Nusgalyk mekdep

25 Oktýabr 2023
520

Halkara gatnaşyklar ulgamynda medeni-ynsanperwer baýlyklaryň orny barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Baky Bitarap, Garaşsyz döwletimiziň medeni diplomatiýasy hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, türkmen wekiliýetiniň daşary döwletlere saparlarynyň çäklerinde geçirilýän medeni meýilnamalarda, milli miras we häzirki zaman sungaty bilen tanyşdyrýan sergilerde, döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda dürli görnüşde ýüze çykýar. Ýakynda Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda guralan medeni çäreler hem munuň aýdyň mysallarynyň birine öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň bu medeni çärelere gatnaşmagy iki halkyň milli mirasyny, zenanlaryň döredijilik ukyplaryny dabaralandyrmakda ähmiýetli waka öwrüldi. Milli sungat we senetçilik muzeýinde Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasyny Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasy garşylap, muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy. Şolaryň hatarynda sujou we ýüpek keşdeçiliginiň nusgalarynyň, el işleriniň önümleriniň, beýleki maddy däl medeni mirasyň gymmatlyklarynyň bolmagy zenan döredijiliginiň gymmatyny açyp görkezýär.

Ogulbek BERDIÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.