Gymmatly hem ýokumly

1 Awgust 2023
476

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň başlangyjy bilen her ýylyň awgust aýynyň ilkinji hepdesinde Ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň bütindünýä hepdeligi geçirilýär. 1990-njy ýyldan bäri dünýäniň 170-den gowrak döwletinde bellenilýän bu çäräniň esasy maksady çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ähmiýetini düşündirmekden we ony goldamakdan ybaratdyr.

Ene süýdi çaga üçin iň esasy ýokumly iýmitdir. Ol içgeçmeden, gulak, dem alyş ýollarynyň kesellerinden we gaýry näsazlyklardan goramaga, çaganyň immunitetini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Owuz süýdi kesellerden goraýan antitelalara örän baýdyr. Ol bäbejikleriň beýnisiniň ösüşine ýardam berýär, ýokanç kesellerden goraýar, allergiýanyň, semizligiň öňüni alýar. Ene süýdüniň düzüminde çaganyň sagdyn ösmegi üçin zerur bolan ýokumly maddalaryň ählisi bardyr. Ol körpejäniň iýmite bolan talaplaryny doly kanagatlandyrýar. Çaganyň bedeninde ýeňil özleşýär. Hut şonuň üçin-de, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy 6 aýa çenli, soňra hem goşmaça iýmitler bilen birlikde, azyndan 2 ýaşaýança, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmegi maslahat berýär. Çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek ene üçin hem örän peýdaly. Ol enede süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmak töwekgelçiligini azaldýar. Enäniň saglygyny berkidýär, ganazlygyň döremeginiň öňüni alýar. Ol ene bilen çaganyň arasynda özara ýakyn, mähirli gatnaşyklaryň döremegine ýardam edýär. Ene süýdi bilen iýmitlenýän çaga az keselleýär, kesellän ýagdaýynda-da tiz gutulýar, ir gürläp başlaýar.

Ogulbibi HOJANAZAROWA,
Saglygy goraýyş-anyklaýyş merkeziniň lukmany.