Akyl-paýhasyňa, pendiňe uýdum

8 Maý 2024
643

Ondan bäri, gör, näçe ýyl geçipdir. 1995-nji ýylyň 25-nji maýynda ir säherden ýagyş damjalap ugrapdy. «Ýaz ýagşydyr, geçer-gider-dä» diýen çaklamam dogry çykmansoň, saýawanymy almak üçin yzyma dolandym. Ony goýan ýerimden tapman, kitap-depderlerimiň durýan ýerinden gözläp ugradym. Şol wagt elim degip, ertekiler kitaby ýere gaçdy. Aýawly saklap ýören kitabymy emaý bilen ýerden galdyranymda, onuň arasyndan okuwçy depderine ýazylan hat çykdy. Ol meniň altynjy synpda ýazan düzmämdi. Edebiýat mugallymymyzyň erkin temadan ýazdyran düzmesinde çagalygymyň arzuwy bardy. Men mugallym bolmagy arzuw edipdim. Çaga kalbymda bu arzyly käre söýginiň döremegine başlangyç synp mugallymym sebäp bolupdy.

Onuň mähriban keşbi häzirem göz öňümde. 1-nji sentýabr güni ejem janyň elinden tutup, ak mekdebiň bosagasyndan ätlänimde Jumagül mugallym güler ýüz bilen garşy alyp, öň hatardaky partada oturdypdy. Birinji synpa gelýän oglan-gyzlaryň arasynda ejelerine gysmyljyrap, gapynyň agzyndan yzyna gitjek bolup duranlary-da bardy. Jumagül mugallym olaryň hersiniň elinden tutup, synpda oturdypdy. Soňra ene-atalara rugsat berip, biziň bilen ilkinji sapaga başlapdy.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar