"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Lukman maslahat berýär

Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklik, diňe bir ýiti respirator keselinden goraman, eýsem, içgeçme, sary getirme ýaly nähoşlukdan hem goraýar. Arassaçylyk kesellerden goranmagyň iň ygtybarly usulydyr. Biziň ählimiz nahar iýmezden öň, çagalar hem daşarda oýnap gelenlerinden soň ellerimizi akar suwuň aşagynda sabyny köpürjikledip barmaklaryň arasy bilen gowy ýuwmaly.

Sagdyn durmuş ugrunda

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň wezipelerini durmuşa geçirmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň saglyk ulgamynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, halkymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde beýik işler amala aşyrylýar.

Il saglygy – ýurt baýlygy

Ýiti respirator keseliniň öňüni alalyň! Pasyl çalşanda howanyň sowamagy bilen ýiti respirator wirus keselleri ýüze çykýar. Durmuşda bu kesel adaty ýagdaýda “sowuklama” diýlip atlandyrylýar. Keseliň esasy alamatlary burnuň akmagy ýa-da dykylmagy, bokurdak agyrynyň peýda bolmagy, sesiň gyrylmagy, üsgülewük döremegi, gyzgynyň ýokarlanmagy, kelläň agyrmagy, umumy ysgynsyzlygyň peýda bolmagy, myşsalaryň, bogunlaryň agyrmagy, kä halatlarda bir-iki gezek iç geçmegi ýaly alamatlar ýüze çykyp bilýändir. Keseliň alamatlary ýüze çykanda özbaşdak bejergi geçirmän ýaşaýan ýerleriňiz boýunça maşgala lukmanlaryna ýüz tutmalydyr. Eger-de, dürli sebäplere görä näsag öý şertlerinde bejergi almaly bolsa, ol hökmany ýagdaýda maşgaladan aýratyn otagda bolmalydyr. Köpçülik ýerlerine barmakdan, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmakdan saklanmalydyr. Näsag gutulýança öý şertlerinde bolsa-da, agyz-burun örtügini dakynmalydyr, howpsuz aralygy (2 metr) saklamalydyr, näsagyň ulanýan gap-gaçlary, süpürgiçleri aýratyn bolmalydyr we wagtly-wagtynda zyýansyzlandyrylmalydyr.

Saglygyň sakasy

Saglygyňy gorap saklamagyň zerur şertleriniň biri hem pasla görä geýinmekdir. Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde, öýden çykanyňda kelläňe başgap, egniňe ýyly egineşikleri, eliňe ellik, aýagyňa taýdyrmaýan aýakgap geýmek möhümdir. Şeýlede agyzburun örtüklerini dogry dakynmak, beýleki adamlar bilen 2 metr aralygy saklamak, möwsümleýin döreýän ýiti respirator keseliniň öňüni almak üçin öňüni alyş sanjymlaryny almak, elleriňi arassa saklamak hökmany talapdyr. Şu talaplary berjaý etmek bilen, ýylyň ähli paslynda saglygyňy gorap saklamak mümkindir. Ýiti respirator keseli wirus ýokanjynyň bir görnüşidir. Bu kesel möwsümleýin häsiýete eýedir. Ol ýylyň dowamynda, esasanda, howanyň sowaýan aýlarynda ýüze çykýar.

Ynsan saglygyna melhem şypahana

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen açylyp, ulanylmaga berlen şypahanamyzda-da raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde, keselleriň öňüni almakda uly işler alnyp barylýar. Jeýhunyň sag kenarynda — Farap etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala obasynda ýerleşýän bu ajaýyp şypahananyň tebigy suwunyň bejeriş täsiri 1958-nji ýyldan bäri mälimdir. Ol şol ýerde geologiýa-barlag ekspedisiýasy tarapyndan gözleg işleri geçirilende, 900 metr çuňlukdan öz akymyna çykýan mineral suwly guýynyň ýatagy açylmagy sebäpli ýüze çykaryldy. Mineral suwuň ýylylygy bütin ýylyň dowamynda 39 gradus bolup, onuň düzüminde 32-den gowrak elementiň bardygy anyklanyldy. Suwuň adam bedenine şypaly täsir edýändigi ylmy esasda tassyklanyldy.

Saglygymyz — baýlygymyz

Elleriňizi sabyn bilen ýuwuň, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen tämizläň! Öýden daşary çykanyňyzda agyz-burun örtügini dakynyň!

Lukmanlar maslahat berýärler

— Agyz-burun örtüklerini ulanyň! — Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý ediň! Çig we taýýar iýmitleri kesmek üçin aýratyn pyçaklary we tagtalary ulanyň!

Saglyk — baş baýlyk

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgärleri etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde, etrabyň ilatynyň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini alyp barýarlar. Howanyň düzümindäki tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy, şeýle-de howanyň sowamagy bilen baglanyşykly döräp biläýjek keselleriň öňüni almak maksady bilen, düşündiriş işleri etrabyň «Artyk» geňeşliginiň ýaşaýjylarynyň arasynda geçirildi. Wagyz-nesihat topary agzalan geňeşligiň ýaşaýjylarynyň öýlerine aýlanyp, möwsümleýin ýiti respirator ýokanç kesellerinden goranmak bilen baglanyşykly degerli maslahatlaryny berdiler. Olar öý şertlerinde bolan duşuşyklaryň barşynda pasla görä geýinmegiň, asgyrylanda, üsgürilende hökmany ýagdaýda elýaglyk bilen agzyňy we burnuňy ýapmagyň, elleri ýygy-ýygydan sabynly suw bilen ýuwup, elmydama arassa ýagdaýda saklamagyň, iki metr howpsuz araçägi saklamagyň möhümdigi barada aýratyn durup geçdiler. Agyz-burun örtüklerini dakynmak, bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik edinmek barada aýdylanlar ýerli ýaşaýjylarda uly täsir döretdi.

Saglyk hemmämiz üçin zerur!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Melhemler hazynasynyň düri

Üzümiň dermanlyk häsiýeti gadymy döwürden bäri bellidir. Muhammet Gaýmaz Türkmen özüniň «Pygamber tebipçiligi» atly meşhur eserinde öt haltasynyň keselleriniň üzüm bilen bejerilişi barada gürrüň berýär. Meşhur tebip Muhammet Huseýiniň «Melhemler hazynasynda» ýazylyşyna görä, üzüm peýdaly miweleriň biri. Halk lukmançylygynda ösümligiň iýmişi gipertoniýanyň (arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy), ganazlygyň, bronhial demgysmanyň, öýken inçekeseliniň, aterosklerozyň, babasylyň, dowamly nefritiň, daşly keselleriň başlangyç döwründe, şeýle hem bagyr kesellerinde, nerw ulgamynyň gowşaklygynda, bedende ýaglaryň we minerallaryň alyş-çalşy bozulanda ulanylýar. Onuň öt çykaryjy, gakylyk gopduryjy täsiri bolan melhemlikleri dürli kesellerde ulanmaga mümkinçilik berýär. Ýapraklarynyň jöwheri basykda (anginada) bokurdak çaýkamak üçin, başly ýaralarda ýaralary bitirmek üçin peýdalanylýar, ownuk kerçelen ter ýapraklary ýaralara, çybana ýapylýar.

Sarymsak — serim sag

Adam saglygyna peýdaly ekinleriň biri sarymsakdyr. Halk lukmançylygynda boz toprakly, döküni ýeten, bol suwly ýerde ekilip, alnan sarymsagyň adamyň ýüzüniň durkuny gowulandyrmakda, gözüniň görejini ýiteltmekde, gulagyň gowy eşitmeginde peýdasynyň köpdügi bellenilýär. Hatda ir döwürlerde-de saçyň düşmeginiň öňüni almak üçin hem sarymsagy saç düýbüne çalypdyrlar. Bu bolsa saç düşmeginiň öňüni alypdyr. Orta ýaşan adamlar sarymsagyň dişini ikä bölüp, dişiň etine çalypdyrlar. Şeýdip dişleriniň berkemegine şypa beripdirler. Adamyň bedenine düşen ýaralary-da sarymsak suwy bilen bejeripdirler.

Sagdynlyk — iň uly baýlyk

Hormatly Prezidentimiz «Biziň baş maksadymyz halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakdyr» diýmek bilen, döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalar edýär. Bu giň gerimli işler raýatlarymyzyň sagdyn bedenli we ruhubelent bolup ýaşamaklary baradaky aladalar bilen berk baglanyşyklydyr. “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda ilatyň saglygyny berkitmek, dürli keselleriň durnukly öňüni almak, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegini we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmak babatda, şeýle hem ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça uly işler üstünlikli alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy hakynda Karara gol çekmegi aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. Kabul edilen resminamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň kadalaryny we düzgünlerini ornaşdyrmak arkaly ilatymyzyň saglygyny berkitmekden we keselleriň öňüni almakdan, raýatlaryň ömrüniň ortaça dowamlylygyny artdyrmakdan we sagdyn durmuşda uzak ýaşamagyny gazanmakdan ybaratdyr.

Saglygyň gadyryny bilgil...

Häzirki wagtda gyş paslynyň dowam edýän günlerinde möwsümleýin ýiti respirator keseller, sowuklama ýaly näsazlyklar ýüze çykyp bilýär. Howanyň häli-şindi üýtgäp durmasy, aram-aram ýagyşdyr garyň ýagmagy ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinden, bogun agyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýän adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döredip ýa-da gaýra üzülmelere sebäp bolup bilýär. Adam bedeninde Gün şöhlesiniň ýetmezçilik etmegi bedeni tapdan düşürip, nerw ulgamyny gowşadýar. Bu bolsa, öz gezeginde, adamyň ukuçyl, ysgynsyz bolmagyna sebäp bolýar. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin saglygymyz hakynda öz wagtynda alada edip, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp durmaly. Bu günki gün Saglyk öýleri tarapyndan geçirilýän köpugurly öňüni alyş barlaglary keselleriň öňüni almaga gönükdirilen iň möhüm çäreleriň biridir. Olar keselleriň döremegine getirip biläýjek näsazlyklary gaýra goýman ýüze çykarmaga we bejermäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, Saglyk öýleri tarapyndan geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde sagdyn iýmitlenmek, möwsümde ýüze çykýan ýiti respirator ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, olaryň adam saglygyna ýetirýän zyýanly täsiri, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, ene süýdüniň ähmiýeti, dermanlyk ösümlikleriň saglyga peýdasy, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Häzirki wagtda howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli agyz-burun örtüklerini dakynmak bilen, köpçülik ýerlerine barlanda, bellenilen howpsuz araçägi saklamaly. Möwsümleýin ýiti ýokanç keselleriň öňüni almak üçin ýörite düzgünleri berk berjaý etmeli. 1. Otaglary we olardaky mebelleri, gapylaryň tutawaçlaryny, pollary zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen yzygiderli arassalap durmaly, penjireleri açyp, otaglary ýelejiretmeli.

Wagyz-ündew çäresi

Türkmenbaşy şäheriniň «Türkmenbaşyagyzsuw» önümçilik ulanyş müdirliginiň mejlisler otagynda edara-kärhanalaryň işgärleri we talyp ýaşlar bilen geçiren «Saglygymyz — baýlygymyz, seresaplylyk — goragymyz» atly wagyz-ündew çärämizde ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtügini dakynmagyň düzgünlerini berjaý etmek barada täsirli söhbet edildi. Şäher hassahanasynyň, saglyk öýüniň we şäher prokuraturasynyň işgärleri öz çykyşlarynda ýiti öýken sowuklama keseliniň we gaýry ýokanç hassalyklaryň ýaýramagyna garşy dünýäniň lukmançylyk tejribesinde maslahat berilýän ähli çäreleri kada laýyk berjaý etmegiň wajyp wezipämizdigini ündew etdiler. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan il-ýurt bähbitli ynsanperwer döwlet syýasatynyň, jemgyýetimizde höküm sürýän durnuklylyk, agzybirlik, jebislik ýagdaýynyň, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň kämilliginiň netijesinde häzirki wagtda raýatlaryň saglygyny ygtybarly goramak meselesine ýokary üns berilýändigini bellediler. Şeýle hem ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagyna garşy ýurdumyzda geçirilýän çäreleriň biziň we ýakynlarymyzyň ömrüni goramak zerurlygy bilen şertlendirilýändigini düşündirdiler. Bu meselä hemmeleriň çynlakaý çemeleşip, kadalary dogry berjaý etmelidiklerini ündediler. Agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak, elleri wag

Adam saglygy — döwletiň baş baýlygy

Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler eýwanynda geçen maslahat ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň, beýik başlangyçlaryň adam hakyndaky aladalara gönükdirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýokary guramaçylykly we işjeň ýagdaýda geçen bu maslahata syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Adam saglygyny jemgyýetiň we döwletiň esasy baýlygyna deňeýän hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 25-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde buýan köküniň adam saglygyna peýdasy barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp geçirilen bu maslahat baý mazmuna eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň gözel türkmen tebigatynyň goýnundaky «ýaşyl dermanhananyň» egsilmez mümkinçilikleri, buýan köküniň dermanlyk häsiýeti, biologik aýratynlyklary we himiki düzümi barada aýdan parasatly sözleri wagyz-nesihat häsiýetli bu maslahatyň dowamynda edilen çykyşlaryň esasy mazmunyny kesgitledi.

Derman otlar — tebigatyň serpaýy

Bagtyýarlyk döwründe bedew bady bilen okgunly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda ynsan saglygy barada edilýän alada örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşiniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz bu ulgamy barha kämilleşdirmek, onuň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak, hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak babatda uly işleri amala aşyrýar. Hormatly ýurt Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltden ybarat ylmy-ensiklopedik işi dünýä derejesinde ykrar edilen ajaýyp ylmy işdir. Halk lukmançylygynda giňden ulanylýan ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini ylmy esasda açyp görkezýän bu ajaýyp eser alym Arkadagymyzyň öz halkyna eden uly peşgeşi boldy. Türkmen topragy — keremli toprak. Güneşli ülkämiz ösümlik dünýäsine örän baý. Türkmen sährasynda bitýän ösümlikleriň aglabasy hem dermanlyk häsiýetine eýedir. Häzirki zaman lukmançylyk tejribesinde derman ösümliklerden giňden peýdalanylýar.

Sagdyn durmuşyň kadalary

Buýan — derdiň dermany

Hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaplary ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleri üçin gymmatly gollanmadyr. Milli Liderimiz bu ylmy-ensiklopedik işinde dürli keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde türkmen topragynda bitýän ösümlikleriň bejerijilik häsiýeti, olardan dermanlyk serişdeleri we melhemleri taýýarlamagyň aýratynlyklary hakynda gymmatly maglumatlary beýan edýär. Ol maglumatlar ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri üçin hem aýratyn ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümlikleriň biri-de buýandyr. Buýanyň kökünden taýýarlanýan dermanlyk serişdeler antibakteriýal we antioksidant täsirlere eýedir. Onuň şeýle häsiýetleri düzüminde glisirrizin, flawonoidler, steroidler, askarbin turşusy, saponinler, selen mikroelementi ýaly maddalaryň saklanýandygy bilen baglydyr. Şeýle häsiýetlere eýe bolan buýan köki we ondan taýýarlanýan derman serişdeleri organizmiň zäherlenmelerinde, sowuklamada, gormonal, dem alyş, içege, aşgazan keselleri, inçekeseli bejermekde, immun ulgamynyň bozulmalarynda, böwregi we bagry arassalamakda, dikeltmekde peýdalydyr. Buýan köküniň düzüminde saklanýan glisirrizin turşusy dürli

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda, agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!