Serpik agöýlän açylýar

23 Iýun 2021
1476

Poladyň ussahanasyna ilkinji gezek baranymda, «Beh, bu ýer wagtal-wagtal gelip durmaly ýer oguşýa» diýenimi duýman galypdyryn. Geçen gezek baranymda, Lebap welaýatynda gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň içki bezegine degişli iş bilen meşguldyklaryny aýdypdy. Onuň ussahanasyna barýanlygymyň sebäbi-de şoldy. Türkmeniň ak öýi! Howasy ýylyň dört paslynda-da ýaz ýakymly, oturanyňda rahat, göç-gonda söküp-düzmesi, gurmasy ýeňil ak öýler! Näçe ýaşasaň-da, «Ýaşap bildik-le» diýip gidiläýmeýän dünýä ýaly, içine girseň çykasyň gelmeýän ak öýüň howasynyň özi nämä degenok?! Açyk asmanyň astynda ýalysyň, ýöne ezilmersiň, ýalazy ýerde ýalysyň, emma seniň üçin ýel-guz ýokdur. Guşluk uçurlary serpigi ýaparlar weli, içeri Gün ýagtysy düşmez, garaňkyrar. Gözenege tutulan gamşa sepilen suwdan soň, öýüň içine aralaşan seleňlik daşarda tomsuň tebit alýan howasy bardyr öýtdürmez. Gyşyň aýazynyň ojakda belentden gallanan odunyň ýylysyna ýüzi aňrydyr. Öýden örýänlere rahat, myhmana giňden açyk gapyly şol öýlerde bir gün duz dadylyp, müň gün salama barlyp, beýle garynja gatnawy ýeneki agzybirligiň, jebisligiň ýolundaky gatnaw eken. Adam adama delalatly, öý öýe hemaýatly bolupdyr. Agzybirlikde goňşy otur, golaý otur bolşup, syrgyn kürene öwrülipdir. Ata-babalaryň bu agzybirlik ýoly türkmeni şeýde-şeýde, «Küren tutar gözel ili türkmeniň» derejesine ýetiripdir. Döwletliligiň iňňän uzak taryhy ýolunda türkmeniň gündelik durmuşynyň zeruryýetligi bolan ak öýleriniň gadyr-gymmaty has ýokarydyr. Welaýatlaryň hersinde gurlan-u-gurulýan «Türkmeniň ak öýi» binalary şunuň tassyklanmasydyr.

* * *

Gurbanmämmet ÝEGENMYRADOW.
«Türkmenistan».