Wepalylygyň nusgasy

25 Oktýabr 2023
428

Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar halkymyzda toýlar uludan tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde döwlet derejesinde uludan toýlanýan Türkmen alabaýynyň baýramy hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlanýan döwrebap baýramçylyklarymyzyň biridir.

Nurana baýramçylyk özboluşly syn-sypatly, üşükli, gaýduwsyz eýesine wepaly türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilýär. Ýeri gelende, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, alabaýlary idetmek we baş sanyny köpeltmek üçin döwrebap maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilendigini, ak şäherimiz Aşgabatda we ähli welaýatlarda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezleriniň gurlandygyny bellemek has-da ýakymlydyr.

Narly NURYÝEW,
žurnalist.