Medeniýet we sungat — durmuşyň gözelligi

22 Iýun 2021
1398

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy ösüşlere beslenýän giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimiz, sungatymyz täze ösüşlere eýe bolýar. Döwrümiziň belent ruhuny, beýik ösüşlerini wasp edýän medeniýet we sungat işgärleri milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda, wagyz etmekde uly işleri amala aşyrýar. Diýarymyzda giň gerimde tutulýan şanly baýramçylyklar, halkara derejesinde yzygiderli geçirilýän maslahatlar, sergiler, festiwallar, forumlar medeniýet ulgamynyň barha ösýändiginden, täze rowaçlyklara beslenýändiginden habar berýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Medeniýet hepdeligi her ýyl ýurdumyzyň dürli welaýatynda geçirilýär. 22 — 27-nji iýun aralygynda Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň medeniýetiniň we sungatynyň gülläp ösýändiginiň, milli ruhy mirasymyzy dünýäde giňden wagyz etmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Aýgözel NURLYÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy.