Maşgala bagtyýarlygy – jemgyýetiň ygtybarlygy

19 Maý 2021
1613

Maşgala jemgyýetiň iň gadymy institutlarynyň biri bolup, adamyň jemgyýetçilik durmuşynda iňňän wajyp orny eýeleýär. Hatda jemgyýetiň döremeginde-de köp derejede maşgalanyň emele gelmeginiň netijesi hasaplanýar. Jemgyýet maşgaladan başlanýar. Maşgala jemgyýetiň ilkinji we esasy öýjügi bolup durýar. Jemgyýetiň ahlak, ruhy we edep kämilliginiň çeşmesi bolup çykyş edýär. Jemgyýetiň sagdynlygy we arassalygy maşgalanyň sagdynlygyna we arassalygyna baglydyr. Jemgyýetiň abadanlygy we durnuklylygy köp babatda maşgalanyňka bagly bolýar. Maşgala jemgyýet üçin wajyp bolan birnäçe wezipeleri ýerine ýetirýär. Ilkinji nobatda, maşgala çaga dogluşynyň netijesinde täze nesliň döremegini we ilatyň san taýdan artmagyny üpjün edýär. Maşgalanyň ýene-de bir esasy wezipesi çagalaryň terbiýesi bilen baglydyr. Ýagny her bir täze dünýä inen çaganyň jemgyýete aralaşmagy bilen bagly terbiýe, ilkinji nobatda, maşgalada başlanýar. Maşgala terbiýesinde ata-eneleriň şahsy göreldesiniň ähmiýeti uludyr. Adamyň ahlaklylygy, özüni alyp barşynyň ugurlary we kadalary hut maşgalada kemala gelýär. Şonuň üçin maşgala çagalaryň terbiýesi üçin jemgyýetiň we döwletiň öňünde jogapkärdir.

Türkmenlerde maşgala gatnaşyklarynyň berk bolmagyna aýratyn üns berlipdir. Maşgala mukaddes ojak hasaplanypdyr. «Bina bolmasa, binýat bolmaýar» diýlişi ýaly, maşgalanyň binýadyny gurýan ata-enelerdir. Ata-enäniň yhlasy, söýgüsi bilen bina bolan maşgala berk, abat bolýar. Türkmeniň islendik maşgalasynda atanyň orny gaýduwsyzlygyň, edermenligiň, merdanalygyň, enäniň orny mukaddesligiň, mähribanlygyň nusgasy bolup çykyş edýär. Maşgala gurmakda ýaşlar, ilki bilen, örän eserdeň, hüşgär bolmaly, sebäbi bütin ömrüňde bir jan, bir ten bolmaly ýanýoldaşyň bilen häsiýetiň, düşünjäň laýyk gelmeli. Iki juwan birek-biregi goldanda, bagtly durmuş gurmak kyn düşmeýär. Elbetde, durmuşyň özüne ýetik hysyrdysy, kynçylygy-da bolýar. Maşgalada ýüze çykýan käbir kynçylygy ýaşlaryň ikisi-de bile agzybirlikde, deň derejede durup çekişmeli. Öýlenen ýigidiň maşgalasy uly bolsa, onda täze gelen gelin gaýyn atasy, gaýyn enesi, gaýyn agalary, eltileri, ýüwürjileri, gaýyn ekejileri, baldyzlary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Käbir maşgalalarda olaryň hemmesi bile ýaşaýarlar. Gelen gelin gaýyn enesidir gaýyn atasyny öz ene-atasy ýaly, gaýyn ekejilerini, gaýyn agalaryny, baldyzlaryny öz doganlary ýaly görüp, bu maşgalanyň edim-gylymyna, tertip-düzgünine hormat goýsa, onda ol bagtly, döwletli maşgalanyň hormatly agzasyna öwrüler.

Enejan AMANÝAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 9-njy çagalar bagynyň müdiri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar