Türkmenabat myhmanlary garşylady

22 Iýun 2021
948

Ynha-da, 22-nji iýun. Ýylyň iň uzyn gündizi hem-de Medeniýet hepdeligi — 2021-e badalga beriljek gün. Şu gün berkarar Diýarymyzda asylly däbe öwrülen bu hepdelik Lebap welaýatynda ikinji gezek düşleýär. Jeýhun ýakasyndaky sebitiň merkezi hepdeligiň myhmanlaryny garşylap başlady.

Hawa, düýn Türkmenabada gelen uçarlaryň hem, otlularyň hem esasy ýolagçylary Medeniýet hepdelige gatnaşjak myhmanlar boldy. Her ýylda bolşy ýaly, bu baýram tutuş il-ulus bolup bellenilýär. Şeýle bolansoň, Lebap welaýatyna ýurdumyzyň ähli sebitlerinden medeniýet we sungat işgärleriniň uly toplumy geldi.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).