Temmäkiniñ zyýanly täsirleriniñ öňüni almak

1 Awgust 2023
369

XIX asyryň ahyrlaryndan başlap, dünýäde temmäki bilen baglylykda döreýän keselleriň görnüşiniň artmagy saglygy goraýyş işgärleriniň ünsüni özüne çekipdir we olar onuň düzümini içgin öwrenmäge başlapdyrlar. Şeýlelikde, temmäkiniň düzüminde köp sanly zäherli maddalaryň bardygy anyklanypdyr.

Çilim çekýän adam temmäkiniň tüssesi bilen birlikde nikotiniň, sinol turşusynyň, ugar we kömürturşy gazynyň, myşýagyň, benzpiriniň, poloniý ýaly radioaktiw elementleriň kirşenini öz içine dartýar. Çilim çekilende, bu maddalaryň 25 göterimi ýanýar, 50 göterimi tüsse görnüşinde daş-töwerege ýaýraýar, 5 göterimi çilimiň galyndysynda galýar, 20 göterimi öýkeniň üsti bilen adam bedenine düşýär we ony zäherleýär. Çilimdäki nikotin maddasy adamyň saglygy üçin howpludyr.

Patma KADYROWA,
Aşgabat şäheriniň 2-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.