"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

•Günden goranmak üçin kelläňize ýeňiljek başgap geýiň, ýaglyk atynyň ýa-da saýawan göteriň. •Yssy howada ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli.

Iýmit zäherlenmesinden ägä boluň!

Tomusda önümler öý şertlerinde gaplananda, gaplanyş usulynyň düzgünleri berjaý edilmese, agyr iýmit zäherlenmesine — botulizme sezewar bolunmagy mümkindir. Botulizmi döredýän mikroblar kislorodsyz howada köpelýärler. Bu bolsa olaryň öý şertlerinde gaplanýan gök önümlerde döremegine we köpelmegine şert bolup durýar. Öý şertlerinde nädogry gaplanan hyýar, badamjan garyndysy, burç, marinada ýatyrylan badamjan, duzlanan, kakadylan balyk önümleri has hem howpludyr.

Günüň ýiti şöhlesinden goranyň!

Günüň şöhlesi, arassa howa ynsan saglygyna örän peýdaly bolup, ol ýerlikli peýdalanylanda, «D» witaminiň işlenip çykmagyna oňaýly täsir edýär we bedeniň kesellere garşy göreşmek ukybyny pugtalandyrýar. Ýöne, Gün şöhlesiniň aşagynda uzak wagtlap durulmagy, gezilmegi, işlenilmegi bedende dürli bozulmalaryň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Gün uranda adamlaryň deri örtügi gyzaryp guraksylanýar we ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, aýaklarda agyry, ýüregiň çalt urmasy, essi aýylyp, huşuny ýitirmek ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle-de, ejir çekeniň bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar. Şu pursatda jebir çekene öz wagtynda kömek berilmese, onuň ýagdaýynyň agyrlaşmagy mümkindir.

Jana lezzetli içgiler

Lukmanlar yssy günlerde adamyň günüň dowamynda ýeterlik arassa agyz suwuny içmelidigini aýdýarlar. Ýönekeý suwdan başga-da, adam saglygyna peýdaly içgiler bar.

Saglygym — baýlygym

Häzirki yssy günlerde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin, daşary çykylanda başyň açyk gezmeli däl. Eger uzak ýola gitmeli bolsa, ýanyňyz bilen içimlik suw we saýawan almagy unutmaň. Ýeňil, rahat, arassa nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmeli. Ýüregagyryly, süýjükeselli şeýle-de gipertoniýa keselli (gan basyşy kadaly bolmadyk) adamlara, ýaş çagaly zenanlara Gün şöhlesiniň ýitileşýän çagynda, ýagny 11.00-dan 18.00-a çenli aralykda daşaryk çykmak maslahat berilmeýär.

Garpyz

Türkmen topragynda ýylyň-ýylyna lezzetli tagamy hem-de melhemlik häsiýeti bilen tapawutlanýan miwedir bakja ekinleriniň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Tomus möwsüminde teşneligiňi gandyrýan gawundyr garpyz saçaklarymyzyň bezegidir, göwünleriň küýsegidir. Tomsuň häzirki günlerinde garpyzyň gündelik iýmit sanawyna goşulmagy saglyk üçin juda peýdalydyr. Içi köz ýaly garpyzdan mürepbe, toşap, kemput, buzgaýmak ýaly dürli tagamlar, datly içgiler taýýarlanylýar. Adamyň beden agzalarynyň kadaly hereket etmegi üçin suw gerek. Garpyzyň bolsa, 90 göterimi suwdan ybarat bolansoň, ol bedeniň suw bilen üpjünçiligini kadada saklaýar, ýeňil siňýär, aşgazanyň işini ýeňilleşdirýär. Ol berhiz saklaýanlar üçin-de gymmatly önümdir. Garpyzyň gyzyl reňki düzüminde antioksidantlardan bolan likopiniň köp mukdaryny saklaýandygy üçindir.

Temmäkiniñ zyýanly täsirleriniñ öňüni almak

XIX asyryň ahyrlaryndan başlap, dünýäde temmäki bilen baglylykda döreýän keselleriň görnüşiniň artmagy saglygy goraýyş işgärleriniň ünsüni özüne çekipdir we olar onuň düzümini içgin öwrenmäge başlapdyrlar. Şeýlelikde, temmäkiniň düzüminde köp sanly zäherli maddalaryň bardygy anyklanypdyr. Çilim çekýän adam temmäkiniň tüssesi bilen birlikde nikotiniň, sinol turşusynyň, ugar we kömürturşy gazynyň, myşýagyň, benzpiriniň, poloniý ýaly radioaktiw elementleriň kirşenini öz içine dartýar. Çilim çekilende, bu maddalaryň 25 göterimi ýanýar, 50 göterimi tüsse görnüşinde daş-töwerege ýaýraýar, 5 göterimi çilimiň galyndysynda galýar, 20 göterimi öýkeniň üsti bilen adam bedenine düşýär we ony zäherleýär. Çilimdäki nikotin maddasy adamyň saglygy üçin howpludyr.

«Saglygyň gadyryny bilgil»

— Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. — Lukmanyň bellän bejergisini we berhiz saçaklaryny dogry berjaý etmeli. Gan basyşyny gözegçilikde saklamaly.

Nesil saglygynyň goragynda

Her ýylyň awgust aýynyň birinji hepdesinde ýurdumyzda hem Bütindünýä ene süýdi hepdeligi geçirilýär. Hepdeligiň maksady eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakdan ybaratdyr. Çünki ene süýdi bilen çagany iýmitlendirmek diňe bir çaga üçin däl, eýsem, enelere hem peýdalydyr. Hepdeligiň dowamynda biziň merkezimizde bu ugurdan maslahatlar, lukmanlar we şepagat uýalary bilen okuw sapaklary, şeýle-de ýaş eneler bilen wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Şunda enelere çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň möhüm ähmiýeti, onuň çaga berýän ummasyz peýdalary dogrusynda maslahatlarymyzy yzygiderli berip durýarys. Ýeri gelende belläp geçsek, 2003-nji ýylda merkezimiz «Çaga mähirli gatnaşykly hassahana» adyna hem mynasyp bolupdy. Biz raýatlara hemişe eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak, bäbekleri ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň düzgünleri boýunça maslahat berip durýarys.

Gymmatly hem ýokumly

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň başlangyjy bilen her ýylyň awgust aýynyň ilkinji hepdesinde Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi geçirilýär. 1990-njy ýyldan bäri dünýäniň 170-den gowrak döwletinde bellenilýän bu çäräniň esasy maksady çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýetini düşündirmekden we ony goldamakdan ybaratdyr. Ene süýdi çaga üçin iň esasy ýokumly iýmitdir. Ol içgeçmeden, gulak, dem alyş ýollarynyň kesellerinden we gaýry näsazlyklardan goramaga, çaganyň immunitetini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Owuz süýdi kesellerden goraýan antitelalara örän baýdyr. Ol bäbejikleriň beýnisiniň ösüşine ýardam berýär, ýokanç kesellerden goraýar, allergiýanyň, semizligiň öňüni alýar. Ene süýdüniň düzüminde çaganyň sagdyn ösmegi üçin zerur bolan ýokumly maddalaryň ählisi bardyr. Ol körpejäniň iýmite bolan talaplaryny doly kanagatlandyrýar. Çaganyň bedeninde ýeňil özleşýär. Hut şonuň üçin-de, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 6 aýa çenli, soňra hem goşmaça iýmitler bilen birlikde, azyndan 2 ýaşaýança, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýär. Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek ene üçin hem örän peýdaly. Ol enede süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmak töwekgelçiligini azaldýar. Enäniň saglygyny berkidýär, ganazlygyň döremeginiň öňüni alýar. Ol ene bilen çaganyň arasynda özara ýakyn, mähirli gatnaşyklaryň döreme

Yssy howada özüňizi goraň!

Şu günler howanyň aşa gyzmagy saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagy talap edýär ■ Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde Gün urma hadysalarynyň, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator-ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýniň!

Melhemler mesgeni — “Arçman”

Gojaman Köpetdagyň eteginiň gözel we täsin ýerindäki «Arçman» şypahanasy ýurdumyzyň çäginden daşarda-da giňden meşhurdyr. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň adybir şäherçesinde ýerleşýän şypahana bir asyrdan gowrak wagt bäri adamlara hyzmat edip gelýär. Şeýle-de bolsa, onuň täze taryhy Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady we durmuşa geçirýän beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Geçen ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, gürrüňi edilýän şypahana döwrebaplaşdyrylyp, onuň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen täze binasy guruldy. Has takygy, bu ýerde 420 orunlyk täze merkez bina edildi. Ozaldan hereket edýän bäş gatly binalaryň ikisiniň durky täzelendi. Bu bolsa şypahanadaky hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de oňa gelýänleriň sanynyň artmagyna getirdi. Häzirki wagtda şypahanada birbada 920 adamyň dynç alyp, saglygyny berkitmegi üçin ýokary amatlyklar bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabyny okap, bu hakykata buýsanç bilen göz ýetirip bolýar. Gymmatly eseriň «Hakydada orun alan pursatlar» diýlip atlandyrylan bölümindäki «Arçman» şypahanasy baradaky ýatlamalarda onuň geçen taryhy ýoly, şu güni we geljegi dogrusynda söhbet açylýar. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda: «Arçman» bilen bagly rowaýatlar, onuň taryhy baradaky täsirli gürrüňler köp. Onuň s

Şadyýan çagalygyň bagtyýar pursatlary

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Türkmenpolat we enjamlar » döwlet lomaý- bölek söwda firmasynyň «Ýaşlyk » çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry gyzgalaňly dowam edýär. Tomsuň sapaly günlerinde sergin dag howaly jülge gözelligi — çagalaryň göwnüni göterýän ýerleriň biri. Häzirki wagtda — tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde şöhlezar gözleri bagtdan balkyldap duran çagalaryň ýüzlerçesi Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýarlar. Tomusky dynç alyş möwsüminiň üçünji tapgyry hem beýleki tapgyrlar bilen bir hatarda çagalaryň dünýäsinde ýatdan çykmajak wakalara baý bolýar. Şeýle wakalary özünde jemleýän «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde-de tomusky başdan geçirmeleriň üçünji tapgyry dowam edýär.

Günüň ýiti şöhlesinden goranmak

Gün urma diýlip, Gün şöhlesiniň adama bolan ýiti täsirine aýdylýar. Gün şöhleleri kelläniň beýnisine täsir edýär. Gün urma beýniň düzümine infragyzyl Gün şöhläniň täsir etmegi bilen ýüze çykýar. Ýagtylyk adamyň bedenine çuň aralaşansoň beýni dokumasy gyzarýar.

Reproduktiw ýaşdaky aýallaryň ýumurtgalyklarynyň patologiýalarynyň ýygylygy

Häzirki zaman ginekologiýasynyň iň derwaýys meseleleriniň biri, ýumurtgalyklaryň howply täze döremelerden öňki ýagdaýlary we howply däl täze döremelerini reproduktiw ýaşyndaky aýallarda öz wagtynda anyklamakdyr [2]. Keseliň başlangyç döwürlerinde alamatsyz geçýändigini we doly anyklaýyş algoritimleriniň ýoklugyny göz öňünde tutsak, köplenç, bu patologik ýagdaýlar irki döwürde ýüze çykarylmaýar we bejergi agza aýyrmak operasiýalary arkaly amala aşyrylýar, bu bolsa diňe bir lukmançylyk meselesi bolman, eýsem, sosial ähmiýetli mesele bolup durýar [4, 5, 8, 11]. Häzirki wagtda ginekologik keselleriň düzüminde reproduktiw bozulmalaryň öňüni almak we azaltmak maksady bilen alymlar tarapyndan iň amatly usullaryň işlenip düzülmegi işjeň alnyp barylýar [3, 7]. Ýumurtgalyklaryň täze döremeleriniň morfologiki alamatlarynyň giň gerimini we bu patologiýanyň, köplenç, oňaýsyz netijeliligini göz öňünde tutup, kesel kesgitlemesini irki döwürlerde takyklamak, bolaýjak gaýra üzülmeleriň töwekgelçiligini we keseliň geçişiniň dinamikasyny çaklamak zerurlygy möhüm mesele bolup galýar. Ýumurtgalyklaryň keselleriniň ýygylygy we giňden ýaýranlygy häzirki zaman lukmançylygynyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Ýumurtgalyklaryň täze döremeleri özleriniň morfologiki gurluşy we gistogenezi boýunça köpdürli bolýarlar, bu bolsa olaryň soňky kiliniki akymyny we bolaýjak netijelerini kesgitleýär [9, 14].

Sportuň görnüşine baglylykda türgenleriň ýürek gan-damar ulgamynyň funksional ýagdaýy

Häzirki döwürde ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak we ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygyny uzaltmak bilen bir hatarda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan saglyk syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şonuň üçin ýokary derejeli sport üstünlikleri gazanmak maksatly türgenleri taýýarlamagyň hiline ylmy taýdan çemeleşme meselesine sport fiziologiýasynda we sport lukmançylygynda uly üns berilýär. Türgenleşme hadysasyna türgen bedeninde döreýän uýgunlaşma jogaby sport ussatlygynyň gazanylmagyna we onuň kämilleşmegine ýardam berýär [7]. Fiziki ýüklenmelere garşy döreýän hem-de sportuň dürli görnüşlerinde öz fiziologiki gymmatlylygy we netijeliligi bilen tapawutlanýan uýgunlaşmagyň umumy strategiýasy bedeniň uýgunlaşma jogabyna gatnaşýan ulgamlaryň funksional ýagdaýyna, olaryň çylşyrymlylygyna we ösüş derejesine baglylykda emele gelýär [3].

Göwreliligiň dowamynda zenanlaryň iýmitlenme statusy bilen bedeniniň uýgunlaşma mümkinçilikleriniň arabaglanyşygy

Göwrelilik – zenan bedeninde bolup geçýän hem-de göwredäki çaganyň kadaly ösmegini we dünýä inmegini üpjün edýän kadaly fiziologiki hadysadyr. Göwrelilik döwründe birnäçe ýüze çykýan özgermeler enäniň we göwredäki ösüp barýan çaganyň arasynda sazlaşykly arabaglanyşygy döretmäge gönükdirilendir, bu fiziologiki özgermeleriň derejesi bolsa, göwreliligiň möhletine we göwredäki çaganyň agramyna bagly bolup durýar [1, 6]. Bu uýgunlaşma häsiýetli üýtgemeler düwünçegiň ösmegine we kämilleşmegine has amatly şertleri döredip, zenan bedeniniň göwrelilige kadaly uýgunlaşýandygyny şöhlelendirýär [2, 5, 7]. Belli bolşy ýaly, esasy iýmit maddalar boýunça sazlaşdyrylan rejeli iýmitlenme adam bedeniniň uýgunlaşma mümkinçiliklerini üpjün edýän esasy faktorlaryň biri bolup çykyş edýär [12]. Şonuň üçin göwreli zenanlaryň iýmitlenme statusyna baglylykda, bedeniň funksional ýagdaýynyň öwrenilmegi alymlar tarapyndan uly gyzyklanma döredýär [9, 10]. Muňa garamazdan, ylmy edebiýatda dürli (ýokumlygy pes, adaty, ýokary) iýmitleniş tertibindäki göwreli zenanlaryň bedeniniň uýgunlaşma we ätiýaçlyk mümkinçiliklerine täsir edýän alimentar faktorlaryna bagyşlanan makalalar tapylmady. Bu ylmy gözlegleriň Türkmenistanda hem geçirilmändigi ylmy işiň alnyp barylmagyna ýardam berdi.

Keratitiň bejergisinde bandaž linzasy bilen plazmanyň utgaşdyrylyp ulanylmagynda gözüň buýnuz bardasynyň epiteliýasynyň regenerasiýasyna baha bermek

Göz almasynyň buýnuz bardasynyň keselleri görşüň peselmegine, körlüge, gözüň heläk bolmagyna eltýän sebäpleriň iň ähmiýetlileriniň biri bolmagynda galýar. Näsaglaryň 25-den 75%-e çenlisinde gözüň buýnuz bardasynyň keselleri görşüň peselmegi, käbir ýagdaýlarda bolsa doly körlük bilen gaýra üzülýär [2]. Buýnuz bardanyň bütewiliginiň we durulygynyň bozulmagyna eltýän etiopatogenetik faktorlar örän köp görnüşli bolup bilýärler: gaýnaglama keselleri, gözüň şikesleri, distrofiki üýtgemeler we olaryň gaýra üzülmeleri, dürli derejedäki waskulýarizasiýa, perforasiýa hadysalary. Geçirilýän bejerginiň kynçylyklary we köplenç, bejerginiň netijesiz bolmagy gözüň buýnuz bardasyna dürli faktorlaryň täsirinde onuň regenerasiýasy bilen bagly meseläniň wajyplygyny şertlendirýär. Buýnuz bardanyň bütewiliginiň dikelmeginde onuň öňki epiteliý gatlagy wajyp orunlaryň birini eýeleýär. Buýnuz bardanyň reparatiw hadysasynyň dowamynda öňki epiteliýanyň morfofunksional üýtgemeleri baradaky maglumatlaryň ýeterlikli däldigi, patogenetiki esaslandyrylan bejergi usullaryň işlenip taýýarlanylmazlygy öňki epiteliýanyň regenerasiýadaky ähmiýetiniň öwrenilmeginiň zerurlygyny esaslandyrýar.

Antiaterogen bejerginiň täsirlilik indeksi

Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda ateroskleroz we onuň bilen baglanyşykly keseller maýyplygyň we ýokary ölümçiligiň esasy sebäbi bolup durýar [2]. Bilermenleriň pikiriçe, ýüze çykýan bu amatsyz ýagdaý aterosklerozyň töwekgelçilik faktorlarynyň ýaýramagynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly bolup, olaryň arasynda öňdebaryjy orny dislipidemiýa eýeleýär [5]. Dislipidemiýanyň esasy patofiziologik ornunyň endotelini proaterogen badalgalamak we onuň disfunksional ýagdaýyny ýüze çykarmak bilen baglydygy mälimdir [7]. Netijede, beýleki wazotoksiki komponentler bilen sinergiýada endoteliýiň zeperlenmegi ateroskleroz hadysasynyň ösmegine goşant goşýar [9]. Lukmançylyk amalyýetinde ulanylýan we kadada 3,4 şertli birlige (ş.b.) deň bolan HS PDLP/HS ÝDLP, şeýle hem 3,8 ş.b. deň bolan UHS/HS ÝDLP gatnaşyklary häsiýetlendirýän koeffisiýentler koronar aterosklerozyň çäklerinde lipidemiýany ýüze çykarman hem biler [1, 6]. Munuň sebäbi ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK) bolan näsaglaryň köpüsinde diňe bir umumy holesteriniň (UHS) we pes dykyzlykly lipoproteinleriň (PDLP) derejesiniň däl, eýsem, ýokary dykyzlykly lipoproteinleriň (ÝDLP) konsentrasiýasynyň hem ep-esli ýokarlanýandygy bilen baglanyşyklydyr [3]. Bu ýagdaý aterosklerotik hadysanyň ösüşine we oňa täsir edýän faktorlara, esasan, olara başlangyç döwürde baha bermek üçin düýpgöter täze görkezijileri işläp düzmegiň zerurdygyny görkezýär.

Başlangyç ilkinji keratoektaziýalarda fotorefraksion keratektomiýa bilen korneal kollagen krosslinkingiň netijeliligi

Keratokonusyň (KK) we duş gelşi boýunça ikinji ýerde durýan keratoektaziýanyň görnüşi bolan pellýusid marginal degenerasiýanyň (PMD) irki anyklanyşy we bejergisi oftalmologiýada möhüm mesele bolup, onuň, esasan, ýetginjeklerde we ýaş, işe ukyply adamlarda agdyklyk edýändigi, köplenç, körlüge, görüş boýunça maýyplyga sebäp bolýandygy bilen şertlenýär [1, 6, 8]. Häzirki wagtda bu patologiýalary bejermekde täze korneal kollagen krosslinking (KKL) usuly girizildi [2, 12, 13]. Dürli görnüşli keratoektaziýalaryň patogenetik bejergisi hökmünde ykrar edilen KKL usulynda stromal süýümleriň fotopolimerazasiýasy kesgitli uzynlykly ultramelewşe şöhläniň we 0,1% riboflawiniň täsiri bilen ýerine ýetirilýär [9]. Netijede, ektaziýaly buýnuz perdäniň biohimiki taýdan berkligi, emele gelýän kowalent arabaglanyşygyň esasynda kollagen süýümleriniň çekilmeginiň we buýnuz perdäniň gatlaklarynyň dykyzlanmagynyň hasabyna güýçlenýär [10]. Soňky ýyllarda KKL bilen birlikde birnäçe korreksiýa usullaryny utgaşdyryp geçirmeklik hödürlenýär [3-5]. KKL ametropiýada az täsirli bolýar. Şol sebäpli ametropiýa introstromal halka goýmak, introokulýar linzalary oturtmak we fotorefraksion keratektomiýa (FRK) emelini geçirmek arkaly korreksiýa edilýär [5, 7]. Şolaryň arasynda az şikesli, howpsuz, emelden soňky refraksiýanyň netijesini çaklamaga mümkinçiligi ýokary bolan FRK bilen KKL usullarynyň utgaşdyrylyp ulanyl