Gözellik ýaýlasy

26 Oktýabr 2023
580

Ýakynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi hem-de şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde halypa nakgaşlar Babageldi Hojagulyýewiň we Baýramgeldi Kakabaýewiň bilelikdäki döredijilik sergisi açyldy. Bu günki günde ýurdumyzda hem giňden belli nakgaş B.Hojagulyýewiň dürli ýyllarda döreden «Gelin toýy», «Ýaşulular», «Gözdaňdy», «Düýe çapyşygy» ýaly milli öwüşginlere baý işleri, B.Kakabaýewiň «Bagşylar», «At çapyşygy», «Dag peýzažy», «Magtymguly Pyragy halkyň arasynda», «Kejebe» ýaly eserleri bilen sazlaşyp gözellik ýaýlasy mysaly bu ýere gelenleriň ruhuny belende göterýär.

Gözel HAKBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi hem-de şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň direktory.