Sport — uzak ömrüň gözbaşy

2 Aprel 2021
1052

Ösüp gelýän ýaş nesilleriň berk bedenli, ruhubelent bolup ýetişmekleri hakyndaky alada ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, bedenterbiýe we sportuň ösdürilmegine, goldanylmagyna, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilen wezipeler milli kanunlarymyzda hem öz beýanyny tapýar. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda raýatlaryň saglygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzda adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini jemgyýetimiziň gündelik durmuşyna içgin ornaşdyrmaga, esasan hem, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almaga gönükdirilen meseleler öz beýanyny tapýar. Çagalyk döwründen başlap, raýatlarda sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmagyny gazanmak, türkmen jemgyýetinde işjeň ýaşaýyş-durmuşy kemala getirmek wezipeleri bellenilýär.

Bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-ündew etmek babatda ýurdumyzda anyk işler durmuşa geçirilýär, uly ösüşler gazanylýar. Ýaşlarda bedenterbiýä we sporta bolan höwesi ösdürmek boýunça çäreleri işläp taýýarlamak, olaryň gatnaşmaklarynda sportuň köpçülikleýin görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryny geçirmegiň tejribesini ösdürmek sport syýasatynyň esasyny düzýär. Görnüşi ýaly, bu syýasatyň durmuşa geçirilmeginde ýaşlara uly orun degişlidir.

Arazgeldi GURBANÝAZOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar