Aýdymlary bilen adygan

25 Oktýabr 2023
515

Türkmenistanyň halk bagşysy Akjagül Myradowa 1924-nji ýylda welaýatymyzyň Köneürgenç etrabynyň Zaman obasynda eneden bolýar. Ir döwürler ol türkmen aýal-gyzlarynyň içinde aýdym-saza ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Akjagülüň saz sungatyna bolan söýgüsi heniz ýaşajykka başlanýar. Ol entek mekdepde okaýarka, özüniň şirin owazy bilen deň-duşlaryny haýrana galdyrýar. Ol boş wagtlarynda, mümkinçilik tapsa, aýdym-saz diňlär eken. Ylaýta-da, halypa bagşylaryň obada il-halka özleriniň ajaýyp sungatlary bilen hezil berişlerini içgin synlapdyr. Ana, şol wagtlar hem geljekki atly-owazly bagşy Akjagülde edil şolar ýaly bagşy bolmak, mydama halkyň hyzmatynda gezmek arzuwy döreýär. Bagşy Akjagül Myradowa birnäçe ýyllar bilbil owazly bagşy Magtymguly Garlyýewden we onuň ezber sazandasy Sapar Bekiýewden aýdym-saz ugrundan sapak alýar. Halypasyndan dutaryň ilkinji kakuwlaryny, perdelerde barmaklaryny hereket etdirmegi, heň yzarlamagy öwrenýär. Şeýlelikde, bagşy örän gysga wagtyň içinde birnäçe aýdymlary özleşdirýär. Ýöne halypalary hemişe diýen ýaly toý-märekelerde bolansoňlar, ýaş bagşy Akjagül olardan birneme arany üzmeli bolýar.

Akjagül Myradowa bagşyçylyk sungatyna höwesli bolşy ýaly, ylym-bilime teşneligi bilen hem tapawutlanypdyr. Ol 1942-nji ýyldan 1946-njy ýyla çenli oba çagalaryna sowat öwredip, mugallymçylyk kärinde zähmet ýoluny dowam etdirýär. Esasan hem, ol taryh, geografiýa derslerinden sapak bermek bilen birlikde, şol döwürlerde mekdeplerde aýdym-saz gurnagyny döredip, ýaşlara aýdym aýtmagy ýadaman-ýaltanman öwretmäge-de wagt tapýar. Akjagül Myradowa 1946-njy ýylda özüni bütinleý sungata bagyşlaýar. Şol ýyllarda açylan Daşoguz teatryna bagşy bolup işe ýerleşýär. Ol deň-duşlary bilen bu ýerde ýörite konsert toparyny döredip, ýygy-ýygydan çykyş etmek bilen, halka özüni tanadýar. Wagtyň geçmegi bilen, soňra ol şol wagtky Gubadag, häzirki Boldumsaz etrabynyň medeniýet öýünde çeper ýolbaşçy bolup işe başlaýar. Ol ýerde zähmet çekeninde-de bagşy Akjagül Myradowa häzirki zaman mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlary bilen birlikde halk aýdymlaryny-da öwrenmegi erjellik bilen dowam etdirýär. Ylaýta-da, onuň ýerine ýetirýän «Näzlibaýram», «Akmaýa gerek», «Derdiňden», «Gelinler», «Güzer eýledi», «Hajygolak», «Bolmaz», «Düşmüş», «Ýaşylbaş» ýaly ençeme aýdymlaryny il-günümiz teleradioýaýlymlar arkaly diňläp, ruhy lezzet alýarlar. Ýeri gelende aýdylsa, ussat bagşymyz Akjagül Myradowa dessan aýtmaga gezek gelende-de, örän zehinli eken. Ol «Görogly» eposyndan bölekleri, şeýle-de «Hüýrlukga — Hemra», «Şasenem — Garyp» ýaly ajaýyp türkmen dessanlaryny örän ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir.

Gurbannazar KAKABAÝEW,
sazanda.