"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Tejribeli hüjümçi

Italiýanyň «Milan» futbol topary düzümindäki tejribeli hüjümçi Zlatan Ibrahimowiç bilen bar bolan şertnamasynyň möhletini ýene bir ýyllyk uzaltdy. Şwesiýaly 39 ýaşyndaky futbolçy golaýda topary bilen geljek ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. Şu möwsümde «Serie A-da» 16 oýunda 15 pökgi geçiren tejribeli hüjümçi geçen ýylyň ýanwarynda «Milanyň» düzümine goşulypdy. Ökde hüjümçi golaýda ençeme ýyldan soň täzeden milli ýygynda hem çagyrylypdy. «Milan» toparyna möwsümiň ahyrynda şertnamasy tamamlanýan derwezeçisi Janluiji Donnaruma hem-de türkiýeli ýarym goragçysy Hakan Çalhanoglu bilen entek ylalaşyk gazanmak başardanok. Taraplar töleg meselesinde ylalaşyp bilenoklar. «Milan» toparynyň şu gyşda düzümine goşan oýunçysy Mario Manžukiçiň welin şertnamasynyň uzaldylmajakdygy habar berildi.

Dubaý Dünýä Kubogy ugrunda

At çapyşygy boýunça geçirilen Dubaý Dünýä Kubogy ýaryşynda Luis Saesiň «Mystic Guide» atly aty ýeňiş gazandy. Ol bellenen 2000 metr aralygy 2 minut 01,61 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup gelmegi başardy. Umumy baýrak gaznasy 12 million dollara deň bolan ýaryşda ýeňiji 7,2 million dollarlyk pul baýragy bilen sylaglandy. Ýaryşda Keita Tosakiniň «Chuwa Wizard» atly aty 2-nji ýeri eýeledi. William Buikiň çapyksuwarlygyndaky «Magny Cours» aty bolsa, pellehanadan 3-nji bolup geçdi. Olar degişlilikde 2,4 million hem-de 1,2 million dollarlyk pul baýragy bilen sylaglandylar. Dubaý Dünýä Kubogy at çapyşygy ýaryşy şu ýyl 25-nji gezek geçirilip, ol 1996-njy ýyldan bäri dowam edýär. Ýaryş Dubaýda meşhurlyk gazanan «Meydan Racecourse» aýlawynda geçirilýär. Şu wagta çenli bu ýaryşlarda diňe «Thunder Snow» atly ata 2 gezek (2018 ý., 2019 ý.) ýeňiş gazanmak başartdy.

Golfçynyň ilkinji üstünligi

Golf boýunça ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda zenanlaryň arasynda geçirilen «ANA Inspiration» ýaryşynda taýlandly Patti Tawatanakit ýeňiş gazandy. Ol 50-nji gezek geçirilen bu bäsleşikde 202 utuk toplap, çempion bolmagy başardy. Bu 21 ýaşly golfçynyň ilkinji çempionlygy hökmünde hasaba alyndy. Ýaryşda amerikaly Elli Pawang 2-nji, Günorta koreýaly Mirim Li 3-nji ýeri eýeledi. Zenanlaryň arasyndaky bu bäsleşik 1972-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. 1983-nji ýylda uly ýaryşlaryň hataryna goşulan bäsleşigiň umumy baýrak gaznasy 3 million dollara deňdir.

Täze ýaryşyň birinji çempiony

Awtoulag ýaryşlarynyň hataryna ýene biri goşulyp, ol «Extreme E» bäsleşigidir. Dakar rallisini ýadyňa salýan bu ýaryşda ulaglar elektrik energiýasy bilen hereket edýärler. Ýolsuz ýerlerde geçirilýän ýaryşlara 9 topardan jemi 18 sürüji gatnaşýar. Her toparyň iki sürüjisi bolup, olaryň biri erkek, beýlekisi-de zenan sürüjilerdir. Möwsümde jemi 5 ýaryş geçiriler. Olaryň ilkinjisi çöllük ýerler bolup, birinji ýaryş Saud Arabystany döwletinde geçirildi. Ikinjisi ummanyň kenaryndaky ýaryş bolup, ol maý aýynda Senegalda geçiriler. Üçünji bäsleşik buzluk we garlyk ýerlerde bolar we ol Grenlandiýada guralar. ýaryşlaryň 4-nji bäsleşigi tokaýlykda, ýagny Braziliýanyň Amazonka tokaýlygynda, jemleýji bäsleşik bolsa, Argentinanyň buzly ýerlerinde geçiriler. Saýlama tapgyrynda öňdäki 3 orny eýelän toparlar ýarym finala çykyp, ol ýerde-de 1 we 2-nji orny alanlar finalda çykyş etmäge hukuk gazandy. Saýlama tapgyrynda 4 — 5 — 6-njy orunlary eýelän toparlar «Crazy Race», saýlama tapgyryny 7 — 8 — 9-njy ýerde tamamlanlar «Shootout» ýaryşlaryna gatnaşdy. Netijede, Saud Arabystanynda geçirilen möwsümiň ilkinji ýaryşynda fransiýaly meşhur sürüji Sebastian Ožie we Kristina Gutierreşiň wekilçilik edýän topary «Team X44» hem-de şwesiýaly Ýohan Kristoffersson bilen awstraliýaly Molli Teýloryň çykyş edýän topary «Rosberg X Racing» finala çykdy. «Crazy Race» ýaryşynyň ýeňiji topary «Andretti United Extrem

Daniýaly welosportçy öňe saýlandy

«Monument» ady bilen geçirilýän bir günlük welosiped ýol ýaryşlarynyň ikinjisi «Tour of Flanders» bäsleşigi Belgiýada geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde «Deceuninck — Quick-Step» toparynyň daniýaly türgeni Kasper Asgrin ýeňiş gazandy. Ol Antwerpen şäherinden başlap, Oudenaard şäherinde tamamlanan 263,7 kilometrlik ýaryşy 6 sagat 02 minut 12 sekuntda geçmegi başardy. Bu 26 ýaşly türgeniň «Monument» ýaryşlaryndaky ilkinji üstünligidir. Asgrin bilen deň netije görkezen «Alpecin — Fenix» toparynyň niderland türgeni Matiu wan der Poel 2-nji orna mynasyp boldy. «AG2R Citroen Team» toparynyň belgiýaly türgeni Greg Wan Awermaet ýeňijiden 32 sekunt az netije görkezip, münberiň üçünji basgançagyna çykdy. «Monument» nusgawy welosiped ýol ýaryşlary her ýyl geçirilip, ol 5 bäsleşigi özünde jemleýär. Möwsümiň ilkinji ýaryşlary Milan — San Remo bäsleşikleri mart aýynyň ahyrynda, «Tour of Flanders» ýaryşlary apreliň ilkinji ýekşenbesinde geçirilýär. Bu ýaryşdan bir hepde soň geçirilýän Pariž — Rube bäsleşigi möwsümiň 3-nji ýaryşydyr. Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde-de Belgiýada Liež — Boston — Liež ýaryşlary guralýar. «Monument» ýaryşlary güýz aýyndaky «Žiro di Lombardia» bäsleşigi bilen jemlenýär.

Ýyndamlaryň ýaryşy

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatymyzda gyzykly sport ýaryşlarynyň birnäçesi ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň welaýat merkezindäki 11-nji sport mekdebi bilen bilelikde geçiren ýeňil atletika boýunça ýaryşyna şäheriň iň güýçli ýaş türgenleri gatnaşdylar. Ýeňil atletikanyň dört görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlaryň netijesinde olaryň iň ezberleri Türkmenabat şäheriniň çempionlary boldular. Milli Liderimiziň ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde gündogar sebitiň türgenleri, şol sanda ýeňil atletikaçylarymyz hem döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda türgenleşip, halkara we milli ýaryşlarda öňdäki orunlary eýeleýärler. Soňky ýyllarda Jeýhun ýakasynda önüp-ösen türgenleriň arasynda iri ýaryşlaryň ýeňijileri bolanlar barmak büküp sanardan kän.

Bagtyýarlygyň şuglasy

Dünýäde ynsan üçin iň gymmatly baýlyk saglyk. Ynsan saglygyny ähli zatdan belentde goýulýan ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Parahatçylyk, abadançylyk, raýatlarymyzyň döredijilikli zähmeti ýurdumyzyň gülläp ösüşini üpjün edýär. Häzirki wagtda ynsan saglygyny goramakda beýik işler alnyp barylýar. Ynsan saglygyny goramak ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler, gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler hem-de bu ugurda öňde goýlan wezipeler ýurdumyzyň halkara giňişligindäki at-abraýyny has-da belende göterýär.

Ökdeleri öňe saýlan ýaryşlar

Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda geçirilen ýaryşlar türgenleriň öz saýlap alan sport görnüşleri boýunça barha kämilleşýändikleriniň özboluşly subutnamasyna öwrüldi. Balkanabat şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça geçirilen birinjiliginde degişli agram derejeleri boýunça oglanlaryň arasynda Çaryýar Amanhanow, Pirmämmet Gurtgeldiýew, Perhat Goşaýew, Musa Jumagulyýew dagy iň oňat görkezijiler bilen birinji orunlary eýelemekligi başardylar. Gyzlaryň arasynda bolsa Gülmira Ataýewa, Keýki Amannazarowa, Artykgül Batyrowa dagy degişli agram derejelerinde iň gowy netijeleri görkezdiler.

Sport syýasatynyň gadamlary

Türgenleriň hatary artýar Ynsan saglygy hakyndaky alada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe wajyp meselä öwrüldi. Arkadag Prezidentimiz halkyň saglygyny goramagy ýokary derejelere çykarmak bilen bagly tutumly işlere badalga berdi. Muňa Garaşsyz Diýarymyzyň çar künjeginde gurlup, ulanmaga berlen stadionlar, sport mekdepleri we sport desgalary aýdyň şaýatlyk edýär.

Sagdynlygyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdür». Şoňa görä-de, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň, ussat türgenleri taýýarlamagyň döwlet maksatnamalaryny kabul etmek bilen, halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly gadymy ýörelgelerini döwrebap dowam etdirmek, ildeşlerimiziň saglygyny berkitmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek babatda taýsyz tagallalary edýär. Şeýle tagallalar netijesinde geçen ýyllaryň içinde berkarar Watanymyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri guruldy, döwrebap sport düzümleri kemala getirildi. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde gurlan Olimpiýa şäherçesi, Aşgabatda hereket edýän häzirki zaman köpugurly sport toplumlary, welaýatlardaky atçylyk-sport toplumlary we köpsanly sport desgalary bu hakykatyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle ajaýyp desgalar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň, sportuň barha ösmege, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagy, beden taýdan berk we ruhy taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegi babatynda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda türgenlerimiziň halkara derejes

Welaýatyň birinjiligi

Änew şäherindäki sport mekdebinde stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen ýaryşy welaýatyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirligi gurady. Oňa welaýatymyzyň etraplaryndan hem-de Tejen şäherinden toparlar gatnaşdy. Ýaşlary sport-sagaldyş hereketine, köpçülikleýin bedenterbiýä giňden çekmek, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegini gazanmak we sport ussatlyklaryny ýokarlandyrmak hem-de sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça güýçli toparlary ýüze çykarmak ýaryşyň esasy maksady boldy. Şoňa görä-de, bu ýaryşa gyzyklanma uly boldy. Onda her etrapdan hem-de Tejen şäherinden gelen toparlaryň düzümi iki erkek, iki zenan türgenden ybarat boldy. Olar öz aralarynda işjeň duşuşyklary alyp bardylar.

Täsirli duşuşyk

Gökdepe etrabynyň Babarap obasyndaky ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de welaýatyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga sport mekdep-internatynyň okuwçylary gatnaşdy. Duşuşykda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sport-sagaldyş hereketleriniň ösüşine gönükdirilen giň gerimli işler, bu ugurda gurulýan sport mekdepleridir toplumlarynyň, desgalarynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiziň türgenleriň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň dürli derejedäki ýaryşlara gatnaşmagyny gazanmak babatdaky tagallalaryna aýratyn üns çekildi. Şonuň bilen baglanyşykly, duşuşykda çykyş edenler ýaşlara sportda barha taplanmak, dürli ýaryşlara taýýarlykly barmak we üstünlikli çykyşlary bilen ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermek boýunça gymmatly öwüt-ündewlerini berdiler.

Olimpiýa medally mergen

Hormatly Prezidentimiz Agyr atletika boýunça dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa mynasyp bolan medallaryny gowşurmak dabarasynda ýurdumyzyň sport taryhynda ajaýyp sahypalaryň az ýazylmandygyny nygtap, meşhur agyr atletikaçymyz, dünýäniň we Ýewropanyň üç gezek çempiony, şeýle hem Aziýanyň çempiony Altymyrat Orazdurdyýewi ýa-da görnükli türgen, döwrüniň iň meşhur mergeni hem-de Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi, nyşana ok atmakda köp gezek dünýäniň we Ýewropanyň rekordsmeni Marat Nyýazowy ýatlady. Milli Liderimiziň bu taryhy çykyşy türkmen sportunyň geçmişine ýene bir ýola nazar aýlamaga ganatlandyrdy. Türkmenistanly nyşana ok atyjy türgen Marat Nyýazowyň Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalyna mynasyp bolanyna şu ýyl 61 ýyl dolupdyr. Minnetdar nesiller sportumyzyň şanly taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran türgeni häli-häzirler hem ýatlaýarlar.

Sport — uzak ömrüň gözbaşy

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň berk bedenli, ruhubelent bolup ýetişmekleri hakyndaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýe we sportuň ösdürilmegine, goldanylmagyna, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilen wezipeler milli kanunlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimiziň gündelik durmuşyna içgin ornaşdyrmaga, esasan hem, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilen meseleler öz beýanyny tapýar. Çagalyk döwründen başlap, raýatlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak, türkmen jemgyýetinde işjeň ýaşaýyş-durmuşy kemala getirmek wezipeleri bellenilýär. Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-ündew etmek babatda ýurdumyzda anyk işler durmuşa geçirilýär, uly ösüşler gazanylýar. Ýaşlarda bedenterbiýä we sporta bolan höwesi ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak, olaryň gatnaşmaklarynda sportuň köpçülikleýin görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryny geçirmegiň tejribesini ösdürmek spor

Türkmen sporty dabaralanýar

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Halkymyzyň saglygyny berkitmekde, bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýetimizde kämil şahsyýeti terbiýelemekde ata-babalarymyzyň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen pähiminden ugur alynýar. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň, şeýle-de talyp ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça meşgullanmak üçin ýokary derejedäki sport toplumlary we sport merkezleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlan sport meýdançalarynyň, dürli sport desgalarynyň sany barmak basyp sanardan kän. Bularyň ählisi ata Watanymyzyň sport ulgamyny düýpli kämilleşdirmekde, köpçülikleýin bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmekde, aýratyn hem, halkara derejesinde ussat türgenleri taýýarlamakda, berk bedenli, sagdyn ruhly kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ýardam edýär.

Welosiped

sagdynlyk hem amatlylyk Aslynda, welosipediň o diýen uzyn bolmadyk taryhy bar. Ilkinji welosipedleriň görnüşi täsin eken. Olaryň beýikligi, takmynan, 1.5 metr töweregi bolup, yzky tigri öňki tigrine garanyňda kiçi ýasalypdyr. Geliň, welosiped hakynda internet sahypalarynda berilýän gyzykly maglumatlaryň käbirine ser salalyň!

Türgenleriň ussatlygy

Änew şäherindäki sport mekdebinde erkekleriň arasynda sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça welaýatyň birinjiligi geçirildi. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan meýilleşdirilen sport çärelerini, okuw-türgenleşik sapaklaryny we ýygnanyşyklary geçirmegiň wagtlaýyn tertibine laýyklykda tomaşasyz geçirilen bu ýaryş Bütindünýä saglyk gününe bagyşlandy. Oňa welaýatymyzyň dürli ýerlerinden türgenler gatnaşdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilýän Bütindünýä saglyk gününi dabaralandyrmak, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak, olaryň sport ussatlygyny ýokarlandyrmak hem-de güýçlüleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen ýaryşda türgenler 100, 200, 400 metr aralykdaky, şeýle-de 4x100 estafetada we uzynlygyna bökmekde ussatlygyny görkezdiler.

Ýaşyl tugy al-asmanda parladyp

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek, jemgyýetçilik durmuşyna köpçülikleýin bedenterbiýäni ornaşdyrmak we ilatyň saglygyny berkitmek barada edilýän aladalar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Milli Liderimiziň «Türkmenistan dünýä üçin, ähli ugurlar boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy üçin açykdyr» diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden aýdan sözleri sporta hem doly derejede degişlidir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi türkmen sportunyň ösüşine giň ýol açýar, türgenlerimiziň bolsa dünýä çempionatlaryna, halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanmaklaryna, tejribelerini artdyrmaklaryna oňyn mümkinçilik döredýär. Muňa türkmen türgenleriniň geçen ýyllaryň dowamynda geçirilen halkara ýaryşlarynda gazanan baýrakly orunlarynyň görnetin artandygy hem şaýatlyk edýär. Milli Liderimiz sport we bedenterbiýe hereketiniň maksada okgunlylyga höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýç-kuwwatyň çeşmesi bolup durýandygyny nygtamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty durnukly ösüşiň uzakmöhletleýin maksatlaryna ýetmek üçin anyk ugur hökmünde kesgitleýär. Bu ugurda özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlygy häzirki wagtda sportuň halklaryň we döwletleriň arasynda özara düşünişmegiň we hyzmatd

Sagdynlygyň we dostlugyň mekany

Halkyň saglygy hakynda alada milli Liderimiziň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň, milli maksatnamalaryň, uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan adamyň saglygy baradaky alada durýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň möhüm ýörelgesine öwrülmelidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Sport bilen yzygiderli meşgullanmak adamda özüne ynam, merdemlik, güýç-kuwwat, çakganlyk, başarnyk, ruhubelentlik we beýlekileriň ýeňşine guwanmak häsiýetlerini terbiýeleýär. Sport parahatçylygyň ilçisi bolup, ol dürli ýurtlarda we yklymlarda ýaşaýan halklary birleşdirmäge ukyplydyr» diýen ýaly çuň manyly sözleri, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» we «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» kabul etmegi, 2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde Welosiped sportunyň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatyny we tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşy geçirmek baradaky aýdyň maksatly çözgütleri, adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi üçin döredip berýän ähli amatly mümkinçilikleri halkymyzy has-da yhlasly, döredijilikli zähmet çekmäge ruhl

Ýaglyga towusmak

Türkmen milli oýunlary ýaş nesillerimiziň şahsyýet bolup kemala gelmegine güýçli täsir edýär. Milli oýunlaryň üsti bilen olarda eserdeňlik, ünslülik, duýgurlyk, ýatkeşlik, çalasynlyk we ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler kemala getirilýär. Türkmen milli oýunlarynyň taryhy örän gadymydyr. Şolaryň biri hem ýaglyga towusmakdyr. Ilkibaşda bu oýun ak öýler dikilip, çagarygy oturdylandan soň oýnalar eken. Öýüň tüýnüginden ýaglyk asyp, kim alyp bilse, baýrak berler eken. Soňlugy bilen bu şowhunly oýun göreş, at çapmak, altyn gabak atmak oýunlary ýaly ähli toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrülýär. Adam boýundan has ýokarda asylgy ýaglygy böküp almak bilen bagly bu oýna, esasan hem, ýaş ýigitler we ýetginjekler gatnaşýarlar. Şeýle hem goýlan baýraga görä, ýaglyk beýigräkden ýa-da pesräkden asylýan eken. Oýunçylar gezekli-gezegine böküp, ýaglygy almaga synanyşýarlar. Her oýunçynyň bir gezek synanyşmaga hukugy bar. Gözbaşyny gadymdan alyp, şu günlere gelip ýeten sportuň bu milli görnüşi ýaş nesillerimiziň bökmek, ylgamak endiklerini ösdürýär.