Asylly ýörelge

19 Dekabr 2021
1795

Hormatly Prezidentimiziň: «Her bir ata-ene öz perzendiniň ykbalynyň kuýaşydyr, şahsyýetiň kemala gelmeginde jemgyýetiň hem täsiri uludyr, ýöne öz Watanynyň ösüşine goşant goşýan ynsanyň kemala gelmegi ata-enäň göreldesine, beren terbiýesine berk baglydyr» diýip belleýşi ýaly, terbiýe maşgaladan başlanýar. Maşgala ynsanyň dünýä inenden başlap, onuň ilkinji we ömürlik terbiýe ojagydyr.

Üç ýaşa çenli döwürde çaganyň beýnisi örän çalt ösýär. Çaganyň aňynyň ösüşiniň aglaba pursatlary maşgalada terbiýelenýän döwründe, galyberse-de, çagalar bagyndaky döwründe bolup geçýär. Bu döwürde ata-eneler öz çagalary bilen has içgin söhbetdeş bolup, olaryň içki oý-pikirleri bilen hemişe gyzyklanmalydyr. Olar çagalarynyň psihologiýasyna aralaşyp, perzendiniň isleglerini hemmetaraplaýyn öwrenip, oýlanyşykly hereket etmelidir. Çaganyň soraglaryna, isleglerine mümkin boldugyça jogap bermelidir. Ýaş aýratynlygyna görä çemeleşip, çaganyň özünde ynam döretmeli.

Annajahan ÖKÜZOWA,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar