"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gaýduwsyzlygyň beýik nusgasy

«Sen iliň aladasynda, ene-de oglunyň aladasynda. Iliň aladasynda bolýan, il-günüň ynamyna ygrarly, Watanynyň at-abraýyny ähli zatdan ýokarda goýýan perzentleriň hut eneleriň arzuwy, yhlasy bilen beýgelýändigi hiç hili subutnama talap etmeýär». Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan.

Maşgala gymmatlyklarynyň sarpasy

Maşgala — her bir ynsanyň iň eziz görüp, mukaddes hasaplaýan ojagy hökmünde sarpalanýar. Maşgalada agzybirlik bolup, asudalykda ýaşamak adamyň esasy maksatlarynyň biridir. Maşgala hukuk gatnaşyklarynyň kadalaşdyrylmagy, goralmagy babatynda hereket edýän hukuk namalarda, döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan meýilnamalaýyn işleri durmuşa geçirmek döwletimiziň durmuş syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Şu ýylyň 30-njy oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 15-nji maslahatynda raýatlaryň we döwletiň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň berjaý edilmegine gönükdirilen meseleler esasy üns merkezinde boldy. Maslahatyň dowamynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, jemgyýetiň mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrylmagyna ýardam berjek hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi. Bu babatda «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns berilmegi wajypdyr. Çünki bu hukuk namalaryň güýje girizilmegi ýurdumyzda köp çagaly maşgalalaryň durmuş-üpjünçilik ýagdaýyny öňküden-de gowulandyrmaga goldaw bolar. Has takygy, şol maşgalalaryň maddy-

Otag güllerine ideg

Gyşdan başga ýylyň islendik paslynda otag güllerini göçüriş işlerini geçirip bilersiňiz. Gülleriň oýanyp, aňsat uýgunlaşýan wagty bahar paslydyr. Haçan-da toprak gataşyp, çalt gurap, gül kökleri güldanyň aşaky deşijeklerinden çykyp başlanda otag gülleriniň topragyny täzeläp, başga güldana geçirmeli. Artykmaç suwuň berilmegi, zyýan beriji mör-möjekleriň peýda bolmagy, nädogry toýun garyndysy, ýokumly maddalaryň azalmagy kökleriň çüýremegine sebäp bolýar. Şeýle şertler gülleriň ösüşini togtadyp biler. * * *

Joramyň gaýynenesi

Her gezek gaýyn-gelin hakynda gürrüň açylanda joram gaýynenesini süýjülik bilen ýatlaýar. Ol bu gezegem, «Wah, daýzam bolan bolsady, men şähere göçüp gelmezdim, sebäbi onuň bilen bile ýaşamaklygyň özi bir lezzetdi» diýýär. — Biz gaýynym bilen bary-ýogy dört ýyl bile ýaşapdyk. Ol ýyllar ýyldyrym çaltlygynda geçen eken. Daýzam il üçin doglan adamdy, elinden ähli iş gelerdi. Onuň ýaş gelinlere berýän gymmatly maslahatlaryny, edim-gylymlaryny, iş ýöredişini, eliniň süýjüligini aýtjakmy, garaz, ähli babatda gaýynymyň ýakyndan goldawyny duýardym.

Bars ýylynda doglan zenanlar barada

Aslynda, her bir adama özboluşly ukyp-başarnyk berilýär. Şeýle-de bolsa bilermenler adamlary ukyplary, häsiýetleri boýunça birnäçe toparlara bölýärler. Biz hem žurnalymyzyň şu gezekki sanynda bars ýylynda doglan zenanlaryň başarnyklary, häsiýetleri barada internet maglumatlaryna, bilermenleriň pikirlerine salgylanyp, söhbet etmek isleýäris. Bilermenleriň geçiren barlaglary bars ýylynda doglan zenanlaryň jogapkärçilikli, zähmetsöýer, şol bir babatda hem ynjyk, öýkelek we adamkärçilikli häsiýetleri özünde jemleýändigini mälim etdiler. Olar islendik işe jogapkärçilikli ýapyşyp, zähmetsöýerligi we ynjyklygy bilen başyna baran işlerini birkemsiz ýerine ýetirmegi başarýarlar. Bars ýylynda doglan zenanlar her bir adam bilen özüni salyhatly, körpeler bilen çaga ýaly, ulular bilen uly ýaly alyp barýarlar. Emma bars zenanlary örän öýkelek bolýarlar. Olaryň öýkelekligine, esasan hem, ynjyklygy sebäp bolýar. Olar töweregindäkilerden beýik işlere garaşýar. Ýöne kähalatlarda käbir zatlaryň isleýşi ýaly ýerine ýetirilmeýändigi sebäpli, töweregindäkilerden öýkeleýärler. Eger-de bars ýylynda doglan zenanlar sizden öýkelän bolsalar, olardan ötünç sorap, şokolad ýa-da gül sowgat edip, öýkesini ýazyp bilersiňiz. Olar gerek ýerinde oňat maslahatçydyrlar. Bars ýylynda doglan zenanlar özüniň we töweregindäkileriň saglygy hakynda alada edýärler.

Rysgal-berekediň ýyly

Aýlanyp duran günler, aýlar, ýyllar paý nesibesi bilen adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyna, ykbalyna, bagtyna, saglygyna, rysgal-döwletine öz täsirini ýetirýär. 2022-nji ýyl müçenama hasaby boýunça bars ýyly hasaplanýar. Gündogarda müçe ýyllary öz häsiýeti boýunça bäş topara bölünýär, olar: ot, suw, howa, metal, toprak bolup, bars ýyly tebigaty boýunça suw hasaplanýar. Bu ýyl reňki boýunça-da gök (suwuň) reňke eýe bolup, ynsana tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagy ündeýär. Ýyldyznama ylmynda hünärmenleriň aýtmagyna görä, 2022-nji ýylda ygal köp ýagyp, daýhan yhlas etse, miweli baglaryň, bakja ekinleriniň, gallanyň we pagtanyň bol hasyl berjekdigi, bars ýylynda doglan çagalaryň bolsa owadan, dogumly boljakdygy nygtalýar. Bu ýylda doglan çagalary ene-atalary nägile bolmaz ýaly, oýlanman gahar-gazaba özüni aldyrmaz ýaly häsiýetde terbiýeleseler, olaryň sagdyn, bagtly bolup uzak ýaşajakdyklary beýan edilipdir.

Bilerin diýseňiz…

Mandarin ýaprak dökmeýän kiçijik agajyň miwesi. Beýleki sitrus miwelere görä, ol örän ýakymly ysly, daşynyň gabygy hem çalt aýrylýar. Dünýäde bu miwäniň 200-e golaý görnüşi bolup, şekili, reňki, agramy we tagamy bilen tapawutlanýar. Mandarin witamine baý, ol antioksidantdan we minerallardan durýar. Onuň düzümi A, C, (B1, B3, B5, B6, B9) witaminlerden, kalsiý, magniý ýaly elementlerden hem-de az mukdardaky karbonat proteinden, ýagdan we suwdan ybaratdyr. * * *

Arassaçylyk — gözellik

Aşhanada işe gutarma ýok. Irden, gündiz, agşamara diýen ýaly nahar-şor edilýär. Şonuň üçin, gyzan ýagyň, gowrulan balygyň, başga-da bişirilýän tagamyň ysy çykýar. Eýsem, aşhanada ýakymly ysyň bolmagy üçin näme etmeli? Irden bir käse hoşboý ysly kofe diňe bir gurplandyryjy täsir etmän, eýsem, otagy ýakymly ys bilen hem dolduryp biler.

Dünýä ýurtlarynda Täze ýylyň bellenilişi

Täze ýyl hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramydyr. Bu baýram tutuş adamzat üçin üýtgeşikdir. Iň esasy aýratynlyklarynyň biri, onuň ýagşy arzuw-umytlara beslenip garşylanmagynda bolsa gerek. Muny Täze ýyly mynasyp garşylamak babatda dünýä halklarynyň özboluşly däp-dessurlary hem doly subut edýär. Ol däp-dessurlar bir-birinden tapawutly bolsa-da, mazmunynda birmeňzeşlik duýulýar. Ýagny Täze ýylyň bagt, saglyk, rowaçlyk, bolelinlik, üstünlik, umuman, gowulyklar getirip, durmuşymyzy has-da bezeýändigi bilen bagly hakykat. Goý, şeýle-de bolsun! * * *

Ýeňsiz örmegiň düzgünleri

Çyzgyda görkezilen ýeňsizi örmek üçin iki uzyn çişi ýanaşdyryp, sag eliňde jebis tutup, ýüpüň ujundan iki gulaç uzynlykda iki epläp, syrtmak salyp, çişe geýdirmeli, ýüpleri çekişdirmeli. Onsoň ýüpüň gysga tarapyny çep eliň başam barmagynyň iç ýüzünden daşyndan öwrüp, eliň aýasyna almaly. Ýüpüň ýumakly tarapyny bolsa, süýem barmagyň daşyndan öwrüp, orta barmak tarapdan aralykdan geçirip, iki ýüpi-de eliň aýasynda üç barmagyň bilen saklamaly. Soň çişiň ujuny başam barmagyňdaky halkanyň içinden geçirip, süýem barmagyňdaky ýüpi çekip, halka alybermeli. Ýeňsiziň öňüniň bir tarapy üçin 65 halkany almaly-da, çişleriň birini çekip çykarmaly. Onsoň bir halkany düzüw, bir halkany tersine sozma görnüşde örüp başlamaly. Ýeňsiziň eteginiň gyrasy şeýdip 12 aýlanmaly. Soň ýeňsiziň ýaka gyrasy üçin 9 halkany etek gyranyň örülişi ýaly dowam etmeli. Beýleki halkalara islän nagyşlaryňy, ýagny bugdaý örüm, saç örüm, pökgüje gyýaklary salyp örseň, owadan görner. Iň bolmanda, halkalary bir düzüw, bir çöwre örseňem, owadan görünýär. Her aýlawda 9 halkanyň ýüplerini gyrasy telki bolmaz ýaly, çekdiribräk örmeli. 95-nji aýlawdan soň goltugy owadanlap başlamaly. Onuň üçin bir aýlawda 6 halkany kemeltmeli. Onsoň her gezek öňe tarap öreniňde 1 halkany kemeltmek bilen ýene 6 halkany kemeldip, dogra durmaly, 6 halkany birden kemeldeniňden soň, 4 aýlananyňdan soň, ýaka tarapyny hem her gezek öňe tarap öreniň

Bars ýylynyň häsiýetleri

Täze, 2022-nji — bars ýylyny garşylanymyzda barsda mylaýym häsiýeti oýandyrmak üçin nähili lybas geýmeli, öýümizi, desterhanymyzy nämeler bilen bezemeli? Köp garaşylan Täze — bars ýylynyň gelmegi bilen bu soraglar her bir adamy gyzyklandyrýar. Eýsem, bars ýylynyň umumy häsiýetleri nämede jemlenýärkä? Rowaýata görä, ala-mula ýyrtyjy bars özüniň güýjüne we kuwwatyna daýanmak bilen, täleýnamanyň sanawynda birinji boljakdygyna ynanýar. Emma bu orny hilegär syçan eýeleýär, zähmetsöýer we armazak sygyr ikinji, bars bolsa üçünji orny eýeleýär. Bars şonda-da başyny belent tutýar. Häsiýetinde erjellik, gujur-gaýrat, ýyndamlyk jemlenen barsy haýwanlaryň soltany hasaplaýarlar. Ol gahar-gazaby kowýan güýjüň nyşanydyr.

Siziň täze ýyl saçagyňyza

Şetdalyly şirinlik Hamyry üçin gerekli önümler:200 g mesge ýagy, 200 g şeker, 200 g un, 4 sany ýumurtga, 1 sany limon, 2 çaý çemçe gabartma tozy, 1 sany wanilin, 800 g konserwirlenen şetdaly, 50 g hoz, 2-3 nahar çemçe kişmiş.

Gyş ýapgylary

1 nahar çemçe gaýmak, 1 nahar çemçe dorag we 1 çaý çemçe deňiz duzuny garyşdyrmaly. Taýyn bolan ýapgyny ýüzüňize çalyp, 15 minut saklamaly. Ýapgy sowuk howada guran ýüzleri iýmitlendirer. * * *

«Bars» işdäaçary

Gerekli önümler: • 350 gram towuk döşi;

Gutlag bukjasy

Täze ýyl baýramçylygy ähli çagalaryň garaşýan iň arzyly baýramçylyklarynyň biridir. Bu baýramçylykda ene-atalaryňyzy, jigi-doganlaryňyzy, dostlaryňyzy, joralaryňyzy, mugallymlaryňyzy gutlamak üçin gutlag bukjasyny ýasamagy öwrenmek isleýän bolsaňyz, onda bu sahypamyz siziň üçindir. Gerekli esbaplar:

Ynamda uly güýç bar

Durmuşda adama ýaşamaga, döretmäge, gurmaga, jemgyýetde öz ornuny tapmaga ýardam berýän duýgular bolýar. Ynsan kalbyna ganat berýän, täze ýeňişlere ruhlandyrýan, döredijilikli ýaşamaga ylham berýän mukaddes duýgy ynamdyr. Seni gurşap alýan daşky dünýädäki özara gatnaşyklaryň esasynda ynam we birek-birege ynanyşmak durýan bolsa, bu eýýäm durmuşyňdaky uly utuşdyr. Meniň üçin iň esasy zatlaryň biri deň-duşlarymyň, ýakynlarymyň maňa bolan ynamlary bolupdy. Kähalatlarda, durmuş ummanynda gäminiň däli tolkunlara berlip, ýalňyş menzillere sowulmagynyň öňüni alyp, uzaklarda umyt yşygy bolup gol bulaýan çelgä öwrülen hem ynam duýgusydyr. Durmuşda üstünlik gazanmagyň ilkinji syry ynam bolsa gerek. Ol ynam, ilki bilen, dogduk öýüňden, iň ýakyn hossarlaryň gatnaşygyndan başlanýar. Gelniniň hamyla bolanyny duýandan, onuň daşynda hozanak bolup, her bir zatda gorap-goldaýan ýanýoldaşyň, aladaçyl ene-atalaryň, mährem dogan-garyndaşlaryň, dost-ýardyr goňşy-golamlaryň, garaz, ýakyn-u-ýadyň kalbynda nesil dowamatyna bolan mukaddes gatnaşyk bilen bir wagtda dünýä geljek bäbegiň il-güne ýaramly, halal süýt emen, ýagşylyga ýaran adam bolup ýetişjekdigi barada nurana ynam bar. Agzy üýtgäp başlandan, adam atlary bilen gyzyklanyp, bäbegine iň owadan, iň mynasyp at dakmaga höweslenýän gelindir onuň ýakynlary täze dünýä injek çaganyň öz adyna, aslyna laýyk ömür sürjekdigine ynanýarlar.

Eşretli durmuşyň eýeleri

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda uly ösüşlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasatynyň barha dabaralanýandygyna, paýhasly başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde giňden goldaw tapýandygyna guwanjymyz, buýsanjymyz artýar. Watanymyzyň kuwwatynyň, dünýäde abraý-mertebesiniň barha artmagynda ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda ýadawsyz zähmet çekýän gelin-gyzlaryňam uly goşandy bar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň meýilnamasyna laýyklykda, Gumdag şäher zenanlar geňeşi hem milli ýol-ýörelgelerimize esaslanyp, türkmeniň maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak we bu gymmatlyklarymyzy ýaşlara ýetirmek maksady bilen, zenanlaryň arasynda wagyz-ündew çärelerini, maslahatlary yzygiderli guraýar, bäsleşikleri geçirýär. «Gyz edebi — il edebi», «Gyz edebi — gyzyl gül», «Gyzym gözel — edebi ozal» ýaly mowzuklarda geçirilýän şol çärelerde durmuş tejribesi ýetik eneler hem-de gelin-gyzlar çykyş edýärler. Şeýle çykyşlar örän täsirli bolup, olaryň gyzlary özbaşdak durmuşa taýýarlamakda, gaýyn-gelin gatnaşyklaryny öwretmekde ähmiýeti diýseň uludyr. Gyzlara milli tagamlary, el işlerini taýýarlamagy öwretmek boýunça işlerem ünsden düşürilmeýär. Sport ýaryşlary bolsa olaryň bedeniniň berk, ruhunyň belent bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine hemişe eýermeklerinde giň mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

Gyz edebi — il edebi

Ýakynda Baýramaly şäherindäki 13-nji mekdep-internatda şäher häkimligi bilen mekdep-internatyň “Meňli” atly gyzlar klubunyň bilelikde guramagynda “Gyz edebi — il edebi” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Baýramaly şäher häkiminiň orunbasary, etrap zenanlar bölüminiň başlygy Altynjemal Daňatarowa çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eşretli durmuşyň hözirini görüp, yhlasly zähmet çekýän eli çeper türkmen gelin-gyzlarynyň sarpasynyň belent tutulýandygy, ula-kiçä sylag-hormat goýmalydygy, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, urp-adatlarymyza uly üns berilýändigi barada gürrüň berdi.

Asylly ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir ata-ene öz perzendiniň ykbalynyň kuýaşydyr, şahsyýetiň kemala gelmeginde jemgyýetiň hem täsiri uludyr, ýöne öz Watanynyň ösüşine goşant goşýan ynsanyň kemala gelmegi ata-enäň göreldesine, beren terbiýesine berk baglydyr» diýip belleýşi ýaly, terbiýe maşgaladan başlanýar. Maşgala ynsanyň dünýä inenden başlap, onuň ilkinji we ömürlik terbiýe ojagydyr. Üç ýaşa çenli döwürde çaganyň beýnisi örän çalt ösýär. Çaganyň aňynyň ösüşiniň aglaba pursatlary maşgalada terbiýelenýän döwründe, galyberse-de, çagalar bagyndaky döwründe bolup geçýär. Bu döwürde ata-eneler öz çagalary bilen has içgin söhbetdeş bolup, olaryň içki oý-pikirleri bilen hemişe gyzyklanmalydyr. Olar çagalarynyň psihologiýasyna aralaşyp, perzendiniň isleglerini hemmetaraplaýyn öwrenip, oýlanyşykly hereket etmelidir. Çaganyň soraglaryna, isleglerine mümkin boldugyça jogap bermelidir. Ýaş aýratynlygyna görä çemeleşip, çaganyň özünde ynam döretmeli.

Maşgala mukaddesligi

«Öý-ojagyň gelşigi — maşgala mukaddesligi» diýen at bilen Gumdag şäher zenanlar guramasy wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Maşgala gymmatlygynyň jemgyýetimizdäki ornuna, ähmiýetine we ony gorap saklamaga bagyşlanan bu çärä ýaşlaryň uly topary gatnaşdy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maşgala gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek, ony berkitmek ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiz maşgalanyň özboluşly ilkinji guramadygyny nygtap, her bir maşgalanyň maddy we ruhy taýdan üpjün bolmagy, onuň maddy üpjünçiliginiň gowulanmagy üçin ýadawsyz alada edýär. Bu barada çykyşlarda aýratyn nygtalyp geçildi we döredip berýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyldy.