"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Plastik we polimer önümlerini ulanmagyň düzgünleri

Dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen, azyk önümleriniň iýmitlik gymmatyny we olary terligine, howpsuz saklamak üçin saklanyş düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi zerurdyr. Şunda azyk önümleri bilen galtaşýan önümleriň biri hem polimer materiallardan ýasalan gaplardyr. Gap-çanak plastikasy 40 ýyla golaý mundan öň peýda boldy. Ylmyň häzirki ýeten derejesi azyklyk harydyň görnüşine, daşamak, saklamak şertlerine, ulanyş aýratynlyklaryna, maksadyna baglylykda, islendik görnüşdäki gaplama materiallaryny öndürmäge mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda azyk önümlerini gaplamakda polietilen, polipropilen, polistirol, poliamidler, poliwinilhlorid, polimetilmetakrilat, aminoplastlar, penoplastlar, fenoplastlar, ftoroplastlar, rezinler ýaly polimer materiallar ulanylýar. Esasy polimerden başga polimerli materiallaryň aglabasynyň düzüminde plastifikatorlar, dolduryjylar, gatadyjylar, reňkleýjiler, eredijiler, bug döredijiler, çalgy maddalary we polimerleriň ulanyş häsiýetlerini gowulaşdyrýan, berkligini güýçlendirýän, deformasiýasyny peseldýän, ýygrylmagyna päsgel berýän, çeýeligini, himiki durnuklylygyny, ýanmazlygyny ýokarlandyrýan maddalar bolýar. Bu goşundylar we pes molekulýar garyndylar polimer bilen himiki bagly däl. Bu bolsa olaryň aýratyn şertlerde galtaşýan gurşawyna — howa, suwa, azyk önümine geçmegine getirip biler. Munuň özi adam üçin howply bolup biler. Ondan b

Tomsuň jöwzaly yssysyndan goranyň!

Tomus möwsüminiň howanyň aşa gyzýan günlerinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly, şeýle-de şahsy, jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeli. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar maşgala lukmanynyň gözegçiliginde bolmaly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary gezelenje çykmak maslahat berilmeýär.

Sag­lyk mak­sat­ly önüm­ler ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de

Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň giňden bellenilen gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasy berildi. Ol bu ýerde öndürilýän önümleriň «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen ugur boýunça TDS ISO 9001-iň bellenen talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­nan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­dan ugur al­nyp, ýur­du­my­zyň luk­man­çy­lyk eda­ra­la­ry üçin eko­lo­gik taý­dan aras­sa, hal­ka­ra hil gör­ke­zi­ji­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, ýer­li çig mal­lar­dan ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­mak hem-de sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň de­giş­li se­riş­de­le­re bo­lan is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Ar­ka­dag şä­he­rin­de «Ar­ka­dag Me­di­si­na Klas­te­ri Me­nej­ment» kär­ha­na­sy dö­re­dil­di. Kär­ha­na­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da gün­de­lik ula­nyl­ýan luk­man­çy­lyk se­riş­de­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, ýo­ka­ry eko­lo­gik ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän pa­myk­la­ry, do­kal­ma­dyk ma­ta­dan taý­ýar­la­nan bir ge­zek­lik agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni, baş­gap­la­ry, ha­lat­la­ry, ýor­gan-dü­şek daş­lyk­la­ry­ny, aýak­gap ör­tük­le­ri­ni we beý­le­ki sag­lyk mak­sat­ly se­riş­de­le­ri ön­dür­mek ýo­la go­ýul­dy.

Kalplary şatlyga beslän pursatlar

Durmuşda kähalat garaşylmadyk şatlykly wakalar bolup geçýär. Şeýle şatlykly wakalar, hoş habarlar aýratyn ýatdan çykmajak pursatlary bagyş edip, ynsan ömrüni uzaldýar. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Balyş Öwezow adyndaky geňeşliginiň ýaşaýjysy Tawus Öräýewa hem garaşylmadyk pursatda uly şatlyga eýe boldy. Ol indi on ýyla golaý wagt bäri oguljygy Mekanyň derdi bilen «dertdeşdi». Dogabitdi näsag oglunyň derdine şypa gözläp edilen emler, alnan bejergiler kän bir haýyr bermese-de, ene umydyny üzmedi. Onuň bar arzuwy çagajygynyň deň-duşlarynyň hataryna goşulyp, ýöräp, ylgap gezmegidi. Ynha, bir günem ýaş ene Daşoguz welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde oguljygy Mekanyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna operasiýa ediljekdigi baradaky hoş habary eşitdi. Tawusyň gözlerinde umyt uçgunlary alawlady. Ol indi Mekanjygyň sagalyp, aýaga galjakdygyna ýüregi bilen ynanýardy. Çünki lukman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzda onlarça çaganyň çylşyrymly operasiýalary geçirip, deň-duşlarynyň arasyna goşulandygyndan teleýaýlymlar, metbugat sahypalary arkaly habarlydy. Uly umyt hem sabyrsyzlyk bilen garaşylan günde eli ýeňil lukmanlarymyz tarapyndan edilen operasiýa şowly bolup, Mekan aýak üstüne gald

«Awaza» şypahanasy

Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň keşbini göreniňde göwnüň göterilýär. Awazanyň çäginde sagaldyş toplumlarynyň, oýun attraksionlary bolan seýilgäh zolaklarynyň, köpugurly sport toplumlarynyň, şeýle-de Awazanyň görküne görk goşýan «Awaza» şypahanasynyň peýda bolmagy bilen, eziz Diýarymyzyň raýatlaryna dynç almaga we saglyklaryny dikeltmäge uly mümkinçilikler döredi. «Awaza» şypahanasynda raýatlary gije-gündizleýin tertipde kabul edýärler. Şypahana diňe bir ýurdumyzyň ilatynyň arasynda däl, onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýedir. Şunuň bilen baglylykda, şypahana dynç alyş ulgamy döwletiň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm bölegi bolmak bilen, häzirki zaman şertlerinde ilat üçin bejeriş-öňüni alyş hyzmatlarynyň giňden elýeterliliginiň üpjün edilmegine, syýahatçylygyň bejeriş-sagaldyş görnüşiniň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Gün şöhlesiniň ähmiýeti

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Dertli gullar asla salmaz ýadyndan, lukmanynyň eden emi nep bolsa» diýip, ynsanlaryň saglygyny goramakda lukmanlaryň maslahatynyň uludygyny nesihat edýär. Biz hem tomus paslynyň dowam edýän günlerinde ildeşlerimize Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanmak barada maslahatlarymyzy ýetirmegi makul bildik. Tomus bedeniň goraglylygyny ýokarlandyrmak, endamy taplamak üçin iň amatly wagtdyr. Çünki Gün şöhlesi bilen kuwwatlanan myşsalar bedenimiziň işjeňligini artdyrýar. Günüň täsiri bilen ynsan bedeninde D witamini emele gelip, boýuň ösmegine we bedeniň gorag ulgamynyň berkemegine oňyn täsir edýär. Gün şöhlesi bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar. Ol ynsanyň duýgy damarlaryna örän oňat täsir edýär.

Görk agyzdan

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri sagdyn iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenme süýjüli diabetden, ýürek gan-damar kesellerinden, insultdan we beýleki ýokanç däl kesellerinden goraýar. Häzirki wagtda dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermeli. Her gün ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli.

Artykmaç agram nädip döreýär?

Semizlik, adatça, maddalaryň alyş-çalşygynyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, muňa bedeniň dogabitdi aýratynlyklary (nesil yzarlama), aşa köp iýmek we az hereket etmek endikleri sebäp bolýar. Bedeniň artykmaç agram almagynyň ýene bir sebäbi uky kadasynyň bozulmagydyr. Näçe geňem bolsa, ukynyň bozulmagy hem adamyň semremegine getirip bilýär. Ýaglaryň ýakylmagyna we dokluk duýgusynyň döremegine sebäp bolýan käbir gormonlar, meselem, leptin bedende gije işlenip çykarylýar.

Gün urmadan goranyň!

Tomus aýlarynda käbir adamlar Günüň şöhlesine gyzyp ýatmagy halaýar. Ultrafiolet şöhlesi adamda begenç gormonynyň (serotoniniň) bölünip çykmagyna kömek edýär. Şonuň üçin ýyly, aýdyň howada adamyň keýpi göterilýär. Mundan başga-da, Günüň şöhlesiniň täsiri astynda adamda «D» witamin sintezirlenýär, bu bolsa adamyň kesele garşy immun ulgamynyň birsydyrgyn işlemegine ýardam berýär. Gynansak-da, Günüň aşagynda köp gezilmeginiň Gün urma bilen gutarmagy mümkindir. Bu ýagdaý — Gün şöhlesiniň kelläniň üstüne uzak wagtlaýyn täsir etmegi merkezi nerw ulgamynyň işiniň bozulmagyna getirip bilýär. Gün urmada esasy urgyny kellebeýni çekýär:

DEŇIZ PIŞIKGUÝRUGY/ Многобородник морской

Häsiýeti. Dagetek-düzlük derman ösümligi. Deňiz pişikguýrugy - däneliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 5 — 40 sm birýyllyk otjumak wekili. Oky çuň iki kepjeli, ujy teňňelije. Gül teňňejigi gylçyksyz ýa-da gysga näzik okly, uzynlygy 10 (15) millimetrden geçmeýär, käte ol uzynrak. Aşaky gül teňňejigi gylçyksyz. Okunyň başjagazy teňňejikli, ondan 3-4 esse uzynrak. Oky başjagazly ýa-da gül teňňejikli. Başy azda-kände tüýlüje, seýrek tüýsüz.

Owadan görnerin diýseňiz...

Tomus aýlarynda ýüzüňize nähili ideg etmeli? Bu gyz-gelinleri gyzyklandyrýan esasy sowallaryň biridir. Güneşli günlerde derä ideg etmekligi, hakykatdan hem, ünsden düşürmeli däl. Diňe şeýle ýagdaýda öz gözelligiňizi gorap, ýaşlygyňyzy saklamak mümkin bolar. Owadan, parlak deriniň esasy syry ýüze gündelik ideg etmekdir. Ideg üç basgançakdan ybarat: derini arassalamak, nemlendirmek we Günden goramak. Derini günde iki wagtyna irden we agşam arassalamaly we nemlendirmeli. Tomus möwsüminde ýüzüň derisiniň ýagdaýyna we daşky görnüşine ýaramaz täsir edýän birnäçe faktorlardan gaça durmaly. Olaryň biri ultramelewşe şöhleleridir. Olaryň täsiri astynda deriniň reňki garalyp, öýjükleriň garrap, ýygyrtlaryň emele gelmegi çaltlanýar. Şonuň üçin telefony hem-de kompýuterleri ýeterlik derejede ulanmaly. Güneşli howalarda gözüňize äýnek dakynyp, saýawan götermeli.

Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

Tomus günleri, köplenç, açyk meýdana çykylýandygy, şeýle-de bu pasylda asmandaky Günüň şöhleleriniň has ýiti bolýandygy sebäpli, çagalardyr ýetginjekleriň her biri Günden goranmagyň düzgünlerini bilmelidir. Gün şöhlesiniň ynsan saglygyna ýaramly taraplary-da köpdür. Ol adamyň kesele garşy goraýjylyk ulgamyny berkidýär. Beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witamininiň işlenip çykarylmagyna itergi berýär. Bu bolsa çagalar üçin has-da möhümdir.

Magnit hadysasy we saglyk

Tebigatda pasyllaryň alamatlary birbada ýüze çykman, dura-bara peýda bolýar. Munuň özi adam saglygyna hem uly täsir edýär. Mundan başga-da, Günüň işjeňligi artan ýagdaýynda, Gün alawy emele gelip, Ýeriň daş-töweregini gurşap, täsirli magnit hadysasyny döredýär. Bu bolsa adamlara we olaryň saglygyna täsir edýär. Ýeriň magnit meýdanynyň işjeňlik ýagdaýynyň ýokarlanmagy netijesinde emele gelýän, adamlaryň özlerini duýşuna we saglygyna ýaramaz täsir edýän magnit hadysasy, şeýle ýagdaýlaryň täsirini azaltmagyň usullary barada ilat arasynda düşündiriş işleriniň geçirilmegi, aýratyn-da, ýürek-damar kesellerinden ejir çekýän adamlara magnit hadysasynyň saglyga ýetirýän ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça işleriň anyk düşündirilmegi wajypdyr.

Bagtyýarlygyň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamy ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti öňdengörüjiligi bilen işlenilip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak ugrunda tutumly işler amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş hyzmatlaryny guramakda gazanylan üstünlikler, döwletimiziň ýeten belent sepgitleri bu günki gün bütin dünýäde ykrar edilýär. Gazanylýan bu üstünlikler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň ajaýyp miwesidir. urdumyzda ynsan saglygyny goramak we berkitmek maksady bilen ýörite meýilnama kabul edildi. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýyllaryň dowamynda öz miwesini hem berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, geçirilen giň gerimli işleriň netijesinde ýurdumyzda drakunkulýoz, poliomiýelit, gyzzyrma keselleriniň ýok edilendigini, unuň demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygyny, nahar duzunyň ýodlaşdyrylandygyny tassyklaýan möhüm resminamalar döwletimize gowşuryldy. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, saglygyny berkitmek, saglygy goraýyş ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda geçirilýän işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň görkezýär.

Dertden gorar üzärlik

Ene-mamalarymyz üzärligiň ýüz derdiň dermanydygyny aýdýarlar. Üzärlik gurakçylyga diýseň çydamly bolup, ol köpýyllyk ösümlikdir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köpjiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bu ösümligiň kesel bejerijilik, rahatlandyryjy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin beýan edýär. Üzärligiň ýapragy, miwesi derman hökmünde meşhurdyr. Onuň tüssesi mörjewlerden goraýjylyk, rahatlandyryjy, kesel bejerijilik häsiýetleriniň 50-den gowragyna eýedir. Şeýle-de üzärligiň tüssesi çybyn-çirkeýleri kowmakda hem örän ähmiýetlidir. Bu bolsa, esasan hem, tomus aýlarynda haýyrlydyr. Tejribeli tebipdir lukmanlar üzärlikden çaý demläp, sowuklamany, garaguş keselini, böwregagyryny, dişagyryny, gözagyryny, aşgazan, içege, öthalta bilen bagly keselleri bejerýärler. Guradylan üzärligiň 100 gramyny 10 litr suwda 15 — 20 minut gaýnadyp, hasadan süzüp, 40 gradus ýylylykdaky suwda syrkawy ýuwundyrsaň, guragyra peýdasy bardyr. Alymlaryň barlagynyň netijesine görä, üzärligiň 10 göterimli gaýnatmasy bedendäki zyýanly mörjewleri ýok edýär.

Çagalar we tomus

Tomus paslynda çagalar meýdana çykanlarynda, hökman, başgaply bolmaly. Howanyň yssydygy sebäpli kiçi ýaşly çagalar irden sagat 9-a çenli daşara çykarylmalydyr. Sebäbi irdenki Gün şöhlesinde olara örän peýdaly D ýokumy bar. Çagany şondan soň daşary çykarmaklyk maslahat berilmeýär. Çagalaryň egnindäki eşigi ýeňiljek we açyk reňkli bolsa has gowy. Yssy günlerde çagaly daşara çykylanda, ýanyňyz bilen hökman suw alyň! Çünki çagalar çalt suwsaýarlar. Olara gaýnadylan suw berilse, içgeçme, garynagyry ýaly howply kesellerden goranmagyna peýdasy deger.

Üzümden ýokum alyň!

Ajaýyp tomus pasly ýokumly miweleriň bişýän döwrüdigi bilen tapawutlanýar. Şol ýokumly miweleriň biri-de üzümdir. Üzüm adam bedenine örän ýokumly bolmak bilen, onuň saglygy berkitmekde-de peýdasy uludyr. Üzümiň miwesiniň dermanlyk häsiýeti gadymdan bäri mälimdir. Ol düzüminde A, B, C, E, PP ýokumlaryny we kalsiý, fosfor, magniý, kaliý, demir, natriý maddalaryny, şeýle-de glýukoza, saharoza, fruktoza saklaýar. Şol sebäpden üzüm adam saglygynyň we kuwwatynyň gözbaşy hasaplanylýar. Üzüm, esasan hem, gartaşan adamlara we çagalara has-da peýdalydyr.

Gan toparlary barada

Gan we onuň kadaly aýlanyşygy ynsan bedeninde esasy wezipäni ýerine ýetirýär. Ol I, II, III, IV toparlara bölünýär. Gan toparlaryny ilkinji gezek awstraliýaly alym Karl Landşteýner açýar we Nobeliň baýragyna mynasyp bolýar. Alymyň bu açyşy biriniň ganyny mätäç kişä guýmak bilen müňlerçe näsagy ölümden halas etmäge mümkinçilik berdi. Gan toparlarynda I topara degişli gany islendik gan toparly näsaga goýberip bolýar, ýöne şol gan toparynyň eýesine welin, diňe kysymdaşy tarapyndan goýberilýär. II we III gan toparlarynda birmeňzeş toparlar ulanylýar. IV toparlylara bolsa ählisi gabat gelýär.

«Görk - agyzdan...»

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri hem kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden adam bedeniniň goragyny üpjün edýär. Häzirki wagtda ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän önümlerimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin ýetişýän ter gök önümleri we miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli we däneli önümleri, hozlary goşmaly. Sebäbi kösükliler we hozlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Iýmitiň düzüminde rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny azaltmaly.

Arassaçylyk — saglygyň girewi

Hormatly Prezidentimiz halkyň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Bu ugurda iýmitiň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar. Iýmit zäherlenmesi — bu mikrobedenjikleriň we bakteriýalaryň, wiruslaryň aýry-aýry görnüşleri garyşan iýmit önümleriniň ýa-da mikrob däl gelip çykyşly maddalary kabul etmegiň netijesinde döreýän ýiti keseldir. Kesel döredijiler topragyň, dersiň düzüminde, şonuň ýaly-da, gök önümlerde, miwelerde we beýleki iýmit önümlerinde saklanýar.