Sagdyn durmuş ugrunda

11 Ýanwar 2021
1283

Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň wezipelerini durmuşa geçirmek üçin giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzyň saglyk ulgamynda «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimden ugur alnyp, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, halkymyzyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde beýik işler amala aşyrylýar.

Gurbangül BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Durmuş syýasaty baradaky komitetiň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar