Özbegistan hem-de Oman Aşgabat ylalaşygy boýunça ulag geçelgeleri işjeňleşdirmegiň tarapdary

9 Iýul 2024
207

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow Oman Soltanlygynyň ulag ministriniň birinji orunbasary Hamis bin Muhammad al-Şamahiý bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada «Uzdaily» habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar «Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman» ulag geçelgesini ösdürmek bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar. Hususan-da, Aşgabat ylalaşygyna gatnaşyjylaryň hemmesi bilen bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyldy.

Beýleki habarlar