«Köňül tary»

26 Oktýabr 2023
544

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary kompozitor Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap «Köňül tary» atly täze spektakly sahnalaşdyrdylar.

Täze spektakla Nury Halmämmedow bilen işleşen, dost bolan we ony tanan adamlar hem gatnaşdylar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň at gazanan artisti, bu spektaklyň režissýory Bilbil Mämmedow hem bar. Şahyr Gurbannazar Ezizowyň keşbini Süleýman Eminow, aýdymçy Atageldi Garýagdyýewiň keşbini Şirgeldi Saparow ýerine ýetirýär. Nury Halmämmedowyň keşbini bolsa Perhat Sallandyýew janlandyrýar.

«Edebiýat we sungat»