Ynsan kalbynyň öçmejek nury

23 Iýun 2021
1832

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň we sungatymyzyň ösmegi barada taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan döwletli tutumlar il-günümiziň bagtyýar şu gününe, eşretli geljegine gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň hatary uzap, dabarasy dünýä ýaň salýar. Munuň şeýledigine türkmen halkynyň göz-guwanjy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmegem şaýatlyk edýär.

Bu gün akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan bagtyýar zamanasy geldi. Bu gün türkmen halky güneşli Diýarynda erkana, bagtyýar ýaşaýar. Türkmen halkyny agzybirlige, halallyga, gaýratlylyga, ertirki gowy günlere ynamly bolmaga çagyran Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganatydyr, şamçyragydyr, ynsanperwer ýaşaýşa bolan berk ynamydyr. Şahyr her bir türkmeniň kalbynda belent adamkärçilige, ruhubelentlige we watansöýüjilige berk ynam döredýär.