Nury Halmämmedow we körpeleriň dünýäsi

26 Oktýabr 2023
638

Nury Halmämmedow diýlende, ilkinji nobatda, ussadyň kinofilmlere ýazan sazlary kalbyňa dolýar. Esasan-da, «Şükür bagşy» filmini Nury Halmämmedowyň sazlaryndan üzňe göz öňüne-de getirip bilmeýäris. Muny «Mukamyň syry», «Aýgytly ädim», «Japbaklar», «Kärizgenler»... ýaly filmleriň islendigi barada-da aýdyp bileris. Ýöne biz ussadyň sazlarynyň çagalar dünýäsine-de görkanalyk çaýandygy hakda söhbet etmegi makul bildik. Sebäbi «Tekepbir geçi we oglanjyk», «Batbörekleriň, leglekleriň uçuşy», «Leňňeç», «Çisňeýän ýagyş», «Tokaý ertekisi», «Aýazbaba bize geldi» ýaly eserlerden başga-da Nury Halmämmedowyň sazlary türkmen multfilmleriniň üsti bilen hem çagalar dünýäsine aralaşypdy. Munuň üçin biz türkmen multfilm önümçiliginiň gözbaşyna nazar aýlamaly bolýarys.

«Myhman ataňdan uly» atly multfilm köplere tanyş bolmasa-da, bu sungatyň türkmen durmuşyna aralaşmagynyň ilkinji menzillerinde duran ussat suratkeş Ýewgeniý Iwanowiç Mihelsonyň döredijiligine nazar aýlasak, bu multfilmiň adyna hökman gabat geleris. Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda Aşgabat telestudiýasynda nakgaş, režissýor bolup işlän Ý.Mihelsonda multiplikasiýada zehinini synamak pikiri döreýär. Onuň bu pikiri, teklibi goldaw tapyp, 1970-nji ýylda Lora Stepanskaýa bilen bilelikde türkmen durmuşyndan gürrüň açýan «Myhman ataňdan uly» atly multfilmi taýýar edýär. Türkmen obasyna bagşynyň gelmegi bilen baglanyşykly wakadan söz açýan gysgajyk, reňksiz multfilmiň agaçdan ýasalan gurjak gahrymanlaryna «dil açdyrmak» meselesi ýüze çykýar. Şunda Ý.Mihelsonyň ýadyna «Şükür bagşy» filmi düşýär-de, tekst ulanmazdan, diňe N.Halmämmedowyň sazynyň üsti bilen multfilme «dil açdyrmak» kararyna gelýär.

Taýýarlan Annagözel SÄHETLIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.