Wena baly — gözelligiň, söýginiň nyşany

27 Oktýabr 2023
792

Arkadag şäherinde «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançada V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Bu döredijilik çäresi Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek. Şeýle çäreler ozal Aşgabatda guralýardy. Aýdym-saz agşamy ýurdumyzyň görnükli aýdymçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň, Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Arkadag şäheri — bagtyň şäheri» atly aýdym bilen açyldy. Soňra «Galkynyş» simfoniki orkestriniň ýerine ýetirilmeginde Wena balynyň däbine öwrülen awstriýaly kompozitor we dirižýor Karl Mihael Sireriň «Polonez» sazy ýaňlandy hem-de ýurdumyzyň birleşen tans toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen ajaýyp tanslar tomaşyçylary ýakymly duýgulara atardy. Awstraliýaly ýyldyzlaryň Regine Hangler we Lewent Gündüziň ýerine ýetiren aýdymlary balyň şowhunyny has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň tans toparlarynyň ýakymly saza goşup ýerine ýetiren wals tanslarynyň kämil derejedäki sazlaşykly hereketleri dabara gatnaşan myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

«Zenan kalby».