Antiaterogen bejerginiň täsirlilik indeksi

29 Iýul 2023
735

Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda ateroskleroz we onuň bilen baglanyşykly keseller maýyplygyň we ýokary ölümçiligiň esasy sebäbi bolup durýar [2]. Bilermenleriň pikiriçe, ýüze çykýan bu amatsyz ýagdaý aterosklerozyň töwekgelçilik faktorlarynyň ýaýramagynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly bolup, olaryň arasynda öňdebaryjy orny dislipidemiýa eýeleýär [5]. Dislipidemiýanyň esasy patofiziologik ornunyň endotelini proaterogen badalgalamak we onuň disfunksional ýagdaýyny ýüze çykarmak bilen baglydygy mälimdir [7]. Netijede, beýleki wazotoksiki komponentler bilen sinergiýada endoteliýiň zeperlenmegi ateroskleroz hadysasynyň ösmegine goşant goşýar [9].

Lukmançylyk amalyýetinde ulanylýan we kadada 3,4 şertli birlige (ş.b.) deň bolan HS PDLP/HS ÝDLP, şeýle hem 3,8 ş.b. deň bolan UHS/HS ÝDLP gatnaşyklary häsiýetlendirýän koeffisiýentler koronar aterosklerozyň çäklerinde lipidemiýany ýüze çykarman hem biler [1, 6]. Munuň sebäbi ýüregiň işemiýa keseli (ÝIK) bolan näsaglaryň köpüsinde diňe bir umumy holesteriniň (UHS) we pes dykyzlykly lipoproteinleriň (PDLP) derejesiniň däl, eýsem, ýokary dykyzlykly lipoproteinleriň (ÝDLP) konsentrasiýasynyň hem ep-esli ýokarlanýandygy bilen baglanyşyklydyr [3]. Bu ýagdaý aterosklerotik hadysanyň ösüşine we oňa täsir edýän faktorlara, esasan, olara başlangyç döwürde baha bermek üçin düýpgöter täze görkezijileri işläp düzmegiň zerurdygyny görkezýär.

Aýbölek TÄÇMUHAMMEDOWA, Annamyrat ALLABERDIÝEW, Aman GELDIÝEW, Şemşat AMANDURDYÝEWA
M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýasy kafedrasy, Halkara okuw-ylmy merkezi