Daşary ýurtly türkmen aýdymçylarynyň ýürek buýsançlary

22 Iýun 2021
1170

Kemaleddin MUHANOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň
«Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň
ýeňijisi, özbegistanly türkmen:

— Haýsy döwletde medeniýete, sungata aýratyn üns berilýän bolsa, şol döwletiň ykdysady ýagdaýy gurpludyr, halky bagtyýardyr. Biz muny taryhy ata Watanymyzyň mysalynda göre-göre gelýäris. Elbetde, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösüşini, owadan owaz bolup dünýä ýaýraýşyny şahyr ýürekli milli Liderimiz, dünýä türkmenleriniň Arkadagy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ugra berýän ägirt uly ünsünden, milli medeniýetimizi giň halkara jemgyýetçiligine ýaýmak ugrundaky buýsandyryjy işlerinden üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew», «Türkmen alabaýy», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly onlarça kitaby milletimiziň köpöwüşginli medeniýetini, sungatyny, asyrlaryň dowamynda döreden hem-de kämil görnüşe ýetiren taýsyz gymmatlyklaryny Zemin halklaryna wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir.

«Türkmen dünýäsi».