Halkyň ruhy güýji

22 Iýun 2021
1052

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösmegi bilen bu sazlaşykly ulgamyň dünýä çykmagyna hem giň ýol açyldy. Arkadag Prezidentimiz dana ata-babalarymyzyň döreden we kämillik derejesine ýetiren milli gymmatlyklaryna, medeniýetine, sungatyna diýseň ýokary baha berýär. Munuň hakykatdan hem şeýledigine Milli Lidermiziň halkymyza peşgeş beren «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Türkmen medeniýeti» atly ajaýyp kitaplaryny okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Halkymyzyň eşretli hözirini görüp ýaşaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi, sungatymyzy döwrebap ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda durmuşa geçirilýän işler diňe bir bu ulgamyň işgärlerini däl, eýsem, ýurdumyzyň her bir bagtyýar raýatynyň göwün guşuny ganatlandyryp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly ajaýyp kitabynda: «Şöhratly taryhymyz, dana pelsepämiz, gadymy hem şirin zybanymyz, nusgalyk däp-dessurlarymyz, nepis şaý-seplerimiz, Äleme ýaň salýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyzdyr» diýip bellenilýär.

Medeniýet we sungat işgärlerine gollanma bolup hyzmat edýän kitaplaryň biri bolan « Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda bolsa, hormatly Prezidentimiz: «Biziň wezipämiz — beýik ussatlardan miras galan gymmatly döredijilik we halypaçylyk däplerini mynasyp dowam etjek ýaşlary ösdürip ýetişdirmek bolup durýar» diýip belleýär. Häzirki wagtda medeniýet ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron we internet hyzmatlaryny ýola goýmak, medeniýet işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda, şeýle-de halypa-şägirtlik ýolunda durmuşa geçirilýän işlere täzeçe badalga berjek iş usullarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy buýsançly işleriň biridir.

Oguljemal ÇARYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.