Bagtyýarlyk döwrüniň belent waspy

22 Iýun 2021
949

Eziz Diýarymyzda her bir gün, her bir aý şanly toý-baýramlara, joşgunly zähmet üstünliklerine beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleriniň netijesinde türkmen halky bagtyýarlygyň hözirini görüp ýaşaýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşýan döredijilik wekilleriniň, ýagny ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, sahna ussatlarynyň kämil eserlerinde hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent waspy beýan edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilip, merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işler barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak, senagat-önümçilik toplumlaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, zawod-fabrikleri gurmak, täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, döwletimiz tarapyndan köp möçberli maýa goýumlary gönükdirilýär. Bularyň ählisi «Döwlet adam üçindir!» diýen baş syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr» diýip belleýär.

«Mugallymlar gazeti».