Bilim — bitewülik ýoly

18 Oktýabr 2023
770

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň dowam edýän günlerinde, «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere-de aýratyn üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda HHR bilen gatnaşyklaryň gerimi barha giňeldilýär. Munuň şeýledigine dostlukly döwletde geçirilen bilim forumlary hem şaýatlyk edýär.

2023-nji ýylyň 21 — 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektoryndan hem-de institutyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktoryndan ybarat wekiliýet Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde iş saparynda bolup, Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Russiýa, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa institutynyň guramagynda geçirilen «Hytaý — Merkezi Aziýa» seljeriş merkezleriniň III forumyna gatnaşdy. Forumyň açylyş dabarasynda Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň wise-başlygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçileriniň wideoçykyşlary boldy. Olar geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylandygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň döreýändigi barada aýtdylar.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar