"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Wena baly — gözelligiň, söýginiň nyşany

Arkadag şäherinde «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu döredijilik çäresi Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Şeýle çäreler ozal Aşgabatda guralýardy. Aýdym-saz agşamy ýurdumyzyň görnükli aýdymçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly aýdym bilen açyldy. Soňra «Galkynyş» simfoniki orkestriniň ýerine ýetirilmeginde Wena balynyň däbine öwrülen awstriýaly kompozitor we dirižýor Karl Mihael Sireriň «Polonez» sazy ýaňlandy hem-de ýurdumyzyň birleşen tans toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen ajaýyp tanslar tomaşyçylary ýakymly duýgulara atardy. Awstraliýaly ýyldyzlaryň Regine Hangler we Lewent Gündüziň ýerine ýetiren aýdymlary balyň şowhunyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýakymly saza goşup ýerine ýetiren wals tanslarynyň kämil derejedäki sazlaşykly hereketleri dabara gatnaşan myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Kofe. Sungat. Zenan.

«Kofe, sungat, zenan ýaly sözleriň nähili baglanyşygy barka?» diýmegiňiz mümkin. Alymlar kofeni zenanlaryň köp içýändigini, gyzgyn kofeler ýasalýan kofebarlaryň esasy müşderileriniň zenanlardygyny subut etdiler. Galyberse-de, kofe hem-de zenan sözleriniň baglanyşygyna bir ýazyjynyň: «Zenanlar edil kofe ýaly, onuň ajylygyny ýa-da süýjüligini tagamyny datman bilip bolmaýar» diýen jümlesini mysal getirmek bolar. Sungatyň bolsa bu düşünjeleriň ikisi bilen hem baglanyşyklydygyny özüňizem aňan bolsaňyz gerek. Ýöne eger ýene bir mysal getirilmeli bolsa, onda sizi öz söýgüli içgisi bolan kofeden sungat döredýän zenan bilen ýakyndan tanyşdyrmak isleýäris. Ähli zatdan ylham gözläp ýören, kalby döredijilige berlen ynsanlar her hili täsinlik döredýärler. Ýaňyja demlän kofeňiz stoluňyza ýa üstüňize dökülse, nähili bolardyňyz? Megerem, köp kişi derrew ynjalykdan gaçyp, özüni oňaýsyz duýsa gerek. Emma täsin ideýalary gözleýjileriň döredýän işlerine ynjalykdan gaçýanlaryň bary geň galsa gerek. Aslynda, dörediji ynsanlaryň köpüsi kofe içmekden hyjuw we lezzet alýarlar. Kofeden hem lezzet, hem ylham alýan sungat adamlarynyň biri-de, italýan suratkeşi Juliýa Bernardellidir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler, ýetilýän belent sepgitler medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerini kämil eserleri döretmäge ruhlandyrýar.

Ýazyjy hem dramaturg

26-njy oktýabrda dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda dabara geçirildi. Bu günki günde ýazyjynyň ýiti galamyndan çykan «Nusaý söýgüsi», «Yşkyň gämisi», «Yşkyň gämisi kenarda» ýaly onlarça pýesalary ýurdumyzyň teatrlarynda sahnalaşdyrylyp, şol eserler boýunça taýýarlanan spektakllar daşary ýurtlarda geçirilýän halkara teatr festiwallarynda baýraklara mynasyp boldy. G.Daňatarowyň «Aşyk Çaňly», «Nejeboglan» ýaly gadymy dessanlarymyz esasynda taýýarlan librettolary milli opera sungatymyzyň altyn hazynasyny baýlaşdyrdy. Dabarada çykyş eden halypa artistler, aýdymçylar ussat dramaturgyň milli teatr sungatymyzy ösdürmekdäki bitiren hyzmatlary barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Edermenligiň nusgasy

2023-nji ýylyň oktýabr aýynyň 26-syna Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň sergi jaýynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy — edermenlik nusgasy» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi açyldy. Sergide 100-e golaý nakgaş, grafika, heýkel, şeýle-de amaly-haşam eserleri görkezildi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary Rejepmuhammet Muhammedowyň «Geçmişde», Baýram Mämiýewiň «Eserdeň alabaý», Ýazgeldi Jumagulyýewiň «Iň wepaly ýoldaş», Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary Polat Garryýewiň «Tazylar», Gunça Goçmyradowanyň «Kök uran dostluk», Hezretguly Annageldiýewiň «Keramika toplumy» we talyplar Mahym Atakowanyň «Çagalyk dostlarym», Parahat Ilbaýewiň «Wepaly dostlar» atly ajaýyp eserleri bar. Şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi öz işini 10 gün dowam eder.

Gözellik ýaýlasy

Ýakynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi hem-de şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde halypa nakgaşlar Babageldi Hojagulyýewiň we Baýramgeldi Kakabaýewiň bilelikdäki döredijilik sergisi açyldy. Bu günki günde ýurdumyzda hem giňden belli nakgaş B.Hojagulyýewiň dürli ýyllarda döreden «Gelin toýy», «Ýaşulular», «Gözdaňdy», «Düýe çapyşygy» ýaly milli öwüşginlere baý işleri, B.Kakabaýewiň «Bagşylar», «At çapyşygy», «Dag peýzažy», «Magtymguly Pyragy halkyň arasynda», «Kejebe» ýaly eserleri bilen sazlaşyp gözellik ýaýlasy mysaly bu ýere gelenleriň ruhuny belende göterýär.

Ylham paýlaýan sazlar

27—28-nji oktýabrda kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli «Mukama siňen ömür» atly festiwal geçirilýär Dünýä belli edebiýatçy W.Belinskiý: «Beýik eserler öz täsiri bilen täze-täze eserleriň döremegine sebäp bolýar» diýýär. Bu sözler, göýä kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijiligi barada aýdylan ýaly bolup dur. Sebäbi ussadyň eserleriniň täsiri barada aýdylanlar şeýle diýmäge esas berýär.

Nury Halmämmedow we körpeleriň dünýäsi

Nury Halmämmedow diýlende, ilkinji nobatda, ussadyň kinofilmlere ýazan sazlary kalbyňa dolýar. Esasan-da, «Şükür bagşy» filmini Nury Halmämmedowyň sazlaryndan üzňe göz öňüne-de getirip bilmeýäris. Muny «Mukamyň syry», «Aýgytly ädim», «Japbaklar», «Kärizgenler»... ýaly filmleriň islendigi barada-da aýdyp bileris. Ýöne biz ussadyň sazlarynyň çagalar dünýäsine-de görkanalyk çaýandygy hakda söhbet etmegi makul bildik. Sebäbi «Tekepbir geçi we oglanjyk», «Batbörekleriň, leglekleriň uçuşy», «Leňňeç», «Çisňeýän ýagyş», «Tokaý ertekisi», «Aýazbaba bize geldi» ýaly eserlerden başga-da Nury Halmämmedowyň sazlary türkmen multfilmleriniň üsti bilen hem çagalar dünýäsine aralaşypdy. Munuň üçin biz türkmen multfilm önümçiliginiň gözbaşyna nazar aýlamaly bolýarys. «Myhman ataňdan uly» atly multfilm köplere tanyş bolmasa-da, bu sungatyň türkmen durmuşyna aralaşmagynyň ilkinji menzillerinde duran ussat suratkeş Ýewgeniý Iwanowiç Mihelsonyň döredijiligine nazar aýlasak, bu multfilmiň adyna hökman gabat geleris. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda Aşgabat telestudiýasynda nakgaş, režissýor bolup işlän Ý.Mihelsonda multiplikasiýada zehinini synamak pikiri döreýär. Onuň bu pikiri, teklibi goldaw tapyp, 1970-nji ýylda Lora Stepanskaýa bilen bilelikde türkmen durmuşyndan gürrüň açýan «Myhman ataňdan uly» atly multfilmi taýýar edýär. Türkmen obasyna bagşynyň gelmegi bilen baglanyşykly wakadan söz açýan gy

«Ähli döwürleriň kompozitory»

26-njy oktýabrda şeýle at bilen Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli edebi-sazly dabara geçirildi. Kitaphana işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmen döwlet Medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabarada baýry kitaphana işgäri, kompozitoryň doganoglany Ogulnyýaz Gulmuhammedowa onuň ýaşlyk we kämillik ýyllary hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, kompozitor Meret Annamyradow öz halypasynyň ömri we döredijiligi, onuň nesillere miras galdyran saz eserleriniň ähmiýeti barada aýratyn durup geçip, ussadyň türkmen kinofilmleri üçin ýazan sazlaryndan bölekleri fortepianoda ýerine ýetirdi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, sazşynas, «Nury Halmämmet» atly kitabyň awtory Jemile Gurbanowa guýmagursak zehinli kompozitoryň döreden eserleriniň diňe bir halkymyzyň däl-de, eýsem, dünýäniň aýdym-saz äleminde öz mynasyp ornuny tapýandygyny anyk mysallar arkaly gürrüň berdi. Dabara gatnaşan myhmanlar bilen talyp ýaşlar sowal-jogap alyşdylar. Bu ýerde gurnalan kitap sergisinde kompozitoryň durmuş we sungat ýoluna bagyşlanan kitaplar, ylmy edebiýatlar, fotosuratlar, onuň notalarynyň

«Köňül tary»

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap «Köňül tary» atly täze spektakly sahnalaşdyrdylar. Täze spektakla Nury Halmämmedow bilen işleşen, dost bolan we ony tanan adamlar hem gatnaşdylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti, bu spektaklyň režissýory Bilbil Mämmedow hem bar. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň keşbini Süleýman Eminow, aýdymçy Atageldi Garýagdyýewiň keşbini Şirgeldi Saparow ýerine ýetirýär. Nury Halmämmedowyň keşbini bolsa Perhat Sallandyýew janlandyrýar.

«Dutaryň owazy»

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitaby esasynda «Dutaryň owazy» atly täze spektakly sahnalaşdyrýar. Spektaklda türkmen milli aýdym-saz sungaty barada söz açylyp, hoş owazly mukamlary bilen halkymyzyň ebedi söýgüsini gazanan Nury Halmämmedowyň döredijilik ýoly açylyp görkezilýär.

Türkmen alabaýyna bagyşlandy

25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň bilelikde yglan eden «Türkmen alabaýy merdanalygyň nusgasy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bäsleşige ýurdumyzyň dürli kärde zähmet çekýän raýatlary, talyp ýaşlary özleriniň türkmen alabaýynyň edermenligine, paýhaslylygyna bagyşlan edebiýatyň dürli görnüşleri boýunça ýazan eserleri bilen gatnaşdylar. Abraýly emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, çeper söz arkaly türkmen alabaýynyň şekilini beýan etmegi başaranlar bäsleşigiň ýeňijileri diýip yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat haty, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň gymmat bahaly sowgady gowşuryldy.

Sungat terbiýesi

Çagalar sungat terbiýesi bilen hökman gurşalmalydyr. * * *

Medeni köprüler

Neda BERGER, Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy: — Türkmen-awstriýa jemgyýeti 2008-nji ýylda döredilip, geçen ýyllaryň içinde iki ýurduň we halkyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda netijeli işler durmuşa geçirildi. Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Aşgabatda ilkinji gezek 2011-nji ýylda geçirilen Wena baly bolsa, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk hem medeni hyzmatdaşlygyň ajaýyp başlangyjydyr. Arkadag şäherinde geçirilen V Wena baly bilelikdäki jemgyýetiň döredilmeginiň 15 ýyllygyna gabat geldi. Onuň täze şäherde geçirilmeginde uly many bar. Çünki häzirki zamanyň täze şäheri täze döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyrýar. Men 29-njy iýunda şäheriň açylyş dabarasyna hem gatnaşdym. Şäheriň gözelligi haýran galdyrýar. Onda halkyň ýaşamagy, işlemegi üçin döredilen mümkinçilikler bellärliklidir. Ýakynda Wenanyň meri we gubernatory Mihael Lýudwig hem bu medeni çäre mynasybetli öz gutlagyny iberdi. Munuň özi Arkadag şäheri bilen Wenanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde nobatdaky ädimdir. Ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilen V Wena baly şatlygyň, parahatçylygyň baýramy bolup, oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

Her saýranda şeýda bilbil...

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň açylmagy medeniýet we sungat işgärleri, şeýle-de ähli halkymyz üçin uly sowgat boldy. Bu bilim ojagyna meşhur bagşynyň adynyň dakylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylan ägirt uly ünsüň hem-de aladalarynyň netijesidir.

Wepalylygyň nusgasy

Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar halkymyzda toýlar uludan tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde döwlet derejesinde uludan toýlanýan Türkmen alabaýynyň baýramy hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlanýan döwrebap baýramçylyklarymyzyň biridir. Nurana baýramçylyk özboluşly syn-sypatly, üşükli, gaýduwsyz eýesine wepaly türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilýär. Ýeri gelende, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, alabaýlary idetmek we baş sanyny köpeltmek üçin döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilendigini, ak şäherimiz Aşgabatda we ähli welaýatlarda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezleriniň gurlandygyny bellemek has-da ýakymlydyr.

Paýhas çeşmesiniň sergisi

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň kitaphanasynda «Kitap — paýhas hazynasy» atly kitap sergisi guraldy. Many-mazmuna baýlygy hem-de döwrebaplygy taýdan köpleriň ünsüni çeken sergide Gahryman Arkadagymyzyň öz halkyna sowgat eden kitaplary, türkmen we doganlyk halklaryň tanymal sazşynaslarynyň ýurdumyzyň belli kompozitorlarynyň ömri we döredijiligine bagyşlap ýazan kitaplary we olaryň dürli ýyllarda döreden saz eserleriniň notalarynyň ýygyndylary görkezilýär.

Aýdymlary bilen adygan

Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowa 1924-nji ýylda welaýatymyzyň Köneürgenç etrabynyň Zaman obasynda eneden bolýar. Ir döwürler ol türkmen aýal-gyzlarynyň içinde aýdym-saza ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Akjagülüň saz sungatyna bolan söýgüsi heniz ýaşajykka başlanýar. Ol entek mekdepde okaýarka, özüniň şirin owazy bilen deň-duşlaryny haýrana galdyrýar. Ol boş wagtlarynda, mümkinçilik tapsa, aýdym-saz diňlär eken. Ylaýta-da, halypa bagşylaryň obada il-halka özleriniň ajaýyp sungatlary bilen hezil berişlerini içgin synlapdyr. Ana, şol wagtlar hem geljekki atly-owazly bagşy Akjagülde edil şolar ýaly bagşy bolmak, mydama halkyň hyzmatynda gezmek arzuwy döreýär. Bagşy Akjagül Myradowa birnäçe ýyllar bilbil owazly bagşy Magtymguly Garlyýewden we onuň ezber sazandasy Sapar Bekiýewden aýdym-saz ugrundan sapak alýar. Halypasyndan dutaryň ilkinji kakuwlaryny, perdelerde barmaklaryny hereket etdirmegi, heň yzarlamagy öwrenýär. Şeýlelikde, bagşy örän gysga wagtyň içinde birnäçe aýdymlary özleşdirýär. Ýöne halypalary hemişe diýen ýaly toý-märekelerde bolansoňlar, ýaş bagşy Akjagül olardan birneme arany üzmeli bolýar. Akjagül Myradowa bagşyçylyk sungatyna höwesli bolşy ýaly, ylym-bilime teşneligi bilen hem tapawutlanypdyr. Ol 1942-nji ýyldan 1946-njy ýyla çenli oba çagalaryna sowat öwredip, mugallymçylyk kärinde zähmet ýoluny dowam etdirýär. Esasan hem, ol taryh, geografiýa dersler

«Näzli»-niň Hindistandaky çykyşlary

18-20-nji oktýabrda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde 9-njy Halkara tans we aýdym-saz festiwaly geçirildi. Belent ruha beslenip geçirilen festiwala dünýäniň 12 döwletinden, şol sanda Türkmenistanyň «Näzli» tans topary gatnaşdy. Älemgoşar öwüşginli tanslara, joşgunly aýdymlara baý bolan festiwal dünýä halklarynyň milli medeniýetiniň, sungatynyň naýbaşy nusgalaryny özünde jemledi. Birek-birek bilen sungat arkaly sözleşmäge, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eden festiwalda «Näzli» tans topary üstünlikli çykyş etdi.

Nusgalyk mekdep

Halkara gatnaşyklar ulgamynda medeni-ynsanperwer baýlyklaryň orny barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Baky Bitarap, Garaşsyz döwletimiziň medeni diplomatiýasy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, türkmen wekiliýetiniň daşary döwletlere saparlarynyň çäklerinde geçirilýän medeni meýilnamalarda, milli miras we häzirki zaman sungaty bilen tanyşdyrýan sergilerde, döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda dürli görnüşde ýüze çykýar. Ýakynda Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda guralan medeni çäreler hem munuň aýdyň mysallarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň bu medeni çärelere gatnaşmagy iki halkyň milli mirasyny, zenanlaryň döredijilik ukyplaryny dabaralandyrmakda ähmiýetli waka öwrüldi. Milli sungat we senetçilik muzeýinde Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasyny Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasy garşylap, muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Şolaryň hatarynda sujou we ýüpek keşdeçiliginiň nusgalarynyň, el işleriniň önümleriniň, beýleki maddy däl medeni mirasyň gymmatlyklarynyň bolmagy zenan döredijiliginiň gymmatyny açyp görkezýär.