we stasionar telefon ulgamyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerine 30-dan gowrak ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň ünsüni çekdi.

Kononenko we Çub 2024-nji ýylda ilkinji gezek açyk äleme çykdylar

Russiýaly kosmonawtlar Oleg Kononenko we Nikolaý Çub bu ýylda ilkinji açyk kosmosa çykyşy amala aşyrdylar diýip, «Ren.tv» habar berýär. Tehniki işler üçin kosmonawtlara 6,5 sagat möhlet berildi, emma olar işleri iki sagat öň tamamlamagy başardylar.

«Toyota Motor» 2023-nji maliýe ýylynda 10,3 milliondan gowrak awtoulag satdy

Ýaponiýada iň uly awtoulag öndüriji kompaniýa bolan «Toyota Motor» 2023-nji maliýe ýylynda (2023-nji ýylyň aprel aýy — 2024-nji ýylyň mart aýy) dünýädäki zawodlarynda 9,97 milliondan gowrak awtoulag çykardy, bu hem kompaniýanyň taryhynda rekord boldy. Bu barada kompaniýanyň resmi hasabatynda habar berildi. Maglumata görä, önümçiligiň mukdary geçen ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 9,2 göterim ýokarlandy.

«Honor» Hytaýyň smartfon bazarynyň liderine öwrüldi

«International Data Corporation» halkara seljeriş we maslahat beriş kompaniýasy tarapyndan 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýyň smartfon bazaryndaky ösüşiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,5 göterime deň bolandygy mälim edildi. Bu ösüş, esasan, ýerli öndürijiler «Honor» we «Huawei» kompaniýalarynyň bazardaky işjeňliginiň artmagy bilen bagly. Has takygy, «Honor» özüniň «Magic 6» smartfonyny bazara çykarmak bilen, Hytaýyň smartfon bazarynda lidere öwrüldi. Hasabat döwründe Hytaýyň smartfon bazarynyň 17,1 göterimi «Honor» kompaniýasyna degişli boldy.

70 000 zawod gurar

Koreýa Respublikasynyň «Kia Motors» kompaniýasy Gazagystanda öz awtoulaglarynyň önümçiligini ýola goýar. Kompaniýa şu maksat bilen Kostanaý şäherinde täze zawod gurmagy meýilleşdirýär. «Kia Motorsyň» Gazagystandaky täze zawody ýylda 70 müňe çenli awtoulag öndürer we onda 1500 sany täze iş orny dörediler. Täze zawodyň gurluşygy 2025-nji ýylda tamamlanar. Birinji tapgyrda uly bölekleýin ýygnamak (CKD) usuly bilen 50 müň awtoulag ýygnalar.

Germaniýanyň iň gymmat brendi boldy

«Brande Finance» konsalting kompaniýasy iň gymmat nemes brendleriniň sanawyny çap etdi. Oňa laýyklykda, «Deutsche Telekom» telearagatnaşyk operatory 150 kompaniýany öz içine alýan sanawyň birinji ornuny eýeledi. Häzirki wagtda bu kompaniýanyň bahasy 68,4 milliard ýewro möçberde bahalanýar. Iň gymmat nemes brendleriniň reýtinginiň ikinji basgançagyndan bolsa bahasy 55,5 milliard ýewro deň bolan meşhur awtoulag öndürijisi «Mercedes-Benz» orun aldy. Ilkinji üçlügi  43,8 milliard ýewrolyk görkeziji bilen «Allianz» ätiýaçlandyryş kompaniýasy jemledi. Şeýle-de iň gymmat nemes brendleriniň öňdäki onlugyndan «Porsche», «BMW», «Volkswagen», «SAP», «Siemens», «Lidl» we «Aldi Sxd» ýaly kompaniýalar orun aldylar.

Emeli aň — geljege täzeçe garamak

2023-nji ýyl boýunça geçirilen barlaglara görä, internet giňişliginde iň köp gyzyklanylan söz «emeli aň» bolupdyr. Alymlar emeli aň tehnologiýasynyň diýseň çalt ösýändigini hem-de 2023-nji ýylda iň köp ara alnyp maslahatlaşylan temadygyny belleýärler. Aslynda emeli aň näme? Munuň üçin biz, ilki bilen, ýönekeý aňyň nämedigini anyklalyň! Köp kişi ol diňe adamlarda bardyr öýdüp ýalňyşýar. Aslynda, aň haýwanlarda-da, maşynlarda-da bar. Ýene bir ýalňyş pikir bolsa, aň diňe düşünje hemem hasaplamalar bilen baglanyşykly diýip hasaplaýarlar. Aslynda bolsa, aň diýen zat birgiden ukyp başarnyklary öz içine alýar. Meselem: • üýtgeşmelere uýgunlaşmagy,

Almazyň emele gelmegi üçin indi milliardlarça ýyl gerek bolmaz

Indi almazyň emele gelmegi üçin milliardlarça ýyl gerek bolmaz. Alymlar ony 150 minutda ýetişdirdiler. «Koreýa Respublikasynyň hünärmenleriniň ýolbaşçylygyndaky halkara alymlar topary almazy bary-ýogy 2,5 sagadyň dowamynda döretmegiň usulyny oýlap tapdylar» diýip, «Hi-Tech» ýazýar.

Finlýandiýada emeli aň kofäniň täze garyndysyny döretdi

Emeli aň Finlýandiýadaky üçünji iň iri kofe öndüriji bolan «Kaffa Roastery» üçin täze kofe garyndysyny döretdi. Neýroulgamyň döreden garyndysyna «AI-conic» diýlip at goýuldy. Garyndy «ChatGPT-ä» we «Copilota» meňzeş ösen modelleriň kömegi bilen işlenip düzüldi. Olaryň wezipesi kofe muşdaklarynyň isleglerini doly kanagatlandyrjak, ýöne şol bir wagtyň özünde, adaty usullaryň daşyna çykmaga mümkinçilik berýän garyndy döretmekdi.

«Google» maglumat merkezlerine 3 milliard amerikan dollarlyk maýa goýar

«Reuters» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, «Google» gözleg kompaniýasy maglumatlar merkezini döretmek maksady bilen, 3 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy maksat edinýär. Kompaniýa pul serişdesini, esasan, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Indiana ştatynda maglumatlar merkezi şäherçesini döretmeklige we Wirjiniýada bar bolan maglumatlar merkezini has-da giňeltmeklige gönükdirer. Soňky ýyllarda emeli aňa hem-de bulut hsaplamalaryna bolan isleg gitdigiçe ýokarlanýar. Bu bolsa tehnologiýa ägirtleriniň maglumatlar merkezleriniň mümkinçiliklerini giňeltmeklige iterýär.

Amerikan kompaniýasy kosmos syýahaty üçin ýangyçsyz işleýän hereketlendirijini oýlap tapdy

Amerikanyň «Exodus Propulsion Technologies» başlangyjy reaktiwsiz kosmos hereketlendirijisiniň işlenip taýýarlanandygyny yglan etdi diýip, «Haýtek» ýazýar. Başlangyjy esaslandyryjy we NASA-nyň öňki inženeri Çarlz Býuler «The Debrief» bilen guralan söhbetdeşliginde öz toparynyň ýangyç ulanman, dartyş güýjüni ýeňip geçmek üçin ýeterlik güýç döredip biljek enjamy döredip bilendigini aýtdy.

Komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Ylym, bi­lim jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ne iter­gi ber­ýän kuw­wat­ly güýç, wa­jyp se­riş­de bo­lup, ýur­du­my­zyň hä­zir­ki dur­mu­şyn­da mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä­niň yk­dy­sa­dy taý­dan kuw­wat­ly döw­let­le­ri­niň bi­ri hök­mün­de ta­nat­mak­da ýur­du­myz­da ylym-bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ýo­ka­ry de­re­je­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Yl­my müm­kin­çi­lik­le­riň mil­le­tiň ösü­şi­niň esa­sy ug­ru­dy­gy­ny, ýur­du­my­zyň dün­ýä­dä­ki ab­ra­ýy­ny gör­kez­ýän­di­gi­ni, onuň kuw­wa­ty­nyň we ösü­şi­niň esas­la­ry­ny na­za­ra alyp, öz işi­ne ök­de ýaş hü­när­men­le­riň taý­ýar­lan­ma­gy­na, ola­ryň bi­lim de­re­je­si­niň, dün­ýä­ga­raý­şy­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne, yl­myň we aň-paý­has müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Döw­le­ti­mi­ziň ylym ul­ga­my­na ber­ýän gol­da­wy ýyl-ýyl­dan art­ýar. Hä­zir­ki za­man yl­my­ny bol­sa mag­lu­mat­lar jem­gy­ýe­ti­niň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri bo­lan komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­r­syz göz öňü­ne ge­tir­mek müm­kin däl. Çün­ki hä­zir­ki wagt­da komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we onuň müm­kin­çi­lik­le­ri bi­ziň dur­mu­şy­my­zyň her bir pur­sa­dyn­da bar.

Gä­mi­le­riň tiz­li­gi nä­me üçin uzel­ler­de dü­wün­ler bi­len öl­çenil­ýär?

«7/24. tm» №18 (205), 29.04.2024 Tiz­li­gi ta­ýa­gyň we ýü­püň kö­me­gi bi­len öl­çe­mek müm­kin­dir.

Sanly bilimiň orny

Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Ähli derejede hünärmenlere sanly ulgamyň işini öwretmek, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň taýýarlygyny işjeňleşdirmek, pudaklarda elektron hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, olaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan kompýuter ulgamlaýyn tehnologiýa we kiberhowpsuzlygy boýunça gysga möhletleýin ýörite okuwlaryň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýe bolup durýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşýanlaryň ählisine, ilkinji nobatda, okaýanlara we bilim alýanlara elektron hyzmatlar (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulýar.

Russiýada elektron talyp petekleri we hasaba alyş kitapçalary peýda bolar

25-nji aprelde Russiýada talyp peteklerini we hasaba alyş kitapçalaryny elektron görnüşine geçirmek boýunça synag çäresine badalga berler. Bu baradaky degilşi karara premýer-ministr Mihail Mişustin gol çekdi diýip, RF-iň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär. Synag 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam eder.

Suwdaky emeli aň: ýüzýän «Nautilus» maglumat merkezinde enjamlar oturdylar

Emeli aň tizlendirijilerini işläp düzmäge ýöriteleşen amerikan başlangyç kompaniýasy «Cerebras Systems» Kaliforniýanyň Stokton şäherinde maglumatlary gaýtadan işlemek boýunça «Nautilus Data Technologies» ýüzýän maglumat merkezinde enjamlaryny oturdar diýip, «Datacenter Dynamics» habar berýär. Kuwwaty 6,5 MWt bolan «Nautilus» her bölüm üçin 55 kWt çenli energiýa hödürleýär. Desgada iň ýokary güýçde 26 sagat işlemäge ýeterlik ýangyçly ätiýaçlyk generatorlary bar.