Melhemler mesgeni — “Arçman”

31 Iýul 2023
403

Gojaman Köpetdagyň eteginiň gözel we täsin ýerindäki «Arçman» şypahanasy ýurdumyzyň çäginden daşarda-da giňden meşhurdyr. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň adybir şäherçesinde ýerleşýän şypahana bir asyrdan gowrak wagt bäri adamlara hyzmat edip gelýär. Şeýle-de bolsa, onuň täze taryhy Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady we durmuşa geçirýän beýik işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Geçen ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, gürrüňi edilýän şypahana döwrebaplaşdyrylyp, onuň iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen täze binasy guruldy. Has takygy, bu ýerde 420 orunlyk täze merkez bina edildi. Ozaldan hereket edýän bäş gatly binalaryň ikisiniň durky täzelendi. Bu bolsa şypahanadaky hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna hem-de oňa gelýänleriň sanynyň artmagyna getirdi. Häzirki wagtda şypahanada birbada 920 adamyň dynç alyp, saglygyny berkitmegi üçin ýokary amatlyklar bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly täze kitabyny okap, bu hakykata buýsanç bilen göz ýetirip bolýar. Gymmatly eseriň «Hakydada orun alan pursatlar» diýlip atlandyrylan bölümindäki «Arçman» şypahanasy baradaky ýatlamalarda onuň geçen taryhy ýoly, şu güni we geljegi dogrusynda söhbet açylýar. Gahryman Arkadagymyz täze kitabynda: «Arçman» bilen bagly rowaýatlar, onuň taryhy baradaky täsirli gürrüňler köp. Onuň suwunyň şypa berijilik, kesel bejerijilik häsiýeti, tebigatynyň özboluşly aýratynlygy, ýerleşen ýeri ir döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelýär» diýip bellemek bilen, bu künjegiň suwunyň bejerijilik häsiýeti hakda gyzykly maglumatlary, il içinde saklanyp galan rowaýatlary beýan edýär.

Aýdo ŞEKEROW.
«Türkmenistan».