Döredijilik sowgady

22 Iýun 2021
987

Gökdere jülgesinde ýerleşýän, Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde guralýan medeni-dynç alyş çäreleri ýaş nesliň wagtynyň şadyýan geçmegine oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň — geljekki sirk artistleriniň bu merkezde myhmançylykda bolmagy we ol ýerde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalaryň öňünde çykyş etmegi ýakymly duýgulary döretdi.

Talyplar sirk sungaty boýunça şüweleňli çykyşlary we sahna oýunlary bilen çagalara şatlyk paýladylar. Çykyşlaryň her biri bagtyýar çagalar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Çünki talyplaryň sirk sungatynyň dürli görnüşleri boýunça çykyşlary çaga dünýäsine mahsuslygy bilen ünsi çekdi. Şol gün çagalaryň şadyýan gülküleri, şatlykly sesleri aýdym-sazlar bilen utgaşyp, dag jülgesinde joşgunly pursatlary emele getirdi.

Döwlet HOJAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň esasy hünärmeni.