“TürkmenÄlem52.0E” – 9 ýyl Älem giňişliginde

30 Aprel 2024
628

“TürkmenÄlem52.0E” Milli emeli aragatnaşyk hemramyzyň älem giňişligine çykarylanyna hem-de “Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döredilenine 9 ýyl doldy.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, “TurkmenAlem52.0E”, “Thales Alenia Space” kompaniýasy tarapyndan öndürülen we “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan älem giňişligine çykarylan ilkinji türkmen aragatnaşyk hemrasydyr. 2015-nji ýylyň 28-nji aprelinde ABŞ-nyň Kanaweral burnyndaky kosmodromdan uçuryldy. Hemra geostasionar orbitada ýerleşýär we signaly bilen Ýewropanyň, Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň köp bölegini öz içine alýar. Arkadagly Serdarymyzyň ýol-ýörelgesinden ugur alyp, 9 ýyl bäri “TürkmenÄlem52.0E” aragatnaşyk hemrasy arkaly, “Türkmen Hemrasy” ÝGPJ-i ýokary hilli hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek işlerini üstünlikli amala aşyrýar.

Beýleki habarlar