Halk lukmançylygynda melhemlik serişdeleri hökmünde dermanlyk ösümlikleri giňden peýdalanylypdyr we häzirki döwürde alym lukmanlarymyz tarapyndan ylmy esasda bu ugur düýpli öwrenilip, önümçilige ornaşdyrylýar. Tebigatymyzda bar bolan dermanlyk ösümlikleriň her birini dogry ulanmagy bilmek zerurdyr. Zenanlara göwrelilik döwründe, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirýän döwründe we beýleki ýagdaýlarda haýsy ösümlikler maslahat berilýär?!
Göwrelilik döwründe we çaga doglandan soň maslahat berilýän ösümlikleriň biri erik şiresi bolup, ony günde 3 / 4-1 bulgur içmek peýdalydyr. Günde erik kakynyň 100-150 gramyny iýmek ganazlykda gowy kömek edýär. Garpyz hem ganazlyk üçin peýdalydyr. Göwreli aýallara ýürek bulanmasyny aýyrmak üçin limon iýmek maslahat berilýär. Bu ýagdaýda kädi hem-de onuň şiresi hem peýdalydyr. Käşir islendik görnüşde peýdalydyr, ol düwünçegiň kadaly ösmegine kömek edýär. Bu döwürde hoz — ganyň düzümini kadalaşdyrmak üçin gündelik iýmite goşulmalydyr.