Ýazyjy hem dramaturg

26 Oktýabr 2023
604

26-njy oktýabrda dramaturg, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda dabara geçirildi. Bu günki günde ýazyjynyň ýiti galamyndan çykan «Nusaý söýgüsi», «Yşkyň gämisi», «Yşkyň gämisi kenarda» ýaly onlarça pýesalary ýurdumyzyň teatrlarynda sahnalaşdyrylyp, şol eserler boýunça taýýarlanan spektakllar daşary ýurtlarda geçirilýän halkara teatr festiwallarynda baýraklara mynasyp boldy. G.Daňatarowyň «Aşyk Çaňly», «Nejeboglan» ýaly gadymy dessanlarymyz esasynda taýýarlan librettolary milli opera sungatymyzyň altyn hazynasyny baýlaşdyrdy. Dabarada çykyş eden halypa artistler, aýdymçylar ussat dramaturgyň milli teatr sungatymyzy ösdürmekdäki bitiren hyzmatlary barada uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Ýörite habarçymyz.