"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ejeme meňzeş ene

Ejem baradaky ýakymly duýgulara berlip oturyşyma, nädip galam-depderimi elime alanymy duýman galypdyryn. Gözümiň alnynda ejemiň nurana keşbi janlandy. Ejeli günlerimiň ýakymly ýatlamalary hakydama doldy. Ejem teleýaýlymda berilýän tanymal sungat ussatlary baradaky gepleşikleri hezil edip diňlärdi. Aýdym-sazyň jadylaýjy gudratynyň täsiri diýseň güýçli bolýar. Haçan-da, ejem Maýa Kulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, doganlar Berdiýewalar, Oguljan Makyýewa we beýleki aýdymçylary diňläninde, şolar bilen deň hiňlenerdi. Ejem tara dokardy. Asyl ejem gyz wagtlaram haly dokar ekeni. Käte goňşy gelnejeleriň dokap oturan halysyna-da kömekleşerdi.

Dünýäniň diregi

Eneler barada näçe ýazsaň-da, ol mähribanlary näçe taryp etseň-de az. Çünki ol seniň eziz käbäň, ýeke-tägiň, gözleriň röwşeni, ýagty dünýä indereniň, janyndan jan bereniň. Seň şanyňa goşgy ýazasym gelýär,

Maşgala sarpasy

Durmuşymyzdaky iň uly baýlyk — maşgaladyr. Maşgala jemgyýetiň aýrylmaz bölegi bolup, dogry we sazlaşykly şahsyýetleriň kemala gelmegine ýardam edýär. Şoňa görä-de, maşgala gymmatlygyna dünýä ýüzünde aýratyn sarpa goýulýar. Jemgyýetçilik ösüşi üçin maşgala abadançylygyny üpjün etmek we maşgalalaryň ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 1987-nji ýylda «Maşgalalaryň halkara gününi» yglan etmek meselesine seretdi. 1989-njy ýylyň 9-njy dekabrynda bolsa 1994-nji ýyly «Maşgalalaryň halkara ýyly» diýip yglan etdi. Her ýylyň 15-nji maýynda bellenilip geçilýän «Maşgalalaryň halkara güni» 1993-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen ykrar edildi. Baýramyň bellenip geçilmegi maşgala bilen bagly meselelerden habarly bolmaga hem-de maşgalalaryň ýagdaýyna täsir edýän jemgyýetçilik-ykdysady we demografik ýagdaýlar barada bilimi çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Süýtde bişen kädi

Gerekli önümler: 180 g kädi, 400 g süýt, 10 g şeker, 5 g duz.

Maşgala — döwletiň synmaz sütüni

Hormatly Prezidentimiziň «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýen dürdäne sözlerini şygar edinip, golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Akdepe etrap guramasy maslahat geçirdi. Etrapdaky 55-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata bilim ulgamynda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar. Maslahatyň maksady ýurdumyzda kämil jemgyýeti kemala getirmekde maşgalanyň ornuny açyp görkezmek, zenanlary hormatlamak, maşgalany goramak, jemgyýetiň arassalygyny hem sagdynlygyny gazanmak, belent ruhly, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmegiň ähmiýetini düşündirmek ýaly asylly wezipelerden ybarat boldy. Maslahatda edilen çykyşlarda kämil jemgyýeti kemala getirmekde bagtyýar maşgalalaryň ornuna uly ähmiýet berilýändigi, maşgala gymmatlygyny gorap saklamak, hormatyny artdyrmak barada döwlet derejesinde uly aladalaryň edilýändigi, ýaş maşgalalaryň goldanylýandygy barada buýsançly gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallasynyň netijesinde, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, onuň kanunçylyk binýadyny döwrebap derejede kämilleşdirmek bilen bagly alnyp barylýan işler dogrusynda aýdyldy. Ýaş gyzlara, ýaş maşgalalara görelde alarlyk derejede guralýan wagyz-nesihat çärelerini yzygider geçirmegiň ähmiýeti barada nygtalyp geçildi. Şunda hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserini

Asylly terbiýe — ýagty geljegiň nury

Çaga — ynsanyň geljegine umyt döredýän, her bir öýe nur paýlaýan dowamaty, arzuw-umytlarynyň gözbaşy, durmuşynyň bezegi. Ol milletiň we döwletiň buýsanjy, daýanjy hem-de geljegidir. Çagalara edep öwretmek, belli bir hünäre höwes, söýgi döretmek diňe bir ene-atanyň ýa-da mugallymyň däl-de, eýsem, ählihalk işidir. Her bir adamyň nesilleriň öňündäki parzydyr, borjudyr. Çagany terbiýelemekde onuň haýsydyr bir käre bolan ukybyny kesgitlemek terbiýeçilikde ilkinji wezipedir. Eger şony kesgitlemegi başarsaň, terbiýeçilik işi ep-esli ýeňilleşýär we kämilligiň mekdebine öwrülýär. Edep her bir halkyň milli ruhuna mahsus bolup, asyrlaryň jümmüşinde dürli ýagdaýlarda dörän, birsyhly timarlanyp, halkyň paýhas eleginde saýhallanyp, nesillere miras galdyrylan milli gymmatlykdyr. Ol ahlak-etiki düzgünleriň ölçegleriniň toplumydyr. Şeýle hem halkyň terbiýeçilik mekdebi bilen berk baglanyşyklydyr. Edep her bir halkyň milli terbiýeçilik mekdebiniň bir ýere jemlenmesidir, has dogrusy terbiýeçilik işiniň binýadydyr. Çaga ilki maşgalada soň çagalar bagynda, mekdepde terbiýelenip, edep, durmuş medeniýetini öwrenýär. Şu nukdaýnazardan seredeniňde edep terbiýäniň miwesidir. Çünki çagalar başlangyç alan terbiýelerini özleşdirip, edepli, gaýratly Watan perzentleri bolýarlar. Gahryman Arkadagymyz merdana türkmen ýigitleri barada: «Halkymyzyň merdanalyk mekdebi — bu Watan söýgüsiniň heniz asla ýazylmadyk

Maşgala bagtyýarlygy – jemgyýetiň ygtybarlygy

Maşgala jemgyýetiň iň gadymy institutlarynyň biri bolup, adamyň jemgyýetçilik durmuşynda iňňän wajyp orny eýeleýär. Hatda jemgyýetiň döremeginde-de köp derejede maşgalanyň emele gelmeginiň netijesi hasaplanýar. Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Maşgala jemgyýetiň ilkinji we esasy öýjügi bolup durýar. Jemgyýetiň ahlak, ruhy we edep kämilliginiň çeşmesi bolup çykyş edýär. Jemgyýetiň sagdynlygy we arassalygy maşgalanyň sagdynlygyna we arassalygyna baglydyr. Jemgyýetiň abadanlygy we durnuklylygy köp babatda maşgalanyňka bagly bolýar. Maşgala jemgyýet üçin wajyp bolan birnäçe wezipeleri ýerine ýetirýär. Ilkinji nobatda, maşgala çaga dogluşynyň netijesinde täze nesliň döremegini we ilatyň san taýdan artmagyny üpjün edýär. Maşgalanyň ýene-de bir esasy wezipesi çagalaryň terbiýesi bilen baglydyr. Ýagny her bir täze dünýä inen çaganyň jemgyýete aralaşmagy bilen bagly terbiýe, ilkinji nobatda, maşgalada başlanýar. Maşgala terbiýesinde ata-eneleriň şahsy göreldesiniň ähmiýeti uludyr. Adamyň ahlaklylygy, özüni alyp barşynyň ugurlary we kadalary hut maşgalada kemala gelýär. Şonuň üçin maşgala çagalaryň terbiýesi üçin jemgyýetiň we döwletiň öňünde jogapkärdir. Türkmenlerde maşgala gatnaşyklarynyň berk bolmagyna aýratyn üns berlipdir. Maşgala mukaddes ojak hasaplanypdyr. «Bina bolmasa, binýat bolmaýar» diýlişi ýaly, maşgalanyň binýadyny gurýan ata-enelerdir. Ata-enäniň yhlasy, söýg

Asylly terbiýe — iň gymmatly hazyna

Häzirki ylmy-tehniki mümkinçilikleriň ösýän eýýamynda öz ähmiýetini ýitirmän saklaýan zerur düşünjeleriň biri çaga terbiýesidir. Çagalar — biziň geljegimiz. Biz özümizi boýy ýeten daragt hökmünde göz öňüne getirsek, ýaş nesiller şol daragtyň miweleri bolup durýar. Onuň ajylygy ýa-da süýjüligi bolsa biziň olara berýän terbiýämize baglydyr. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň, ýaşlaryň aň-üşükli, zehinli we ukyply bolmaklary, zähmete yhlasly çemeleşmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döretdi. Şeýle mümkinçilikleriň bar ýerinde biz döwletimiz üçin ummasyz işleri bitirmäge borçludyrys. Her bir terbiýeçi-mugallym öz işini ata-babalardan miras galan ýol-ýörelgelere daýanyp, ygtybarly kitaplara esaslanyp alyp baranda, iş örän netijeli bolýar. Eždat-pederlerimiz perzent terbiýesine juda uly ähmiýet beripdirler. Nesilleri ýagty ertirleri hasaplapdyrlar. Geljegiň gözelligi we bagtyýarlygy perzentlere berlen edep-terbiýä bagly diýip düşünipdirler. Çaga terbiýesi we onuň inçelikleri, aýratynlyklary hakynda köp sanly eserleri, ylmy-çeper ýazgylary miras galdyrypdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň ömre ýeterlik many-maslahatlary, pent-nesihatlary özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby terbiýäniň aýratynlyklary, ähmiýeti hem-de milli usullary hakynda tapylgysyz hazynadyr. Bu kitap her bir terbiýeçiniň iň ygtybarly gollanmasy bolup durýar. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eseri

Bag­tyň se­re­si

Adam ― jem­gy­ýe­tiň esa­sy baý­ly­gy. Maş­ga­la bol­sa adam­la­ryň jem­gy­ýet­de eme­le ge­tir­ýän il­kin­ji to­pa­ry. Şo­nuň üçin her bir ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­mak tu­tuş maş­ga­la­nyň, maş­ga­la­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak bol­sa jem­gy­ýe­tiň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­dyr. Hal­ka­ra maş­ga­la gü­nü­ne ba­gyş­la­nan ma­ka­la­my­zy luk­man maş­ga­la­syn­dan taý­ýar­la­mak üçin we­la­ýat sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi­ne ýüz tu­ta­ny­myz­da, bi­ze Be­ýik Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky Le­bap sag­ly­gy go­ra­ýyş we anyk­la­ýyş mer­ke­zi­niň göz luk­ma­ny Di­la­ram Nar­mäm­me­do­wa­ny sal­gy ber­di­ler. Tej­ri­be­li luk­man bi­len göz sag­ly­gy bi­len bag­ly ozal hem söh­bet­deş bo­lup­dyk. Bu ge­zek onuň maş­ga­la­sy ba­ra­da ýaz­mak has gy­zyk­ly bol­dy.

Maşgalanyň göwün hoşy

Türkmen halky her bir döwürde ata-babalardan gelýän edep-terbiýe baradaky ýörelgelerine eýerip, maşgalada gyzyň asylly, mähirli, arassaçyl, şirin sözli bolup ýetişmegi ugrunda alada edipdir. Gyz çaga ähli edim-gylymlar ýaşlykdan öwredilip başlanýar. Çünki, gyz maşgala geljekki ene, onuň özi hem çagany dünýä inderip, terbiýeläp, durmuş ýoluna salmaly. Kişi maşgalasy hasaplanylýan gyz çagany türkmen aýap, belli bir ýaşyna ýetende hak öýüne göçürýär. Şol aralykda bolsa gyza ata-ene edebiň arassaçylyk, edenlilik, zähmetsöýerlik, başarnykly ýaly ähli miwesinden dadyrmaly. Şeýle gözelleriň ýary bolmak bolsa her bir türkmen ýigidiniň arzuwy. “Halk — hazyna” diýleni. Tüweleme, il arasynda gürrüň kän. Şu rowaýaty eşidenimde, halkymyzyň pähim-paýhas ummanynyň soňsuzdygyna göz ýetirdim. Gadym döwürlerde bir maşgalanyň bir ogly bolupdyr. Aý aýlanyp, gün geçip, bu ýigit ýetişipdir. Akylly-başly ogluna ata-ene edeplilik, zähmetsöýerlik, arassaçylyk ýaly häsiýetleri bolan mynasyp gyz gözläp başlapdyr. Emma olar gyzlaryň haýsynyň gowudygyny bilmän kösenipdirler. Bir gün şeýle netijä gelipdirler. Olaryň garaly bagy bar eken. Oglanyň ene-atasy garalylaryny ýygnap, araba ýükläp, oba tarap ýola düşýärler hem-de şeýle äheňde jar çekýärler. «Eger-de kim öýünden köp hapa çykarsa, hapanyň agramyna görä garaly beriljekdir-le ho-ow!” Muny eşiden obanyň ähli gyzlary geň galyp, syrym-süpüre başlapdyr. Bir

Maşgala agzybirligi — jemgyýetiň baýlygy

Maşgala — adamlaryň bir öýde, özbaşdak hojalykda ýaşaýan jemgyýetçilik umumylygynyň bir görnüşi bolmak bilen, ol örän ähmiýetli we iň möhüm jemgyýetçilik, ynsanperwerlik hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Ilatyň üznüksiz köpelmegini, ýaşaýşyň, adamzat kowumynyň dowamat-dowam bolmagyny üpjün edýär. Şoňa görä-de, geçmişi şöhratly, şu güni bagtly, geljegi nurana halkymyzda maşgala mukaddeslik hökmünde, ähmiýeti boýunça örän ýokary, iň hormatly, iň arzyly, iň eziz zat hökmünde garalýar. Maşgala, onuň agzybirligine zeper ýetirjek hereketler berk ýazgarylýar. «Maşgalam — baş galam», «Maşgalada agzybirlik bolsa, hazyna gerek däl» ýaly nakyllardyr atalar sözleri hem ýöne ýere döredilmändir. Adamzadyň ýaşaýşynyň dowamy bolan ogul-gyz, çaga, zürýat, perzent düşünjesi hem maşgala degişlidir. Zürýat, perzent terbiýesi hem maşgalada alnyp barylýar. Halk arasynda maşgalany bozmagyň, oňa hyýanat etmegiň nä derejede gabahat işdigi barada çeper halky eserler, täsirli kyssalar döredilip, olarda ynsany ahlak päkligine ündemek öňe sürlüpdir. Maşgaladaky gatnaşyklarda esasy borç, köplenç, atanyň boýnuna düşýär. Ol maşgalanyň eýesi, ekleýjisi, terbiýeçisi, goragçysy hasap edilýär. Şol sebäpden bolmagy mümkin, atanyň «sesi eşidilip» dursa, oňa gulak asylýan, maslahat salynýan bolsa, şol maşgalada tertip-düzgün bolýar, agzybirlik saklanýar. Maşgaladaky çaga terbiýesi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. Muňa

Gözleriň röwşenini siňdirip...

Biz onuň maşgalasy bilen otuz iki ýyl duldegşir goňşy bolduk. Är — är ýerinde, aýal — aýal ýerinde, ogullar, gyzlar. Bir söz bilen aýtsaň, türkmeniň deňli-derejeli maşgalasy. Tamdyr çöreginiň ysy ýaýran, halal zähmetden döwletlilige ýeten öý. Öý bikesi Towşan daýzanyň ýüzünde bäş barmagyň yzy galan golboýy tamdyr çöregi indi gojalyk salyna ýetip, heniz-henizem ýadymdan çykanok. Ol ýagşy günleriň mukaddes alamaty ýaly bir zatdy. Türkmeniň tüssesi belent çykýan tamdyry ulyny-kiçini bir ojaga birleşdirýän binýatdy!

Agzybirlik–rysgala gözbaş

(Oçerk) «Garryly öý — gaznaly öý» diýlip ýönelige aýdylmaýar. Ak sakgally atalar, kümüş saçly eneler — paýhas käni, görüm-göreldäniň mekdebi. Bir danadan: «Baş gatymy, daş?» diýip soranlarynda, ol: «Baş» diýip jogap beripdir. Çünki ynsan balasy başa düşen iň agyr kynçylygy hem erki, eradasy bilen ýeňip geçmegi başarýar. Uruş ýyllarynyň horlugy, ýeter-ýetmezligi adamzat üçin synag döwri boldy. Şonda «Başa düşen işi başarmak gerek» diýen pähime gulluk edýän türkmen ýigitleri hakda-ha gürrüň ýok, gyz-gelinler hem mertligiň belent nusgasyny görkezdiler.

Ene söýgüsi

Zähmet adamy taplaýar, şol bir wagtyň özünde-de wagtyňy bisarpa geçirmekden halas edýär. Durmuşda belent derejä, abraý-mertebä diňe tutanýerli we irginsiz zähmet bilen ýetilýändigine düşünýäris. Gündelik iş pursatyňda bolup geçýän wakalaryň aň äleminden çykman, uzak wagtlap oýlanyp gezmegiňe sebäp bolýan halatlary-da bolýar. Bu ýagdaý, esasan hem, eneler bilen bagly wakalarda köp gabat gelýär. Sebäbi enelere bolan hormatdyr sarpa her bir ynsanyň gursagynda ýaşaýar. Eneleriň ukusyz geçirýän gijelerinde, perzendiň daşynda perwaz urup atyrýan daňlarynda, ajaýyp arzuw-umytlardan doly hüwdülerinde perzendine bolan ummasyz uly söýgi bardyr. Her bir adamyň ýüregindäki duýgy damarlarynyň tarlaryny owazlandyrýan ene sözüniň özi mähriban. Ene ýagşy umyt-arzuwlara gol berip, özi hakyndaky aladany unudyp, perzendini kemala getirýär. Hemişe öz çagalaryna ilhalar, halal bolmagy ündeýän ata-eneleriň sözüni tutmak perzentler üçin mukaddes borçdur. Ogul-gyzyna ak süýdüni, ak arzuwlaryny, gijäniň süýji ukularyny, zähmetini, yhlasyny hem ömrüni bagyşlaýan eneleriň hormaty uludyr. Halal zähmet çekmek bilen halal ýola bil baglamak her bir adamy arzyly menzillere ýetirýär. Goý, ajaýyp döwrümizde halal zähmet bilen abraý gazanmak her birimize miýesser etsin, halkymyzy baky bagta ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Kömelekli tagamlar

Bahar geldigi ak çabgalar şabyrdap inende giň sähralardaky selmeler birenaýy ýuwlup, kümüşsöw ýapraklaryny güjeňlärler. Asmanda müň öwüşginli älemgoşar peýda bolup, ýazyň ýakymly nygmatlaryny wada berýäne meňzär. Ana, şol günden soň, oba çagalary gaty uzaklaşdyrman ellerine taýajykdyr sebetjik alyp, gidibererler toparlanyşypjyk kömelek gözlemäge. Ene toprak inine siňen behişdi nemiň güýjüne posurdap özi diýip gelene «aýasyny açar-da» sahylyk görkezer. Mährem topragyň ynsan saglygy üçin bahasyz derman hasaplanýan şeýle tagamly nygmatlarynyň biri-de kömelekdir. Olaryň arasynda «gelin kömelek» adyny alan görnüşi has hem bereketli we peýdalydyr. Eneler aýtmyşlaýyn, «Höwür-höwür» diýip, kömelek gözläp ugrasaň, olar biri-biriniň syryny açarmyşlar. Topragy çalaja galdyryp, güberlipjik duran kömelejigi tapan ugruňa syn etseň, töweregindäkilere hem bada-bat gözüň düşer. Şeýdip, oglanjyklar nädip sebetjiklerini dolduranlaryny duýman galarlar. Olar çaltrak öýe ýetmäge howlugarlar.

Agyz bir bolsa, köňül jem bolar

Agşamlyk edinmäge ýygnanan maşgalanyň bir saçagyň daşyna jem bolmagy buýsandyrýar. Saçakdaky naz-nygmatlara «bissimilla» diýip, ilkinji bolup el uzatmak türkmen däbine görä öýüň ýaşulusyndan başlanýar. Nahar başynda kän gürlenmeýär. Iýip bolanyňdan soň, eliňi ýuwup, täzeden saçak başyna geçip, çaý içişlikde gürrüň başlanýar, durmuşda, okuwda, işde bolup geçen gündelik täzelikler bilen tanşylýar. Agtykdyr çowluk ata-enesiniň gujagyna dolup, täsin gürrüňleri berýär. Ulular bolsa döwletli işleriň maslahatyny edýär. Daş-töwereginde bolup geçýän hereketlere ata-enäniň guwanjynyň çägi ýok. Maşgalada bagtyýarlyk, agzybirlik höküm sürýär. Bu bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen maşgalasynyň binýadynyň berkliginden nyşan. Türkmen maşgalasy her bir döwürde-de özüniň agzybirligi, sabyrlylygy, wepalylygy, zähmetsöýerligi bilen tapawutlanypdyr. Sebäbi, çaga dünýä inenden, onuň gulagyna ene hüwdüsi bilen bilelikde ynsanperwerlige ýugrulan häsiýetler baradaky düşünjeleri guýupdyrlar. Ata-babalarymyz maşgalada «Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýen nakyla hem-de milli ýol-ýörelgelere eýermek bilen edepli perzentleri kemala getiripdirler. Birek-birek bilen salamlaşmagyň, görüşmegiň, hal-ahwal soraşmagyň her bir ynsan üçin edebiň başydygyny, onuň sogapdygyny ündäpdirler. Daş-töweregiňe mähirli, mylaýym garamak, sada bolmak, iliňi-günüňi söýmek, bir iş tutulsa eliňden gelen k

Döwletliligiň müdimi binýady

Hormatly Prezidentimiz Milli Geňeşiň iki palatasynyň birinji bilelikdäki mejlisinde: «Halk Maslahatynyň agzalary halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen täze konsepsiýalary, döwlet maksatnamalaryny, meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmalydyr» diýmek bilen, öňde möhüm wezipeleri goýdy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary hem-de Zenanlar birleşigi bu wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle-de maşgala gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlary hem-de ata-babalarymyzyň Watana, maşgala ojagyna wepalylyk, tutanýerli zähmete ygrarlylyk ýaly belent ýörelgelerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Milli Liderimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, ilat arasynda, esasan hem, ýaşlaryň arasynda döwletimiziň her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, milli kanunçylygy wagyz etmäge ýakyndan gatnaşýarlar. Zeminiň ähli ýerinde gülleriň açylyp, guşlaryň erkana saýramagy, çagalaryň dilinden şirin aýdymlaryň ýaňlanmagy üçin adamyň adama hormat goýmagy gerek. Halkymyzda her bir ynsanyň adamkärçiligi öwrenmeginiň, sylaşygy, hormat goýmagy we özara gadyrlylygy nusga edinmeginiň binýady maşgalada diýlip hasap edilýär. Çünki hiç bir adamyň diňe özi hakynda alada edip, bagtly bolup bilmejekdigi aýandyr. Özgeler babatda hem adalatly bolmagyň zerurlygy adam hakyndaky al

Biler bolsaňyz

Braziliýa döwletiniň ady hoz sözünden gelip çykan. Ilkinji doňdurma 1923-nji ýylda tötänlikde döräpdir. Satyjy Frank Epperson bulgurdaky limon süýjüsini ýadyndan çykaryp daşarda galdyrypdyr. Şol gije sowuk bolup, süýji doňupdyr we şondan soň biziň gowy görýän doňdurmamyz döräpdir.

Milli terbiýäniň ähmiýeti

Mähriban halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelip, wagtyň geçmegi bilen has kämilleşip, jemgyýetimiziň özboluşly kadasyna öwrülen ýörelgelerine aýratyn hormat goýýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda zähmetsöýerligi, myhmansöýerligi, dostlukly gatnaşyklary, ynsaplylygy, agzybirligi, paýhas pentlerini şol ýörelgeleriň esasylary hökmünde öňe çykarýar. Bu ýörelgeleriň her biri aýratyn bir bölüm hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär, öz halkyny, ata Watanyny, ene topragyny, däbini-dessuryny, durmuş ýörelgelerini, pederlerimizden miras galan öwüt-nesihatlardyr pentlere uýýan, olara hormat goýýan her bir adamda buýsanç duýgusyny döredýär.

Örki — örlän öýünde

(Oçerk) «Göbek ganyň daman ýeri» diýlen düşünje hemme halklarda-da bar, ýöne türkmençilikde muňa aýratyn uly ähmiýet berilýär, ondan aýratyn çuň many agtarylýar. Ynsanyň dünýä inen ýerine-ojagyna, obasyna, topragyna, ýurduna ömür örki baglanýar, oňa mukaddes ýer hökmünde garaýar, şoňa sygynýar. Ynsanyň giň dünýä bilen tanyşlygy, adamlar bilen goşulyp-garylmasy, dogum-gaýraty, ukyp-başarnygy göbek ganynyň daman ýerinden başlanýar...