"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ynsan kalbynyň öçmejek nury

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň we sungatymyzyň ösmegi barada taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan döwletli tutumlar il-günümiziň bagtyýar şu gününe, eşretli geljegine gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň hatary uzap, dabarasy dünýä ýaň salýar. Munuň şeýledigine türkmen halkynyň göz-guwanjy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegem şaýatlyk edýär. Bu gün akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan bagtyýar zamanasy geldi. Bu gün türkmen halky güneşli Diýarynda erkana, bagtyýar ýaşaýar. Türkmen halkyny agzybirlige, halallyga, gaýratlylyga, ertirki gowy günlere ynamly bolmaga çagyran Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganatydyr, şamçyragydyr, ynsanperwer ýaşaýşa bolan berk ynamydyr. Şahyr her bir türkmeniň kalbynda belent adamkärçilige, ruhubelentlige we watansöýüjilige berk ynam döredýär.

Me­de­ni­ýet —bag­ty­ýar dur­mu­şyň bin­ýa­dy

Türkmen medeniýeti. Bu sözde halkymyzyň millet hökmünde ýaşaýyş gözbaşyndan gaýdyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne çenli gelip ýeten ruhy gymmatlyklary ýatyr. Ol gymmatlyklar birtaraplaýyn bolman, eýsem halkyň durmuşynyň ähli tarapyny öz içine alýar. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, gadymy gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösen ýerinde milletiň döredijilik ukyby-da artýar. Onuň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Medeniýet — halkyň köpasyrlyk geçmişiniň beýany. Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. Islendik halkyň Ýer ýüzündäki orny, at-abraýy onuň medeniýeti bilen ölçelýär. Medeniýetiň üsti bilen halkyň parahatsöýüjilik taglymaty, edermenligi, batyrlygy, ýürek owazy, göwün maksady ýüze çykýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeniýet ulgamy, ol babatda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklanylýar. Medeniýeti ösdürmäge döwlet tarapyndan uly serişdeler goýberilýär.

Diýardan ýaýran ýollar

Säher. Ykmanda saba ýelleri köçe syryp, yş tapan ýerine sümülýärdi. Açyk penjireden alňasap giren daň şemaly toýnaklaryň sazlaşykly dükürdisine gaplanyp, Işangulynyň ýumşak gulak etini sypaý-sypaý oýarardy. Garaderiň toýnagynyň sesi beýlekileriňkiden mese-mälim saýlanýardy. Gyz gylykly bedewe der inip, burnuny parladyp, ýyldyrym süýnüşine ýa-da kuwwatly art aýaklaryna daýanyp, çarpaýa galşyna keseden tomaşa etmek onuň üçin günüň şowly başlangyjydy. Şeýle ajap günleriň biri «Конь и конный спорт» atly rus žurnalyna göz gezdirip oturan Işangulynyň gözleri tanyş keşpde eglenýär. Sahypadaky tekstiň sagyna ýarym göwre at heýkeli, çep tarapynyň ýokarky bölegine-de, Garaderiň suraty ýerleşdirilipdir. Ol haýal-ýagallygy ýençgiläge-de, teksti okamaga girişdi. Şatlykdan şöhlelenen göreç her bir sözlemde aýlaw berýärdi. Deňeşdirme-degşirme usulynda beýan edilen tekstiň maglumata berçinlenen her bir sözlemi çözülmedik mataldy. Gazuw-agtaryş işlerinde tapylan heýkeljik b.e. öňki ӏӏ asyra degişli diýlip ýazylypdyr. Tekstiň mazmuny dünýä atçylygy hakynda barsa-da, bulgurdaky Garaderiň şekilidi. Awtor şekili ýüpujy edinip, türkmen atçylygynyň, seýisçiliginiň taryhyny inçelik bilen yzarlaýardy. «Golaýdaky bagt göze ilmez» diýleni. Işangulynyň nazarynda galan bedewiň keşbi portret görnüşinde gaýtadan janlanyberdi. Gadymyýetiň öwüşginini beren ýagly reňkleriň sazlaşygynda kendirde çarpaýa g

Sungata öwrülen senet

Türkmen halysy geçmişiň we geljegiň beýany. Irki döwürlerden bäri halylaryň we haly önümleriniň ýerligi, gölleri, nagyşlary, esasan, gyzyl reňkde dokalyp gelinýär. Eger siz türkmen halylaryna üns berip seretseňiz, onda gülleri, kölleri, daglary we guşlaryň aýak yzylaryny görersiňiz. Dünýäni göz öňünde janlandyrýan türkmen halysy iň meşhur geçginli haryt hasaplanylýar. Ol türkmen halky üçin diňe bir adaty senetçilik önümi däldir. Halyda özüniň döreýiş gözbaşyny gaty gadymlardan alyp gaýdýan türkmen milletiniň geçmiş taryhynyň syrly ýazgylary bar. Halynyň her göli, her çitimi, her şekili tutuşlygyna alanyňda, gyz-gelinlerimiziň elinden çykýan ajaýyp eserdir. Häzir dünýäniň iň gadymy hem naýbaşy muzeýlerinde türkmen halysynyň asyl nusgalarynyň saklanylmagy oňa Ýer ýüzündäki ykrarnamanyň hem-de egsilmeýän gadyr-gymmatyň alamatydyr. Ylaýta-da, Ýewropa ýurtlarynda öňden bolşy ýaly, häzir hem ajaýyp türkmen halylaryna isleg uly. Muny her ýylda geçirilýän Bütindünýä haly önümleriniň sergi-ýarmarkasy anyk tassyklaýar. Türkmen halysyna nazary düşen adam aňsat onuň ýanyndan aýrylyp bilmeýär. Hut şonuň üçin hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: «Biziň döwletimiziň ýene-de bir genji-hazynasy taýsyz çeper eserler bilen deňeşdirilen ajaýyp halylarymyzdyr» diýip belleýär.

Milli medeniýetiň güýç-kuwwaty ynsanperwerlik gymmatlyklarynyň dowamatlylygynyň esasydyr

Medeniýet hepdeligi — 2021: dabaralara badalga berildi TÜRKMENABAT, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň edara ediş merkezinde 2021-nji ýylyň Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylyşy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen giň gerimli döredijilik çäresi 2013-nji ýyldan başlap, ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýär. Bu möhüm ähmiýetli çäre milli medeniýetiň köpöwüşginliligini, onuň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk dörediji kuwwatyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylda aýratyn ähmiýetlidir. Şu ýyl bu giň gerimli çäre eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de ak mermerli türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ýaly ajaýyp senelere gabat geldi.

Sungatyň sarpalanýan ýurdunda

Düýn Türkmenabat şäheriniň Ruhyýet köşgüniň öňünde guralan aýdym-sazly dabara bilen Medeniýet hepdeligine badalga berildi. Hepdeligiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagynyň okalmagy ýakymly pursatlaryň biri boldy. Gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylanan Gutlagdan soňra ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar türkmen medeniýetini we onuň ajaýyp döwrümiz bilen sazlaşygyny wasp etdi. Dabaranyň yzysüre geçirilen «Perzent çeşme bolsa, ata-ene gözbaşydyr» atly maslahat forumyň ajaýyp başlangyjyna öwrüldi. Oňa gatnaşyjylar ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdiler: Muhammetguly KASYMOW, Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy:

Serpik agöýlän açylýar

Poladyň ussahanasyna ilkinji gezek baranymda, «Beh, bu ýer wagtal-wagtal gelip durmaly ýer oguşýa» diýenimi duýman galypdyryn. Geçen gezek baranymda, Lebap welaýatynda gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň içki bezegine degişli iş bilen meşguldyklaryny aýdypdy. Onuň ussahanasyna barýanlygymyň sebäbi-de şoldy. Türkmeniň ak öýi! Howasy ýylyň dört paslynda-da ýaz ýakymly, oturanyňda rahat, göç-gonda söküp-düzmesi, gurmasy ýeňil ak öýler! Näçe ýaşasaň-da, «Ýaşap bildik-le» diýip gidiläýmeýän dünýä ýaly, içine girseň çykasyň gelmeýän ak öýüň howasynyň özi nämä degenok?! Açyk asmanyň astynda ýalysyň, ýöne ezilmersiň, ýalazy ýerde ýalysyň, emma seniň üçin ýel-guz ýokdur. Guşluk uçurlary serpigi ýaparlar weli, içeri Gün ýagtysy düşmez, garaňkyrar. Gözenege tutulan gamşa sepilen suwdan soň, öýüň içine aralaşan seleňlik daşarda tomsuň tebit alýan howasy bardyr öýtdürmez. Gyşyň aýazynyň ojakda belentden gallanan odunyň ýylysyna ýüzi aňrydyr. Öýden örýänlere rahat, myhmana giňden açyk gapyly şol öýlerde bir gün duz dadylyp, müň gün salama barlyp, beýle garynja gatnawy ýeneki agzybirligiň, jebisligiň ýolundaky gatnaw eken. Adam adama delalatly, öý öýe hemaýatly bolupdyr. Agzybirlikde goňşy otur, golaý otur bolşup, syrgyn kürene öwrülipdir. Ata-babalaryň bu agzybirlik ýoly türkmeni şeýde-şeýde, «Küren tutar gözel ili türkmeniň» derejesine ýetiripdir. Döwletliligiň iňňän uzak taryhy ýolunda t

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Zehinli çagalarymyzyň çeken bu suratlarynda tebigat gözelliklerimize, milli gymmatlyklarymyza, mukaddes Garaşsyzlygymyza uly buýsanç bar. Olar eserlerinde yhlas bilen reňkleri ýerlikli ulanyp, özboluşly eserleri döredipdirler.

Daşary ýurtly türkmen aýdymçylarynyň ýürek buýsançlary

Kemaleddin MUHANOW,Türkmenistanyň Prezidentiniň«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiňýeňijisi, özbegistanly türkmen: — Haýsy döwletde medeniýete, sungata aýratyn üns berilýän bolsa, şol döwletiň ykdysady ýagdaýy gurpludyr, halky bagtyýardyr. Biz muny taryhy ata Watanymyzyň mysalynda göre-göre gelýäris. Elbetde, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösüşini, owadan owaz bolup dünýä ýaýraýşyny şahyr ýürekli milli Liderimiz, dünýä türkmenleriniň Arkadagy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugra berýän ägirt uly ünsünden, milli medeniýetimizi giň halkara jemgyýetçiligine ýaýmak ugrundaky buýsandyryjy işlerinden üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew», «Türkmen alabaýy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly onlarça kitaby milletimiziň köpöwüşginli medeniýetini, sungatyny, asyrlaryň dowamynda döreden hem-de kämil görnüşe ýetiren taýsyz gymmatlyklaryny Zemin halklaryna wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Medeniýet we sungat — durmuşyň gözelligi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy ösüşlere beslenýän giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimiz, sungatymyz täze ösüşlere eýe bolýar. Döwrümiziň belent ruhuny, beýik ösüşlerini wasp edýän medeniýet we sungat işgärleri milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda, wagyz etmekde uly işleri amala aşyrýar. Diýarymyzda giň gerimde tutulýan şanly baýramçylyklar, halkara derejesinde yzygiderli geçirilýän maslahatlar, sergiler, festiwallar, forumlar medeniýet ulgamynyň barha ösýändiginden, täze rowaçlyklara beslenýändiginden habar berýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Medeniýet hepdeligi her ýyl ýurdumyzyň dürli welaýatynda geçirilýär. 22 — 27-nji iýun aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändiginiň, milli ruhy mirasymyzy dünýäde giňden wagyz etmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Medeniýetiň toýy — bagtyýarlygyň ýaňy

Halkyň ruhuna ýakyn islendik täzelik ýyllaryň geçmegi bilen däbe öwrülýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň başlangyjy hem-de 2012-nji ýylyň 29-njy awgustynda gol çeken Karary esasynda 2013-nji ýylyň 24 — 30-njy iýuny aralygynda ilkinji sapar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda badalga alan Medeniýet hepdeliginiň mysalynda hem göre-göre gelýäris. Şondan bäri bu Hepdeligi her ýylyň iýun aýynyň soňky ongünlüginde uly dabara, şatlyk-şagalaňa besläp, ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de paýtagtymyzda gezegine geçirmek asylly däp bolup durmuşymyza ornaşdy. Özem, ezelinde türkmeniň şahandazlygy üçin bolsa gerek, Medeniýet hepdeligi turuwbaşdan ähli watandaşlarymyzyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan sungat baýramçylygy hökmünde ýüreklerimiziň töründen mynasyp orun aldy. Aslynda, biziň halkymyz toý-baýrama aýratyn gadyr goýýan halk. Görogly begiň «Bir toý tutuň älem galsyn haýrana» diýmesi, ertekilerimizdir dessanlarymyzdaky hepdeläp, kyrk günläp toý tutulyşy ýa-da dürli döwürlerde türkmen topragynda bolan çet ýurtly jahankeşdelerdir taryhçylaryň haýran galmak bilen «Türkmenler toý tutanlarynda ertirini alada etmän, ýygnap-ýygşyranja ähli zadyny orta dökýärler» diýip ýazmaklary halkymyzyň milli häsiýetiniň toýçuldygyndan, şahandazdygyndan hem-de ruhy dünýäsiniň baýdygyndandyr.

Jeýhunyň boýy joşguna beslenýär

Düýn Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligi dabaraly ýagdaýda açyldy. 22—27-nji iýun aralygynda geçirilýän, milli medeniýetimiziň özboluşly aýratynlygyny alamatlandyrýan bu çärä welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary uly taýýarlyk bilen bardylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli Medeniýet hepdeligini geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen geçirilýän Medeniýet hepdeligi berkarar Watanymyzyň medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitleri dabaralandyrmakda we giňden açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Halkyň ruhy güýji

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösmegi bilen bu sazlaşykly ulgamyň dünýä çykmagyna hem giň ýol açyldy. Arkadag Prezidentimiz dana ata-babalarymyzyň döreden we kämillik derejesine ýetiren milli gymmatlyklaryna, medeniýetine, sungatyna diýseň ýokary baha berýär. Munuň hakykatdan hem şeýledigine Milli Lidermiziň halkymyza peşgeş beren «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitaplaryny okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Halkymyzyň eşretli hözirini görüp ýaşaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi, sungatymyzy döwrebap ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda durmuşa geçirilýän işler diňe bir bu ulgamyň işgärlerini däl, eýsem, ýurdumyzyň her bir bagtyýar raýatynyň göwün guşuny ganatlandyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly ajaýyp kitabynda: «Şöhratly taryhymyz, dana pelsepämiz, gadymy hem şirin zybanymyz, nusgalyk däp-dessurlarymyz, nepis şaý-seplerimiz, Äleme ýaň salýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzdyr» diýip bellenilýär. Medeniýet we sungat işgärlerine gollanma bolup hyzmat edýän kitaplaryň biri bolan « Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda bolsa, hormatly Prezidentimiz: «Biziň wezipämiz — beýik ussatlardan miras galan gymmatly döredijilik we halypaçylyk d

Terbiýe - sungat

Bir adam mekdebe golaý ýerde ýaşaýan eken. Garrap, hormatly dynç alşa çykansoň, uzynly gün öýde bolmak ony irizipdir. Aýratyn-da okuwçylaryň gohy onuň ýüregine düşýän eken. Bir gün ol ala-goh edişip mekdepden gelýän okuwçylary saklap, şeýle diýipdir: — Çagalar, menem siz ýalykam goh-galmagal etmegi halaýardym. Siz maňa çagalygymy ýatladýaňyz. Öýümiň deňinden geçeniňizde edil şular ýaly goh etseňiz, size her gün bir manat berjek — diýipdir.

Sungat sütüni

Mary şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi mynasybetli welaýatyň merkezinde ýurdumyz boýunça ilkinji gurlan «Ak öý binasy» 2015-nji ýylyň 27-nji noýabrynda açylyp, ulanmaga berildi. Üçeginiň gurluşynda täsin bezegler ulanylan üç gatly binanyň beýikligi 35 metre, diametri 70 metre deňdir. Ak öýüň girelgesiniň ýokarsynda eňsi halysy ýerleşdirilip, onuň ýüzünde peýkam görnüşinde tumar berkidilipdir. Açylyş dabarasynda sungat ussatlaryň hem-de tomaşaçylar köpçüliginiň gatnaşmagynda mähriban Arkadagymyzyň sazyna, sözüne döredilen «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» aýdymy dört müňden gowurak adamyň bir äheňde ýerine ýetirmegi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle-de şol ýyl hormatly Prezidentimize «Türki dünýäsinde bitiren aýratyn hyzmatlary» medaly-da gowşuryldy. * * *

Döredijilik sowgady

Gökdere jülgesinde ýerleşýän, Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde guralýan medeni-dynç alyş çäreleri ýaş nesliň wagtynyň şadyýan geçmegine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň — geljekki sirk artistleriniň bu merkezde myhmançylykda bolmagy we ol ýerde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň öňünde çykyş etmegi ýakymly duýgulary döretdi. Talyplar sirk sungaty boýunça şüweleňli çykyşlary we sahna oýunlary bilen çagalara şatlyk paýladylar. Çykyşlaryň her biri bagtyýar çagalar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Çünki talyplaryň sirk sungatynyň dürli görnüşleri boýunça çykyşlary çaga dünýäsine mahsuslygy bilen ünsi çekdi. Şol gün çagalaryň şadyýan gülküleri, şatlykly sesleri aýdym-sazlar bilen utgaşyp, dag jülgesinde joşgunly pursatlary emele getirdi.

Bagtyýarlyk döwrüniň belent waspy

Eziz Diýarymyzda her bir gün, her bir aý şanly toý-baýramlara, joşgunly zähmet üstünliklerine beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde türkmen halky bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşýan döredijilik wekilleriniň, ýagny ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, sahna ussatlarynyň kämil eserlerinde hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent waspy beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilip, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işler barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak, senagat-önümçilik toplumlaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, zawod-fabrikleri gurmak, täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, döwletimiz tarapyndan köp möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär. Bularyň ählisi «Döwlet adam üçindir!» diýen baş syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr» diýip belleýär.

Medeniýet — halkyň kalby, Arkadagdan serpaý — sungat!

Ata-baba köklerinde sungatyň ruhy parlaýar,Bu gün bagtyň mesgeninde doganlyk tugy parlaýar,Halkyň ygrar-messebinde türkmeniň ýurdy bagtyýar,Şirin-şeker saýrak dilli, her ýürege ruhsar — sungat,Medeniýet — halkyň kalby, Arkadagdan serpaý — sungat! Milli sazlaryň ýaňlary beýik döwrüň ak ganaty,Milletiň gadym heňleri geçmiş-geljegiň zynaty,Mukam — kalbyň ak daňlary, owaz — ak bagtyň kamaty,Bu sähralar reýhan gülli, bilbillere bossan — sungat,Medeniýet — halkyň kalby, Arkadagdan serpaý — sungat!

Ýürekleriň buýsanjy

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda milli medeniýetimiziň baý mirasy täze öwüşginler bilen baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzda medeniýetiň ösmegi, sungatyň kämilleşmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýyl ýurdumyzyň bir welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Joşgunly Jeýhunyň kenary bir hepdeläp medeniýetiň we sungatyň toýuny toýlar. Bu ýerde geçirilýän çärelerde ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen kalplary ylhamly medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlarynda eziz Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda ýetilen belent sepgitler wasp edilýär. Gazetimiziň şu sanynda Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik: Töre NOBATOW, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory:— Ýurdumyzyň ägirt uly medeni kuwwatyny özboluşly beýan edýän Medeniýet hepdeligindäki ýatdan çykmajak pursatlar biziň ýüreklerimizi joşa getirýär. Bu ýerde ýerine ýetirilýän aýdym-sazlarda, tanslarda we halk döredijilik eserlerinde milli öwüşginler açyk-aýdyň görünýär. Dünýäniň hiç bir künjeginde türkmeniňki ýaly bir hepdeläp medeniýetiň we sungatyň toýuny toýlaýan ýurt ýok. Bu buýsançly hakykat bolsa milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçy

Türkmenabat myhmanlary garşylady

Ynha-da, 22-nji iýun. Ýylyň iň uzyn gündizi hem-de Medeniýet hepdeligi — 2021-e badalga beriljek gün. Şu gün berkarar Diýarymyzda asylly däbe öwrülen bu hepdelik Lebap welaýatynda ikinji gezek düşleýär. Jeýhun ýakasyndaky sebitiň merkezi hepdeligiň myhmanlaryny garşylap başlady. Hawa, düýn Türkmenabada gelen uçarlaryň hem, otlularyň hem esasy ýolagçylary Medeniýet hepdelige gatnaşjak myhmanlar boldy. Her ýylda bolşy ýaly, bu baýram tutuş il-ulus bolup bellenilýär. Şeýle bolansoň, Lebap welaýatyna ýurdumyzyň ähli sebitlerinden medeniýet we sungat işgärleriniň uly toplumy geldi.