Medeni köprüler

25 Oktýabr 2023
429

Neda BERGER,
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy:

— Türkmen-awstriýa jemgyýeti 2008-nji ýylda döredilip, geçen ýyllaryň içinde iki ýurduň we halkyň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, medeniýet ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda netijeli işler durmuşa geçirildi. Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Aşgabatda ilkinji gezek 2011-nji ýylda geçirilen Wena baly bolsa, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostluk hem medeni hyzmatdaşlygyň ajaýyp başlangyjydyr. Arkadag şäherinde geçirilen V Wena baly bilelikdäki jemgyýetiň döredilmeginiň 15 ýyllygyna gabat geldi. Onuň täze şäherde geçirilmeginde uly many bar. Çünki häzirki zamanyň täze şäheri täze döredijilik başlangyçlaryna ruhlandyrýar. Men 29-njy iýunda şäheriň açylyş dabarasyna hem gatnaşdym. Şäheriň gözelligi haýran galdyrýar. Onda halkyň ýaşamagy, işlemegi üçin döredilen mümkinçilikler bellärliklidir. Ýakynda Wenanyň meri we gubernatory Mihael Lýudwig hem bu medeni çäre mynasybetli öz gutlagyny iberdi. Munuň özi Arkadag şäheri bilen Wenanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde nobatdaky ädimdir. Ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilen V Wena baly şatlygyň, parahatçylygyň baýramy bolup, oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.

Ýazga geçiren Aýsenem NURLYÝEWA.
«Arkadag».