Me­de­ni­ýet —bag­ty­ýar dur­mu­şyň bin­ýa­dy

23 Iýun 2021
1185

Türkmen medeniýeti. Bu sözde halkymyzyň millet hökmünde ýaşaýyş gözbaşyndan gaýdyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne çenli gelip ýeten ruhy gymmatlyklary ýatyr. Ol gymmatlyklar birtaraplaýyn bolman, eýsem halkyň durmuşynyň ähli tarapyny öz içine alýar. Milli medeniýetde halkyň ýol-ýörelgesi, ruhy dünýäsi, şöhratly taryhy, gadymy gymmatlyklary özboluşly şöhlelenýär. Medeniýetiň ösen ýerinde milletiň döredijilik ukyby-da artýar. Onuň ösdürilmegi sungatyň ähli ugurlaryny kämilleşdirmäge, edebiýaty döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Medeniýet — halkyň köpasyrlyk geçmişiniň beýany. Medeniýet halklary ýakynlaşdyrýar, jebisleşdirýär. Islendik halkyň Ýer ýüzündäki orny, at-abraýy onuň medeniýeti bilen ölçelýär. Medeniýetiň üsti bilen halkyň parahatsöýüjilik taglymaty, edermenligi, batyrlygy, ýürek owazy, göwün maksady ýüze çykýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda medeniýet ulgamy, ol babatda alnyp barylýan işler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hemişe üns merkezinde saklanylýar. Medeniýeti ösdürmäge döwlet tarapyndan uly serişdeler goýberilýär.

Aýjemal BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ýolbaşçysynyň orunbasary.